Gyrgyzystanyň paýtagtynyň golaýynda gar barsynyň populýasiýasyna ilkinji gezek gözegçilik
05 iýun 2020
- Birleşen milletler guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) bellemegine görä, täze gözegçilik ediş tagallalarynyň netijesinde Bütindünýä daşky gurşaw gününde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkegiň golaýyndaky dag gerşinde şu wagta çenli jemi 15 sany uly gar barsy ýüze çykaryldy.
2020-nji ýylda biodürlülige gönükdirilen Bütindünýä daşky gurşaw güni görnüşleriň ýitip gitmegine we tebigatyň zaýalanmagyna garşy göreşmek ugrunda hereketlere çagyryş bolup hyzmat edýär. Barha artýan talaplary bilen adamlar tebigata çendenaşa agram salýarlar.
Howanyň üýtgemegi “daglaryň arwahy” hökmünde tanalýan tutup bolmaýan pişigi ýerli jemgyýetler we mallar bilen çaknyşyklarynyň artmagyna iterýär.
Ylmy gözlegler 2070-nji ýyla çenli howa bilen baglanyşykly çökgünligiň netijesinde, dünýäde barslaryň ýaşaýan ýerleriniň üçden iki böleginiň azaldyljakdygyny görkezýär. Şol bir wagtyň özünde, yssy howa daýhanlary özleriniň mallaryny bakmak üçin amatly öri meýdanlary tapmaga mejbur edýär. Netijede, ýer üçin göreş güýçlenip, mal hüjümleri we ar alyş öldürmeleri köpeler.
Muňa jogap edip, UNEP Gyrgyzystanda ýaşaýan adamlara ekosyýahatçylyga, aryçylyga we bagbançylyga innowasion çemeleşmeler arkaly ýaşaýyş durmuşyny diwersifikasiýa etmäge kömek bermek üçin, meselem, ýabany tebigat bilen parahatçylykly ýaşaşmagy maksat edinýän “Ýitýän gymmatlyklar” atly maksatnama ýolbaşçylyk edýär.
UNEP-iň Ýewropa ofisiniň müdiri Bruno Pozzi: “Gar barslary gygyryp bilen bolsalar, biz olaryň kömek sorap gygyrýandyklaryny eşiderdik” – diýip belledi. “Howanyň üýtgemegi Merkezi Aziýanyň daglaryna täsir edýär. Gar barslary bilen ýerli jemgyýetleriň we mallaryň arasyndaky gapma-garşylyklar has köpelip biler. Mundan başga-da, bu brakonýerçiligiň we ýabany haýwanlaryň bikanun söwdasynyň artmagyna sebäp bolup biler. Adamlar bilen ýabany tebigatyň arasyndaky has uly täsir COVID-19 ýaly zoonotik keselleriň ýokuşmak mümkinçiligini artdyryp biler. “Ýitýän gymmatlyklar” atly maksatnamanyň maksady adamlar we tebigat üçin işleýän çözgütleri öz içine alýar.”
Ýakynda “Gar barsy tresti” tarapyndan geçirilen gözlegde, Gyrgyzystanyň Ala Too diýlen ýerine azyndan 15 sany uly gar barsy hereketli infragyzyl kameralar arkaly ýazga alyndy. Käbir barslar Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekden 40 km uzaklykda surata düşürildi. Iň azyndan, iki sany çaga hem görlüp, şähere ýakyn ýerde köpelýän gar barslarynyň bardygyny görkezýär. Sebitiň ýaşaýjylary we ýabany tebigaty ýaşamaklary üçin sagdyn dag ekosistemalaryna gaty garaşly bolup durýar.
Ala Too diýlen ýeriň Çuý sebitindäki Şamşiden daýhan we garawul Sasykulow Azim Kurmankulowiç: “Adamlar gar barslaryna seýrek duşýardylar” – diýip belledi. “Megerem, olar oljanyň azalandygy sebäpli mallara hüjüm edýärler. Daglardaky ýabany tebigaty gorasak, barslaryň mallara hüjüm etmeginiň zerurlygy bolmaz” - diýdi.
Gyrgyzystanyň golaýyndaky Şamşi-Tuýuk sebitiniň gözegçisi Japarow Emilbek Kuwatowiç: “Soňky üç-dört ýylyň dowamynda ýazda köp ýagyş ýagdy” – diýip belledi. “Bu ekin meýdanlarymyzy sürmegi kynlaşdyrýar, şonuň üçin mallarymyzy öri meýdanlaryna ibermegi gijikdirmeli. Mallarymyzy öri meýdanlaryna irräk eltip bilsek, olaryň gar gaplaňlaryna duş gelmek mümkinçiligi pes bolardy”.
Daşky gurşawy goramak boýunça döwlet gullugynyň Biodürlülik boýunça müdiri Musaýew Almaz Mustafaýewiç “Gyrgyzystan gar barsyny we onuň oljasyny gorap saklamak meselesini gozgan ilkinji ýurtdy” – diýip belledi. “Bişkek Jarnamasyna gol çekilenden soň, biz goňşy ýurtlar bilen gar barsynyň ýaşaýyş ýerlerini öwrenmek we oňa gözegçilik etmek üçin işleýäris” - diýip, ol barsyň uzak ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, 12 ýurt tarapyndan gol çekilen 2013-nji ýyldaky şertnama salgylandy.
“Ýitýän gymmatlyklar” atly maksatnama mallaryň ýitgilerini, gar barslarynyň ar alyş öldürilmegini, öri meýdanlarynyň şertlerini we ýabany ösümlikler zerarly ekin zyýanyny kartalaşdyrmagy maksat edinýär. Şeýle maglumatlar gapma-garşylyklaryň ýerleşýän ýerini we sebäplerini kesgitlemäge kömek eder. Mysal üçin, bu ýerde gar barslaryny we mallary howpsuz saklamak üçin ýyrtyjylara garşy agyllar gurlup bilner ýa-da mallary ätiýaçlandyryş shemalary girizilip bilner.
Ýygnalan deslapky maglumatlar gözden geçirilen 160 hojalygyň dörtden bir böleginde ekerançylyk üçin alternatiw girdeji çeşmeleriniň bardygyny görkezýär, bu bolsa olaryň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine has has ejiz bolmagyna getirýär. Şonuň üçin, “Ýitýän gymmatlyklar” atly maksatnama alternatiw girdejileri üpjün etmegiň usullaryny synagdan geçirmäge kömek eder. Gyrgyzystanda ekosyýahatçylyk şeýle mysallaryň biri bolup biler. Ala Too dag gerşine ýakyn 18 obanyň ählisi ýol bilen gowy birikdirilen, emma ol ýerlerde maglumat merkezleri ýa-da internet birikmesi azlyk edýär. Şeýle hem, ol ýabany tebigatyň, mallaryň we adamlaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň mümkinçilikleri barada öwrener.
Lýuksemburgyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän bu maksatnama Gyrgyzystanyň halkara we ýerli hyzmatdaşlary, şol sanda “Gar barsy tresti”, Ilbirs gaznasy we “Global Gar barsy” hem-de Ekosistemany goramak maksatnamasy bilen bilelikde amala aşyrylýar.
REDAKTORLAR ÜÇIN BELLIK:
Ýaýlym üçin wideo faýly, sanaw, gar barslarynyň suratlary we programma boýunça sebitiň kartasy ýaly sanly maglumat şu ýerde saklanýar: https://bit.ly/3gnMUsN
Şu salgyda gas giňişleýin oka: http://www.vanishingtreasures.org
Bütindünýä daşky gurşaw güni barada
Her ýyl 5-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä daşky gurşaw güni Birleşen milletler guramasynyň daşky gurşawy goramak we planetamyzy goramagyň zerurlygy baradaky düşünjäni ýokarlandyrmak boýunça iň uly ýyllyk çäresidir. 1974-nji ýylda geçirilen ilkinji Bütindünýä daşky gurşaw gününden bäri bu çäre 100-den gowrak ýurtda daşky gurşaw boýunça global platforma öwrüldi.
Şu ýyl Bütindünýä daşky gurşaw güni Kolumbiýanyň Bogota şäherinden göni ýaýlymda; mundan başga-da, bütin dünýäde onlaýn çäreler we dabaralar geçiriler.
2020-nji ýylyň mowzugy biodürlülik; “Tebigat üçin wagt” kampaniýasy görnüşleriň ýitip gitmegine we tebigatyň zaýalanmagyna garşy göreşmek üçin çagyryşdyr. Dünýä COVID-19 pandemiýasy bilen göreşýärkä, bu dabara adam saglygy bilen planetanyň saglygynyň arasyndaky baglanyşyklara hem ünsi çeker.
BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy barada
UNEP daşky gurşaw boýunça öňdebaryjy global sesdir. Ol ýolbaşçylygy üpjün edýär we milletlere we halklara geljekki nesilleriň durmuşyna zyýan bermezden, durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ylham bermekde, habar bermekde we daşky gurşawa ideg etmekde hyzmatdaşlygy höweslendirýär. UNEP hökümetler, hususy pudak, raýat jemgyýeti we bütin dünýäde BMG-niň beýleki guramalary we halkara guramalary bilen işleýär.
Söhbetdeşlikler ýa-da has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylara ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris:
Alejandro Laguna, UNEP-iň Ýewropa bölüminiň maglumat işgäri: laguna@un.org, +41 229178537
Keishamaza Rukikaire, UNEP-iň habarlar we metbugat bölüminiň başlygy: rukikaire@un.org, +254 722677747