Ähli çagalaryň kiçi ýaşdan kämilleşdirilmegini üpjün etmek we bu işe ene-atalary çekmek: Ýerli jemgyýetde çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça merkezleriň işini dolandyrmak
01 ýanwar 2015
Jemgyýete esaslanan täze hyzmatlary tanyşdyrmak çylşyrymly iş bolup, ol çagalar üçin has gowy netijeleriň üpjün edilmegi maksady bilen umumy çemeleşmäniň ulanylmagyny hem-de köpsanly sektorlaryň bilelikdäki işini talap edýär.
2013-nji ýylda Abadan we Türkmenabat şäherlerinde çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça maksatnamalara gatnaşmaýan çagalar we olaryň maşgalalary, şol sanda mümkinçiligi çäkli çagalar üçin çagalary kiçi ýaşdan kämilleşdirmek boýunça iki sany merkez açyldy.