Press reliz

Hukuk işgärleri adam söwdasyny duruzmak boýunça täze kanunçylygy öwrenýär

27 mart 2017

  • 40 sany kazydan we prokurordan ybarat bolan topar adam söwdasy boýunça işleri derňemek we kazyýet yzarlamasyny bellemek babatda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy tarapyndan geçirilen okuwlara gatnaşdy.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine 2017-nji ýylda girizilen üýtgeşmeler güýje girenden soň geçirilen okuwyň maksady jenaýat işleri boýunça hukuk işgärleriniň Adamlaryň, esasan hem zenanlaryň we çagalaryň söwdasynyň öňüni almak, onuň soňuna çykmak we oňa jeza görmek boýunça BMG-niň protokolyna laýyklykda, täze kanunçylygy amalyýetde ulanmak üçin bilimleri we başarnyklary kemala getirmekden ybaratdy. 

“Okuwyň dowamynda gatnaşyjylar berilmeli subutnamalary we olary tapmagyň mümkinçilikleri barada öwrendi” diýip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy bilen işleşýän, adam söwdasy boýunça garaşsyz hünärmen Dewid Nýuton belledi. “Ondan başga-da, biz adam söwdasy boýunça işleri alyp barmagyň ýollary, goragyň umumy strategiýalary we olary ulanmagyň ýollary, jeza çykarmak bilen bagly meseleleri we adam söwdasynyň pidalaryna öwezi dolma bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk” diýip, Nýuton aýtdy.   

Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary we kazyýet edaralary bilen maslahatlaryň esasynda, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy jenaýatçylyk işleri boýunça hukuk işgärleri üçin Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça gollanmany işläp düzdi. BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň gurallaryna esaslanan hem-de Türkmenistanyň jenaýat kanunçylygyny şöhlelendirmek maksady bilen üýtgeşme girizilen bu gollanma okuwyň dowamynda barlandy we özara gatnaşykly maslahatlar hem-de toparlaýyn ýumuşlar üçin esas hökmünde ulanyldy.

“Işgärleri taýýarlamak tassyklanan kanunçylygy ulanyp başlamagyň esasynda durýar” diýip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň halkara utgaşdyryjysy Koen Markering belledi. Ol: “Jenaýat kodeksiniň milli ulgamy üçin adam söwdasy bilen baglanyşykly işleri ýüze çykarmaga, olaryň derňewini geçirmäge we olar boýunça jeza çykarmaga zerur bolan tejribäni toplamak üçin wagt we ýörite serişdeler zerur bolýar” diýip aýtdy.  

Okuwyň geçirilmegi bilen baglylykda, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we diplomatik wekillikleriň utgaşykly duşuşygyny gurady. Duşuşygyň barşynda, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy kanunçylygynyň halkara ülňülere laýyk gelýändigi baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Gatnaşyjylar adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň milli maksatnamasyny täzeden gözden geçirmegiň zerurdygyny tassyklady. Ondan başga-da, Adam söwdasyna garşy bütindünýä güni (iýul aýynyň 30-y) bellemek hem-de adam söwdasynyň öňüni almak maksady bilen ilatyň arasynda degişli işleri geçirmek boýunça bilelikdäki hereketleri alyp barmak maslahat berildi.

BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça kazyýet jogapkärçiligini güýçlendirmekde Türkmenistanyň hereketlerini goldaýar, bu hereketler ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Neşe serişdeleri we hukuk goraýjy edaralary boýunça halkara býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär.    

Vepa Rasulov

UNODC
National Programme Officer

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz