BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2024-nji ýylyň netijeleri barada ýyllyk hasabaty

BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň 2024-nji ýyldaky netijeleri baradaky hasabaty, Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýurdumyzda milli ileri tutulýan ugurlarynda we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) ýetmek boýunça tagallalaryny goldamakda ýetiren ösüşleriniň synyny berýär.
2024-nji ýylda BMG-niň Türkmenistandaky ulgamy hökümet we esasy hyzmatdaşlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, 2021–2025 ýyllar üçin Durnukly Ösüş boýunça Hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň ilerledilmegine ýardam etdi. DÖM-leriň ýerine ýetirilmeginde hiç kimi yzda galdyrman, inklýuziw syýasat özgertmelerinden başlap, howanyň üýtgemegine garşy göreş, sanlylaşdyrma we durmuş hyzmatlarynyň güýçlendirilmegine çenli, BMG saglygy goraýyş, bilim, adam hukuklary we ykdysady ösüş ýaly möhüm ugurlarda netijeli başlangyçlary goldady.