Press reliz

Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileriniň milli görnüşlerine üýtgeşmeleri girizmek boýunça ylalaşyk

16 awgust 2018

  • Birleşen milletler guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşdy.

Tegelek stol duşuşygyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Berdimuhamedow we BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň maksady Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijilerini bütindünýä görkezijilerine laýyk getirmek maksady bilen, olaryň milli görnüşlerine üýtgeşmeleri girizmekden ybaratdy. Ondan başga-da, gatnaşyjylar Durnukly ösüş maksatlary boýunça maglumaty ýygnamagyň ýygylygy; Türkmenistanyň ministrlikleriniň we beýleki döwlet edaralarynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlarynyň milli görkezijileri boýunça maglumat ýygnamagyň we derňew geçirmegiň düzgünleri boýunça gollanmanyň neşir edilmegi; BMG-niň gulluklarynyň we Türkmenistanyň pudaklaýyn ministrlikleriniň Meýletin milli syn beriş işine taýýarlygy barada maslahatlaşdy. 

Gatnaşyjylar bilen salamlaşyp, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Türkmenistanyň sebitde Durnukly ösüş maksatlaryny milli kontekste görä uýgunlaşdyran ýurtlaryň arasynda ilkinji ýurda öwrülendigi barada belledi we Durnukly ösüş maksatlary boýunça gazanylan öňegidişliklere gözegçilik etmek maksady bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň ýokary hilli maglumatyň ýygnalmagyny we derňelmegini talap edýändigini aýtdy. Ondan başga-da, ol maksatlara dogry düşündirme bermegiň möhümligine gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi, çünki şeýle edilmegi hasabat berilýän maglumaty beýleki döwletler bilen deňeşdirmek mümkinçiligini üpjün edýär we açyk onlaýn portallaryň üsti bilen maglumaty jemgyýete elýeter etmegiň artykmaçlyklaryny ýüze çykarýar.  

Milli hyzmatdaşlar Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezijileriniň milli görnüşlerine teklip edilýän üýtgeşmeler bilen ylalaşdy, häzirki wagtda bu görnüşlere 17 sany maksat boýunça 175 sany görkeziji degişli. Ondan başga-da, gatnaşyjylar görkezijileri, jogapkärçiligi, esasy şertleri we esaslary gözden geçirmek maksady bilen, her maksat boýunça BMG bilen Türkmenistanyň hünärmenleriniň bilelikdäki ýygnaklarynyň geçirilmegi barada hem ylalaşyp, ilki bilen 2019-njy ýylyň Ýokary derejeli syýasy forumynyň umumy temasy bilen baglanyşykly maksatlara garaljakdygy baradaky netijä geldiler. Duşuşygyň netijesinde, Türkmenistan Umumy düzgünleriň gollanmasyny kitap görnüşinde ýa-da elekton görnüşde çykarar we Hökümetiň web-sahypalaryna ýüklär.

Sofiya Yuvshanova

Sofiya Yuvshanova

RCO
Monitoring and Evaluation Specialist

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNHCR
BMG-niň Bosgunlar baradaky ýokary komissary
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz