20-nji iýunda Bütindünýä bosgunlar gününde uruşdan, yzarlamalardan we zorlukdan gaçmaly bolan 65 milliondan gowrak adamyň durnuklylygyna we batyrlygyna hormat goýýarys. Emma, häzir bütin dünýäde bosgunlary we bir ýerden başga ýere göçenleri kabul edýän we olary howpsuz ýerleri bilen üpjün edýän, mekdeplerinde, iş ýerlerinde we jemgyýetlerinde garşy alýan adamlara sarpa goýmagyň wagty geldi.
Şu gün biz kesgitsizligiň köp bolan dünýäsinde ýaşaýarys, ýagny ykdysady durnuksyzlyk, syýasy üýtgeşmeler we golaýdaky zorluklar biziň gözlerimiziň we gapylarymyzyň ýapylmagyna getirýär. Emma, gorky we daşlaşmak bizi gowulyga getirmez – olar diňe päsgelçilige, aýralyga we gorka getirip biler.
Bu ýörelgäni gowy tarapa üýtgetmegiň wagty geldi.
Dünýäniň köp jemgyýetlerinde, şol sanda bosgunlaryň aglaba böleginiň ýaşaýan iň garyp döwletlerinde işewürler, dini toparlar, mugallymlar, habarçylar we beýlekiler bosgunlar üçin gaçalgany üpjün etmek we olary öz jemgyýetlerine girizmek ugrunda tagallalaryny birleşdirýär.
BMG-niň Bosgunlar boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň işi gapma-garşylygyň jümmüşinde bolup, biz her gün bosgunlaryň edermenligini, maksadaokgunlylygyny we güýjüni görýäris.
Öz öýlerini, iş ýerlerini, we, käwagt, maşgalalaryny ýitirseler-de, olar göreşmegini goýmady – olar ähli zady täzeden başlamagyň ýoluny tapdylar. Ýaşaýan täze jemgyýetlerine goşulmagy we olara goşant goşmagy isläp, olar täze goňşular bilen gatnaşyklary ýola goýýar we täze mümkinçilikleri açýar. Biziň tejribämize görä, dogry gurşawda bosgunlar meseleleriň ýüze çykmagyna däl-de, çözgütleriň tapylmagyna getirýär.
Inklýuziwlik – biziň pikirlerimiziň, ýüreklerimiziň we jemgyýetlerimiziň açylmagyny talap edýär. Onuň üçin bütin jemgyýetiň, ýagny talyplaryň, işewürleriň, türgenleriň, öňdebaryjylaryň, dini ýolbaşçylaryň, syýasatçylaryň we meşhur adamlaryň bilelikde çemeleşmesi zerur. Bosgunlaryň garşy alynmagy beýlekilere kömek etmegiň hasabyna däl-de, kömege mätäç bolanlaryň ählisine kömegiň berilmeginiň hasabyna amala aşyrylmaly.
Onuň her kontinentde obalarda, şäherlerde we döwletlerde görnükli mysallary bar. Bütin dünýädäki jemgyýetler bosgunlaryň tarapynda bolup, olar adamlar bile işlände, olaryň ählisiniň peýda gazanýandygyna düşünýärler.
Şeýlelik bilen, Bütindünýä bosgunlar gününde, biz öz ata-watanyna uruş ýa-da yzarlamalar zerarly dolanyp bilmeýän millionlarça adamyň ykbaly barada pikirlenýäris. Şu gün biz perwaýsyzlygy we gorkyny ýeňip geçmek hem-de inklýuziwlik pikirini ulanmak, jemgyýetlerimizden bosgunlary we ýurtdan göçen beýleki adamlary garşy almak we bosgunlary jemgyýetden aýyrmagy maksat edinýän adamlara garşy durmak ugrunda her birimiziň edip bilýän zadymyz barada özümizden soramaly.
Çünki, biz bosgunlaryň tarapynda bolanymyzda, ähli adamlara sarpa goýmagyň we olaryň tapawutlaryny kabul etmegiň tarapynda durýarys.
Habaryň wideosyny şu salgyda ýükläp bolýar: http://media.unhcr.org/Package/2CZ7A2A70TU1