Sülçiler adam söwdasynyň alamatlaryny ýüze çykarmagy öwrenýär
01 maý 2017
- Polisiýa we migrasiýa gullugynyň işgärleriniň 20-den gowragyny öz içine alýan topar adam söwdasy bilen bagly işleri derňemek we kazyýet jogapkärçiligine çekmek boýunça amaly okuwy geçdi.
Bu okuwlar kazylar we prokurorlar üçin mart aýynda geçirilen okuwlardan soň geçirildi. Olar Türkmenistanyň jenaýatçylyk hukugy pudagynda adam söwdasy bilen iş salyşmakda BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy tarapyndan durmuşa geçirilýän mümkinçilikleri giňeltmek boýunça çäreler toplumynyň düzüm bölegi bolup durýar.
“Okuwlar talyplary adam söwdasyny ýüze çykarmak, şeýle-de jenaýatçylyk işiniň ýerine ýetirilen ýerini kesgitlemek we maddy subutnamalary barlamak boýunça döwrebap bilimler we başarnyklar bilen üpjün edýär” diýip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy bilen işleşýän, adam söwdasy boýunça garaşsyz hünärmen Dewid Nýuton belledi. “Tematik ýagdaýlaryň we oýunlaryň üsti bilen, gatnaşyjylar adam söwdasy bilen baglanyşykly ýagdaýlar bilen iş salyşmagy öwrendi we adam söwdasy boýunça görkezijileri ýüze çykarmak hem-de pidalar we şaýatlar bilen gürüňdeşlik geçirmek boýunça başarnyklaryny berkitdi” diýip, Nýuton aýtdy.
Jenaýatçylyk kanunçylygynyň adam söwdasy bilen baglanyşykly işler boýunça ýerine ýetirýän hereketleriniň mümkinçilikleriniň giňeldilmegini goldamak maksady bilen, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy Türkmenistanyň jenaýatçylyk işleri boýunça hukuk işgärleri üçin Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça gollanmany işläp düzdi.
“Gollanmamyzda adam söwdasy bilen baglanyşykly işleri ýüze çykarmakda, olary derňemekde we kazyýet jogapkärçiligine çekmekde jenaýatçylyk işleri boýunça hukuk işgärleriniň bil baglap biljek ygtybarly tejribeleri görkezilýär” diýip, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasynyň halkara utgaşdyryjysy Koen Markering belledi.
“Biz Türkmenistanyň Hökümetini şeýle okuwlary yzygiderli ýagdaýda guramaga, şeýle-de hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, prokurorlaryň we kazylaryň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň milli maksatnamasyna laýyk gelýän gollanmany ulanmaga çagyrýarys”.
Okuwyň geçirilmegi bilen baglylykda, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy adam söwdasynyň öňüni almak maksady bilen, köpçüligiň bu boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin BMG-niň gulluklarynyň we beýleki halkara guramalaryň duşuşygyny gurady. Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça bütindünýä güni (iýul aýynyň 30-y) mynasybetli köpsanly bilelikdäki başlangyçlar meýilleşdirilýär.
BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyga garşy göreşmek guramasy adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça kazyýet jogapkärçiligini güýçlendirmekde Türkmenistanyň hereketlerini goldaýar, bu hereketler ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Neşe serişdeleri we hukuk goraýjy edaralary boýunça halkara býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär.