Press reliz

Hökümet bilen BMG adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy üpjün etmek boýunça hereketler babatda Özara düşünişmek boýunça ähtnama gol çekýärler

01 iýul 2019

  • Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen milletler guramasy adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy we olar boýunça hereketleri utgaşdyrmak ugrunda Özara düşünişmek boýunça ähtnama gol çekdiler

2019-njy ýylyň iýul aýynyň 1-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirildi. Gatnaşyjylar adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak (DRR), şeýle-de betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlyk, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olar boýunça hereketler, howplara baha bermek we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

“Bu Ähtnama gol çekilmegi adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we olar boýunça hereketler, şeýle-de Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň we Pariž ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi babatda BMG-nyň, onuň ýöriteleşdirilen gulluklarynyň we Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça kanuny esasy döredýär” diýip, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.

Türkmenistanda ýaňy-ýakynda Raýat goranmak ulgamynda we halas ediş işleri pudagynda döwlet syýasatynyň esasy düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamany we hereketleriň meýilnamasyny kabul etdi. Bu milli maksatnama we hereketleriň meýilnamasy Sendaý çarçuwaly maksatnamasynyň ýörelgelerine laýyk gelýär.

Gol çekmek dabarasyna Türkmenistanda BMG-nyň gulluklarynyň ýolbaşçylary we Daşary işler ministrliginiň wekilleri gatnaşdy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz