Zenanlaryň reproduktiw saglyga bolan hukugyny giňeltmek
07 noýabr 2017
- Türkmenistanyň Hökümeti reproduktiw saglygy bilen baglanyşykly harytlara bolan umumy hukugy üpjün etmek boýunça döwlet we hususy utgaşykly komiteti döretmek barada ylalaşyga gol çekdi we ony tassyklady.
Hökümet bilen hususy sektoryň arasyndaky täze hyzmatdaşlyk zenanlaryň reproduktiw saglygy hyzmatlaryna bolan hukuklary babatda kemçilikleri azaltmaga ýardam berer we olaryň reproduktiw hukuklaryndan peýdalanmaga bolan mümkinçiliklerini artdyrar.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň çykaran buýrugyna laýyklykda, Döwlet we hususy derman senagatynyň, reproduktiw saglygy boýunça merkezleriň we otaglaryň reproduktiw saglygy bilen baglanyşykly harytlar bilen üpjünçiligini kepillendirmek boýunça täze Utgaşdyryjy komitetiň döredilmegi 2017-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň wagyz ediş duşuşygynyň netijesidir. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň ýurtdaky goldawynyň çäginde, Hökümetiň we hususy sektoryň 20-den gowrak wekili zenanlaryň reproduktiw saglygy boýunça hyzmatlara, şol sanda kontraseptiw serişdelere bolan hukugyny kämilleşdirmek ugrunda bilelikde işlemek boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandy.
BMG-niň Ilat gaznasy ýigrimi ýylyň dowamynda Türkmenistanda kontraseptiw serişdeleri üpjün etdi, şu ýyl Türkmenistanyň Hökümeti ýurduň derejesiniň orta girdejili ýurtdan ýokary geçendigini nazara alyp, kontraseptiw serişdeleri satyn almak boýunça doly maliýe jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Hökümet ejiz ilatyň zerurlyklaryny kanagatlandyrsa-da, kontrasepsiýa serişdelerini ulanmaga isleg bildirýän zenanlaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak boýunça kemçilikleri aradan aýyrmagyň zerurlygy bar. Bu ýerde hususy sektoryň orny uly. Täze döredilen Utgaşdyryjy komitet, esasan, ejiz ilatyň arasynda reproduktiw saglygy üpjün etmek üçin zerur bolan häzirki zaman kontraseptiw serişdeleri yzygiderli ýagdaýda üpjün etmekde gyzyklanýan taraplar bilen işi netijeli derejede utgaşdyrar.
“Maşgala edinmegi meýilleşdirmek ýaşaýyşlary halas edýär. Biz Türkmenistandaky reproduktiw ýaşdaky zenanlaryň reproduktiw saglygy hyzmatlaryna bolan hukuklaryny üpjün etmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen strategik hyzmatdaşlygymyzyň durnukly netijelere getirýändigine guwanýarys” diýip, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekiliniň kömekçisi Baýramgül Garabaýewa aýtdy. “Göwreliligiň wagtyny meýilleşdirmek boýunça öz çözgütlerini kabul etmäge bolan hukuklaryndan peýdalanmaga mümkinçiligi üpjün etmegiň üsti bilen zenanlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny giňeltmek olaryň ykdysady taýdan goraglylygyna we garaşsyzlygyna goşant goşmagyň möhüm ugry bolup durýar. Ondan başga-da, bu durnukly ykdysadyýetiň we jemgyýetiň kemala gelmegine hem möhüm goşant goşar.”
Türkmenistanda reproduktiw ýaşdaky zenanlaryň ýarysyna golaýy kontrasepsiýanyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanýar. Zenanlaryň 12 göteriminde bolsa kontrasepsiýanyň häzirki zaman usullaryna bolan kanagatlandyrylmadyk islegi bar, bu bolsa olaryň çaga edinmegi islemese-de ýa-da soň çaga edinmegi islese-de, olaryň kontrasepsiýa serişdeleriniň ýa-da olara bolan mümkinçiligiň ýokdugyny aňladýar.
Soňky üç ýylyň dowamynda BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Türkmenistanda maşgalany döretmegi meýilleşdirmekde “umumy bazar çemeleşmesini” ulanmagyň üsti bilen bu meseleler boýunça hyzmatdaşlyk edip gelýär. Bu bolsa ähli adamlaryň islän ýagdaýda ýokary hilli kontraseptiw serişdelerini saýlamaga, almaga we ulanmaga bolan hukugyny üpjün etmek maksady bilen köpsanly sektorlar, şol sanda hökümet we täjirçilik üpjün edijileri bilen işleşmegi aňladýar.
Utgaşdyryjy komiteti döretmek hakynda buýrukda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň baştutanlygy astynda komitetiň düzümi, esasy gyzyklanýan taraplar we komitetiň wezipeleri kesgitlenýär.
Buýruga laýyklykda, bütin ýurtda ilkibaşda BMG-niň Ilat gaznasy tarapyndan işe girizilen 95 sany milli reproduktiw saglygy goraýyş merkezi saglygy howp astynda bolan ýa-da pes durmuş-ykdysady ýagdaýy bolan zenanlara kontrasepsiýanyň häzirki zaman usullaryny mugt esasda üpjün etmegi dowam eder. Türkmenistanyň Milli reproduktiw saglygy goraýyş merkezine laýyklykda, Türkmenistanda 1,5 million reproduktiw ýaşly zenanlar bar, olaryň 16%-ne golaýy saglygy howp astynda hökmünde hasaba alnan. “Ejiz zenanlary ýüze çykarmak we olary täze döredilen mehanizmiň üsti bilen öz wagtynda kontrasepsiýanyň häzirki zaman usullary bilen üpjün etmek ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny has kämilleşdirmäge ýardam berer” diýip, merkeziň başlygy Akjemal Durdyýewa aýtdy.