Press reliz

BMG-niň 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamasy

03 aprel 2018

  • Netijeler boýunça bäş sany toparyň agzalary 2016-2017-nji ýyllar boýunça netijeler, çözülmedik meseleler, 2018-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalary hem-de Gözegçilik ediş we baha beriş senenamalary hakynda maslahatlary jemledi.   

Netijeler boýunça bäş sany toparyň agzalary 2016-2017-nji ýyllar boýunça netijeler, çözülmedik meseleler, 2018-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalary hem-de Gözegçilik ediş we baha beriş senenamalary hakynda maslahatlary jemledi. Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda 2016-2020-nji ýyllar üçin Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň çäginde döredilen Netijeler boýunça bäş sany toparyň agzalary 2018-nji ýylyň mart aýynyň 13-i bilen aprel aýynyň 3-i aralygynda geçirilen duşuşyklaryň dowamynda 2016-2017-nji ýyllar boýunça netijeler, çözülmedik meseleler, 2018-nji ýyl üçin bilelikdäki iş meýilnamalary hem-de Gözegçilik ediş we baha beriş senenamalary hakynda maslahatlary jemledi.  

Maslahatlaryň dowamynda Netijeler boýunça toparyň agzalary Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini utgaşdyrmagyň, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibine Hökümetiň edýän goldawy möhüm bolan milli hasabatlaryň işlenilip düzülmeginiň möhümligi barada belledi.

Wekiller 2018-nji ýylda gazanylan öňegidişlikler barada hasabat bermek we olara baha bermek üçin nobatdaky duşuşyklary şu ýylyň soňunda geçirmäge ylalaşdy. 2018-nji ýyl üçin ýurt boýunça gazanylan netijeler baradaky hasabaty taýýarlamak meýilleşdirilýär.  

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz