Guramaçylar

UN DESA, UN, UNDP

Durnukly ösüşiň maksatlary

17. Durnukly ösüş babatynda hyzmatdaşlyk

Contact Information

rco.tm@one.un.org

28 maý 2020 | 9:30am - 1:00pm
«Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagyny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň goşulyşan milli mehanizmleriniň orny» atly halkara maslahaty

  • Halkara seminar Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan BMG bilen bilelikde ýurduň baky bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 6-njy dekabryndaky karary bilen tassyklanan çäreleriň biri hökmünde geçirilýär.

Ýerleşýän ýeri

Aşgabat

Türkmenistanyň Daşary Işler Ministriligi
Arçabil köç., 108
744000 Aşgabat
Türkmenistan

28 maý 2020 | 9:30am - 1:00pm

Çäre barada

Bu seminary geçirmek başlangyjy BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisinde Türkmenistanyň ileri tutýan wezipelerinden we ýeterlik maliýe çeşmelerini üpjün etmegiň ýokary derejede möhümligi bilen şertlendirilen hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen taslamalardan we maksatnamalardan gelip çykýar. 2022–2023-nji ýyllarda dünýä derejesinde Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça maslahatyň geçirilmegine üns bermek teklip edildi.

  Taýýarlyk üçin aralyk tapgyryň çäginde “Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegini maliýeleşdirmek: toplumlaýyn milli maliýeleşdiriş mehanizmleriniň orny” atly halkara seminar geçirilýär, bu seminarda Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde Ösüş üçin hyzmatdaşlygy maliýeleşdirmek boýunça halkara maslahatda (2018-nji ýylyň 20-21-nji iýuny) we 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda 1-nji Hazar Ykdysady Forumynyň çäginde ösüşi maliýeleşdirmäge bagyşlanan çärede durnukly ösüş üçin maliýeleşdirmegiň ozal kesgitlenen meselelerine garamagy dowam etdirmek hem-de BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça bäşinji forumynyň ruhuna we netijesine eýerip, Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji halkara maslahatynyň Addis Abeba Hereketleriň gün tertibini doly we wagtynda durmuşa geçirmek üçin tagallalary dowam etdirmek meýilleşdirilýär. Bu seminar BMG-niň Baş sekretary tarapyndan 2020-nji ýylda başlanan, durnukly ösüşi maliýeleşdirmäge gönükdirilen Durnukly ösüş maksatlary üçin çäreleriň onýyllygynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilmeginiň bir bölegi bolup durýar.

 

Maglumat dokumentleri

Concept note_Eng

Concept Note_Rus

Agenda Eng

Agenda Russian

Statement of participants

Statement of participants-Eng

List of participants