Press reliz

Bilermenler hyzmatdaşlygyň adam söwdasy bilen göreşmegiň açarydygy bilen ylalaşýarlar.

02 maý 2018

  • Sebitleýin maslahat Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) Türkmenistandaky adam söwdasy boýunça maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.

2016-2018-nji ýyllar üçin Türkmenistanda adam söwdasy boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde hem-de Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde Halkara migrasiýa guramasy / BMG-nyň migrasiýa agentligi zähmet taýdan ulanmak maksatlary bilen adam söwdasyny etmek jenaýatlaryny derňemek we çäre görmek boýunça iki günlük sebitleýin maslahatlary gurnady.

Sebitleýin maslahat Halkara migrasiýa guramasynyň (HMG) Türkmenistandaky adam söwdasy boýunça maksatnamasynyň çäklerinde guraldy we ol ABŞ-nyň neşe serişdelerine garşy göreş we hukuklary ulanmak boýunça döwlet departamentiniň hasabyna maliýeleşdirildi.

Maslahat zähmet taýdan ulanmak maksatlary bilen adam söwdasyny etmek jenaýatynyň kazyýet tarapyndan çäre görülýändigi hem-de derňelýändigi barada adamlaryň düşünjelerini we hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de beýleki döwlet edaralarynyň işgärleriniň bilimlerini berkitdi. Bir zady bellemek gerek, munda esasy üns hukuk goraýyşa hem-de pidalara gönükdirilen çemeleşmä, şeýle hem zähmet taýdan peýdalanmak maksady bilen adam söwdasynyň edilmeginiň öňüni almak işinde kazyýet edaralarynyň şeýle jenaýatlaryň bolýan ýurtlarynyň hukuk goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlyk tejribesine berildi.

Maslahaty açmak bilen, Merkezi Aziýa boýunça Halkara migrasiýa guramasynyň sebitleýin utgaşdyryjysy jenap Deýan Keserowiç şeýle belläp geçdi: “HMG we Türkmenistan üç ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny dowam edýär. Ol ugurlar Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti, Onuň Aly Hezretleri Gurbanguly Berdimuhamedowyň HMG-nyň Baş direktory, jenap Wilýan Leýsi Swing bilen 2013-nji ýyldaky duşuşygynda strategiki ugurlar diýlip atlandyryldy. Adam söwdasyna göreşmek hem ol üç ugruň biri bolup durýar. Beýleki iki ugry saglygy goraýyş migrasiýasyny hem-de adatdan daşary ýagdaýlarda migrasiýany öz içine alýar”.

Maslahata Belgiýa, Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlary döwletlerinden, Halkara Migrasiýa Guramasyndan we BMG neşe serişdeleri we jenaýat boýunça müdirliginiň wekilleri, şeýle hem kazylar, prokurorlar, hökümet, jemgyýetçilik we halkara guramalarynyň, BMG-nyň ýörite edaralarynyň hem-de Türkmenistandaky Daşary ýurtlaryň Ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar biri-biriniň tejribelerini öwrendiler, pida gönükdirilen çemeleşmäni hem göz öňünde tutmak bilen zähmet taýdan peýdalanmak maksatlary bilen adam söwdasynyň derňelemeginiň we degişli çäreleriň görülmeginiň meselelerini we mümkin bolan çözgütlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Gurnalan jenaýat we adam söwdasy ýaly jenaýatlara garşy göreşlerde hukuk goraýyş edaralarynyň, hökümete degişli däl guramalar we beýleki hyzmatdaşlary bilen halkara hyzmatdaşlygy alyp barmagyň zerurlygyny hem aýratyn belläp geçdiler.

Bu maslahat ABŞ-nyň neşe serişdelerine garşy göreş we hukuklary ulanmak boýunça döwlet departamentiniň goldamagynda we Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde adam söwdasyna garşy göreş boýunça Türkmenistanda geçirilýän beýleki çäreleriň üstüni ýetirdi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz