2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini maliýeleşdirmek boýunça ilkinji çäre
21 iýun 2017
- BMG we Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirme işine gatnaşygyny giňeltmek boýunça resmi däl gepleşiklere gatnaşýar.
Türkmenistanda Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmegiň çeşmelerini giňeltmek boýunça “Wagyz etmek, tizleşdirmek we syýasaty goldamak” (“MAPS”) çemeleşmesiniň maslahatlaryny ýerine ýetirmek bilen, BMG we Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanyň halkara maliýeleşdirme işine gatnaşygyny giňeltmek, şeýle-de bu maliýeleşdirme çeşmelerini netijeli ýagdaýda üpjün etmek we dolandyrmak boýunça ýurduň mümkinçiliklerini kämilleşdirmek baradaky resmi däl gepleşiklere gatnaşdy.
Bilelikdäki başlangyjyň çäginde, BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky iýun aýynyň 20-21-nde “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüş üçin maliýeleşdirme ugrunda hyzmatdaşlyk” atly Ösüş üçin maliýeleşdirmä bagyşlanan maslahaty geçirdi. Halkara maslahata ministrliklerden we döwlet edaralardan, halkara maliýe institutlardan, hususy edaralardan we täjirçilik banklardan ýurtdaky mümkin bolan maýa goýujylar hökmünde150 sany hyzmatdaş, şeýle-de BMG-niň Ösüş maksatnamasyndan we beýleki halkara guramalardan ösüş boýunça hünärmenler gatnaşdy.
“Talabalaýyk maliýeleşdirme 2030-njy ýylda çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy bolup durýar. Bütindünýä ykdysadyýetinde serişdeler azlyk etmese-de, bize hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, talabalaýyk meýilleşdirme, ýolbaşçylyk hem-de ösüş üçin maliýeleşdirme çeşmelerini gözlemek babatda döredijilikli pikirler gerek” diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri üçin sebitleýin müdiriniň orunbasary Rastislaw Wrbenski maslahatda belledi.
Çäräniň bir maksady ýurduň durnukly ösüş boýunça isleglerine, degişli maliýe zerurlyklaryna, durnukly ösüş boýunça zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin maýa goýumlaryň getirýän peýdasyna, şol sanda ýokary hilli we hemmeler üçin açyk jemgyýetçilik hyzmatlaryna, şeýle-de, esasan, halkara maliýe institutlardan we hususy sektordan gelýän bu çeşmeleri ulanmagyň dürli ýollaryna bilelikde düşünmegi üpjün etmekden ybaratdy.
Ösüş üçin maliýeleşdirmä bagyşlanan maslahatyň çäginde gatnaşyjylara Türkmenistanda häzirki wagtda durmuşa geçirilýän ösüş we infrastruktura taslamalarynyň käbirine garamak teklip edildi. Olaryň arasynda saglygy goraýyş we bilim pudagyna, şeýle-de Merkezi we Günorta Aziýa sebitiniň durnukly ösmegine goşant goşjak Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygyna maýa goýumlar görkezilipdi.
Maslahatlarda hususy sektoryň ösüşine we diwersifikasiýasyna hökümetiň garaýşy, şeýle-de 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen ikitaraplaýyn döwlet we hususy maýa goýumlary höweslendirmek baradaky islegler we bu ugurda alnyp barylýan hereketler beýan edildi.
Maslahatyň netijesinde, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen iki sany hyzmatdaşlyk ylalaşygy baglaşyldy. Bu bank BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen Türkmenistanda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin ösüşi maliýeleşdirmek işini ýola goýmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek boýunça Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Hökümeti bilen “Al Qamra Holding Group” kompaniýasynyň (Katar) arasynda Türkmenistanda işlenilip düzüljek taslamalary maliýeleşdirmek barada özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çekdi.