Press reliz

BMG we milli hyzmatdaşlar Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça öňegidişlikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdylar.

27 iýul 2018

  • Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2020-nji ýyla çenli Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça çarçuwaly maksatnamanyň çäginde döredilen Netijeler boýunça 1-nji toparyň agzalary Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi we degişli meseleler boýunça mehanizmleri barada maslahatlaşdy.

ÝUNISEF-iň wekili we toparyň ýolbaşçylarynyň biri jenap S. Mahmudlu gatnaşyjylary Türkmenistanyň 2019-2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we jemgyýetçilik geňeşine saýlanmagy hem-de Türkmenistanyň wekilýetiniň şu aý Nýu Ýorkda geçirilen Ýokary derejeli syýasy foruma üstünlikli ýagdaýda gatnaşmagy bilen gutlady.

Gatnaşyjylar ýurtda ýetirilen uly işler barada belledi, emma bu işler barada maglumatyň pes derejede ýaýrandygyny aýtdy. Taraplaryň ylalaşmagyna görä, utgaşykly we köpdürli çemeleşmeler güýçlendirilmeli. Onuň bilen baglylykda, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň teklip edilen platformasy bu mümkinçilikleri ösdürmäge we maglumata gözegçilik etmek üçin bar bolan mehanizmleri kämilleşdirmäge ýardam berer.

Ondan başga-da, gatnaşyjylar Meýletin milli syny geçirmek boýunça we Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilişiniň öňegidişlikleri boýunça Ýokary derejeli syýasy forum üçin milli hasabaty taýýarlamak üçin 2019-njy ýylyň iýul aýyna meýilleşdirilen maksatnamany gözden geçirdi. Bu maksatnama BMG-niň gulluklarynyň tehniki goldawy bilen işlenilip düzüldi we 2018-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan tassyklandy. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň maksatnamalar boýunça baş utgaşdyryjysy jenap Slobodan Tagiç ýurtlara Ýokary derejeli syýasy foruma taýýarlanmakda goldaw bermek boýunça tejribesini paýlaşdy we ýurtlaryň bähbitlerini wagyz etjek ýokary taýýarlykly wekilýetiň möhümligi barada aýratyn belledi.

Netijeler boýunça 1-nji toparyň işi milli maksatnamalaryň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlarynyň, Iýmit üpjünçiligi boýunça işi kämilleşdirmek we bu ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça sebitleýin platformasynyň durmuşa geçirilişi babatda gazanylýan üstünliklere netijeli derejede gözegçilik etmek maksady bilen, syýasaty işläp düzmek üçin hakyky maglumat binýadyny ygtybarly maglumat hem-de kämilleşdirilen gözegçilik ediş we baha beriş ulgamlary bilen berkitmäge gönükdirilen.  

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz