Dabara Türkmenistanyň Prezidentiniň 735 sany adama Türkmenistanyň raýatlygyny bermek barada sentýabr aýynyň 24-ne gol çeken kararyndan soň geçirildi.
BMG-niň Baş Sekretarynyň ýörite wekili we Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça BMG-niň sebitleýin merkeziniň başlygy hanym Natalýa German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa, şeýle-de döwlet ministrlikleriň wekilleri, hormatlanýan ýaşulular, harby uniwersitetleriň talyplary we habar beriş serişdeleri dabara gatnaşdy.
“2011-nji ýyldan bäri Türkmenistanda raýatlygy bolmadyk 8200-den gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyny aldy. Bu bolsa raýatsyzlygy 2024-nji ýyla çenli ýok etmek boýunça bütindünýä başlangyjynyň möhüm öňegidişligidir” diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi. Ol täze raýatlaryň kanuny, syýasy, ykdysady we durmuş hukuklaryndan peýdalanyp biljekdigini aýtdy.
Türkmenistan Merkezi Aziýada bosgunlary we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak boýunça BMG-niň ähli dört sany konwensiýasyny tassyklan ýeke-täk döwletdir. Bu konwensiýalara 1951-nji ýylyň Bosgunlar baradaky konwensiýasy we onuň 1967-nji ýyldaky protokoly, Raýatlygy bolmadyk adamlar barada 1954-nji ýylyň we 1961-nji ýylyň konwensiýalary degişli. 2011-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetine saýlanyp, merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda bu halkara edara goşulan ilkinji döwlet boldy.