Press reliz

BMG we Hökümet işgärleri adatdan daşary ýagdaýlara baha bermegiň ülňülerini öwrenýär

15 maý 2018

  • BMG tebigy betbagtçylyklardan soň ýüze çykýan zerurlyklara baha bermek boýunça okuwlary geçirdi.

Döwlet ministrlikleriň, halkara guramalaryň we BMG-niň 35-den gowrak wekili adatdan daşary ýagdaýlar zerarly ýüze çykýan zerurlyklara baha bermek, dikeldiş strategiýany işläp düzmek we ony üstünlikli ýagdaýda durmuşa geçirmek üçin umumy çemeleşmäni we usulyýeti ulanmagyň artykmaçlyklaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandy.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň we Bütindünýä bankynyň tebigy betbagtçylyklardan soň ýüze çykan zerurlyklara baha bermekde tejribesi bolan halkara hünärmenleri suw üpjünçiligi we onuň arassalygy, ýaşaýyş-durmuş we saglygy goraýyş ýaly ugurlar boýunça çykyş etdiler. Okuwlarda prezentasiýalar görkezildi, toparlaýyn hem-de amaly işler geçirildi.  

Gutlag sözünde BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa milli hyzmatdaşlaryň adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmek we heläkçilikleriň howpuny peseltmek boýunça potensialyny ösdürmek BMG-niň, şol sanda onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň we beýleki halkara guramalaryň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini aýtdy.

Okuwyň iki gününiň dowamynda gatnaşyjylar tebigy betbagtçylyklardan soň ýüze çykýan zerurlyklara baha bermegiň usulyýetini we çemeleşmesini ulanmak we durmuşa geçirmek barada öwrendiler hem-de tebigy betbagtçylyklardan soňky maksatnamany işläp düzdüler.

Okuwyň netijesinde, gatnaşyjylar Türkmenistanda we Merkezi Aziýa sebitinde zerurlyklara baha bermäge we dikeldiş meýilnamalary işläp düzmäge ukyply hünärmenlere öwrüler.

Birleşen milletler guramasynyň Ösüş meseleleri boýunça topary, Bütindünýä banky we Ýewropa Bileleşigi bilelikde zeperlere, zyýanlara we adatdan daşary ýagdaýlardan soň ýüze çykan zerurlyklara baha bermegiň mehanizmini işläp düzdi. Bu mehanizm 2015-nji ýylda Sendaý şäherinde geçirilen maslahatda resmi ýagdaýda işe girizilip, ol adatdan daşary ýagdaýlardan soň zeperlere, zyýanlara we dikeldiş zerurlyklaryna umumy baha berýän sazlaşykly we utgaşykly çemeleşme bolup hyzmat edýär.

Bu guralyň amalyýetde ulanylmagyny üpjün etmek üçin BMG, Bütindünýä banky we Ýewropa Bileleşigi usulyýeti wagyz etmäge we baha beriş usulyýetini düzgünleşdirmäge ýardam berýän, şeýle-de ähli sektorlary öz içine alýan we dikeldiş prosesiniň dürli ugurlarynyň arasynda deňagramlylygy saklaýan ýörite gollanmany taýýarlady. 

 

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

RCO
United Nations Resident Coordinator Office
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz