Adam hukuklarynyň bütindünýä jarnamasynyň 70-nji şanly senesi
BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sözlän sözi
10-njy dekabrda biz bu iňňän möhüm resminamanyň – Adam hukuklarynyň bütindünýä jarnamasynyň 70-nji şanly senesini belleýäris.
Men bu resminamanyň 70 ýyl mundan ozal kabul edilen wagty bolşy ýaly, şu gün hem möhümdigine ynanýaryn.
Megerem, ol häzir has hem möhüm, çünki soňky onýyllyklaryň içinde ol maslahat beriji resminamadan halkara hukugyň ähli pudaklaryna täsir edýän ülňüleriň toplumyna öwrüldi.
Ol geçen ýyllaryň barlagyndan hem-de täze tehnologiýalaryň peýda bolmagy, öňünden bilip bolmajak jemgyýetçilik, syýasy we ykdysady ýagdaýlar bilen baglanyşykly meselelerden geçdi.
Onuň ýörelgeleri şeýle bir umumy bolup, olary islendik täze mesele babatda ulanyp bolar.
Bütindünýä Jarnamasy bizi emeli aňy we sanly dünýäni dolandyrmak üçin zerur bolan ýörelgeler bilen üpjün edýär.
Onda howanyň üýtgemeginiň planeta däl-de, adama bolan täsirine garşy ulanyp bolýan jogaplar beýan edilýär.
Ol bize 1948-nji ýylda adyny tutup bolmadyk toparlar, mysal üçin, LGBTI ýaly toparlar üçin deň hukuklary üpjün etmegiň esasy bolup durýar.
Her bir adamyň “jynsy, reňki, gender aýratynlyklary, dili, dini, syýasy we beýleki garaýyşlary, milli ýa-da durmuşy gelip çykyşy, eýeçiligi, dogluş statusy bilen baglanyşykly tapawutlara, şeýle-de beýleki tapawutlara garamazdan”, Bütindünýä Jarnamada sanalyp geçilen azatlyklara hukugy bardyr.
Bu sözlemde “beýleki tapawutlar” jümlesi, köplenç, aýratyn goralýan şahslary, şeýle-de diňe bir LGBTI toparyna degişli adamlary däl-de, indi 2006-njy ýylda kabul edilen hut özleriniň Konwensiýasy bolan mümkinçilikleri çäkli adamlary hem beýan etmek üçin ulanylypdy. Ony uly ýaşlar adamlar barada, oturymly ilat barada, şeýle-de ähli görnüşli kiçi toparlar barada hem aýdyp bolar.
Ähli adamlar.
Jarnamanyň ähli bölümlerinde diýen ýaly gender konsepsiýasyna salgylanylýar. Öz wagty üçin resminama gender meselelerine köp üns beripdir. Resminamanyň ähli 30 maddasynda “ähli adamlar”, “hemmeler” ýa-da “hiç kim” ýaly sözler ulanylýar.
Şeýle sözleriň ulanylmagy halkara hukugyny düzmek işinde Bütindünýä Jarnamany işläp düzmekde zenanlaryň möhüm orun eýeländigini şöhlelendirýär.
Resminamany işläp düzmek boýunça komitetiň baştutany Eleanor Ruzweltiň orny barada belli. Emma bu işe Daniýanyň, Päkistanyň, kommunistik blokyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň zenanlarynyň uly goşant goşandygy bolsa kän bir belli däldi.
Hut hindi düzüjisi Ganze Mehteniň kömegi bilen Adamyň we raýatyň hukuklary boýunça jarnamadan alnan “ähli adamlar azat we erkin dogulýar” jümlesi Bütindünýa Jarnamada “ähli adamzat azat we erkin dogulýar” jümlesine öwrüldi.
Bu jümle ýönekeý bolsa-da, zenanlaryň hem-de kiçi toparlaryň hukuklary babatda ol örän möhüm bolupdy.
Ganze Mehte Eleanor Ruzweltiň “adamlar” sözüniň zenanlary hem aňladýandygy baradaky şol döwürde meşhur bolan garaýşyna garşy durupdyr. Onuň bellemegine görä, ýurtlar bu jümläni zenanlaryň hukuklaryny giňeltmek üçin däl-de, gaýtam olary çäklendirmek üçin ulanarlar.
Iki sany Jahan urşundan, 1930-njy ýyllaryň Beýik depressiýasyndan we Holokostdan soň düzülen Bütindünýä Jarnamasy şoňa meňzeş betbagtçylyklaryň hem-de olaryň getiren weýrançylyklarynyň öňüni almaga gönükdirilipdi. Ol biziň biri-birimize zeper ýetirmegiň öňüni almagyň ýollaryny beýan edýär we “gorkudan we zerurlyklardan azat bolmagy” üpjün etmegi maksat edinýär.
Ol güýçlüleri çäklendirýär we güýçsüzleriň arasynda umydy döredýär.
Bütindünýä Jarnamasynyň kabul edilmeginden soň 70 ýylyň içinde ol bütin dünýäde millionlarça adamyň durmuşlarynda sanap bolmajak peýdaly üýtgeşmeleriň esasy bolup hyzmat etdi we 90-dan gowrak milli Konstitusiýalara we köpsanly milli, sebitleýin we halkara kanunlara hem-de institutlara täsirini ýetirdi.
Emma, Bütindünýä Jarnamasynyň kabul edilmeginden 70 ýylyň geçmegi bilen hem, Jarnama entek tamamlanmady. Ol hiç wagt hem tamamlanmaz.
30 sany doly maddasynyň üsti bilen, Bütindünýä Jarnamasy güýçli garyplygy ýok etjek hem-de ähli adamlar üçin azyk önümlerini, hojalyk önümlerini, saglygy goraýşy, bilimi, iş ýerlerini we mümkinçilikleri üpjün etjek çäreler beýan edilýär.
Ol uruş we Holokost bolmadyk, zorlamalaryň, açlygyň we adalatsyzlygyň ýok bolan ýoly şöhlelendirýär. Ejir çekmeleriň örän pes, adalatlykdan gaçyp biljek çendenaşa baýlaryň bolmadyk dünýäsini şöhlelendirýär.
Her bir adamyň diňe bir doglan wagty däl, eýsem tutuş durmuşyň dowamynda islendik beýleki adam bilen deň derejede gymmatly bolan dünýäsi.
Nusganyň awtorlary urşuň esasy sebäpleriniň öňüni almagy, dünýäde ýaşaýan her bir adamyň talap etjek we garaşjak hukuklaryny düzmegiň we adamlara edip bolmaýan zatlar barada takyk ýagdaýda düşündirmegiň üsti bilen isläpdi.
Garyp, aç, başga ýerden göçüp gelenler we gaçyp gelenler üçin resminamalary düzüjiler şeýle adamlara goldaw bermek we olary goramak üçin ulgamlary ýola goýmagy maksat edinipdi.
Azyk önümlerine we ösüşe bolan hukuk iňňän möhümdir. Emma, bu jynsy, gender aýratynlyklary ýa-da beýleki aýratynlyklar taýdan hukuk kemsitmeler bolmazdan ýerine ýetirilmelidir. Siz adamlara “Men size nahar bererin, emma size gürlemäge, diniňize uýmaga ýa-da medeniýetiňize eýermäge rugsat bermerin” diýip bilmersiňiz.
Ýere we gowy jaýa bolan hukuk esasy hukukdyr, emma, käbir ýurtlarda berk ykdysadyýetiň çäreleri iň gowşak ilaty bu hukuklardan mahrum edýär.
Howanyň üýtgemegi ýaşaýşa, iýmite, jaýa we saglygy goraýşy bolan hukuga zeper ýetirip bilýär. Bu meseleleriň ählisi biri-biri bilen baglanyşykly, Bütindünýä Jarnamasy we adam hukuklary boýunça beýleki halkara konwensiýalar bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin maksatnama bolup hyzmat edýär.
Men bu Jarnamada adam hukuklary babatda kämilligiň adamzadyň taryhynda iň ýokary we şol bir wagtda iň üstünlikli pikirleriň biriniň bolandygyna ynanýaryn.
Emma, şu gün bu babatda öňegidişlik howp astynda.
Biz “azat we deň” dogulýarys, emma, bu dünýäde millionlarça adam azat we deň bolup galanok. Olaryň mertebesi düşürilen, hukuklary bolsa günde diýen ýaly bozulýar.
Köp ýurtlarda ähli adamlaryň deňligi, olaryň hukuklara eýe bolandygy baradaky esasy ýörelge howp astynda. umumy meselelere umumy çözgütleri tapmak üçin döwletler tarapyndan döredilen guramalar hem howp astynda.
Bütindünýä Jarnamasynyň döredilmegine ýardam beren halkara, sebitleýin we milli kanunlaryň hem-de ylalaşyklaryň umumy toruny hem dar we milletçi bähbitlere has köp ünsi jemleýän hökümetler we syýasatçylar tarapyndan päsgel berilýär.
Diňe bizde däl, eýsem ýanymyzdakylarda hem bolmaly we biziň ýa-da biziň ýolbaşçylarymyzyň ýatdan çykaryjylygy zerarly yzygiderli ýagdaýda howp astynda bolan hukuklarymyz üçin biz has işjeň göreşmeli.
Men Bütindünýä Jarnamasynyň Preambulasynyň ilkinji setirlerinde güýçli we ýakymly ýörelge bilen başlanýan ýerinde gutarmakçy:
“...Adam maşgalasynyň ähli agzalarynyň olardan aýryp bolmajak mertebesiniň we deň hukuklarynyň bardygyny kabul etmek bütin dünýäde azatlygyň, adalatlylygyň we parahatçylygyň esasy bolup durýar,”
“...Adam hukuklaryna sarpa goýmazlyk we olara bolan ýigrenç adam mertebesine we olaryň iň uly islegi bolan söz hem-de ynanç azatlygyna, gorka garşy we islege bolan azatlyga zeper ýetiren weýrançylykly netijelere getirdi.”
“...Adamyň tiraniýa we zulum etmelere garşy gitmek derejesine getirip bolmaýar we adam hukuklary hukugyň hökmürowanlygy tarapyndan goralmaly.”
Biz Preambulanyň jemleýji sözlerine has köp üns bermeli:
“...öwretmäge, bütin dünýäde netijeli ýagdaýda ykrar edilmegine we adamlar hem-de agza ýurtlary tarapyndan ýerine ýetirilmegine ýardam bermeli.”
Biz bu ýörelgä 1948-nji ýyldan bäri eýerýäris. Biz milli we halkara derejelerde Bütindünýä jarnamasy tarapyndan bellenen öňdebaryjy çäreleri köpüsini ulandyk.
Şeýle-de bolsa, biziň entek edere işimiz köp. Biziň öňdebaryjy şahslarymyzyň köpüsi bolsa şeýle güýçli sözleri ýatdan çykaran bolmaly. Biz ony diňe şu gün däl, indiki Duşenbe güni boljak 70-ýyllyk şanly senesine-de däl, eýsem her gün, her ýyl ýatlamaly.
Adam hukuklaryny goraýjylar özleriniň işiniň, başarnyklarynyň we wepalylygynyň üsti bilen Bütindünýä Jarnamasyny goraýar. Biziň ýaşaýan ýerimize we mümkinçiliklerimize bagly bolmazdan, biziň köpimizde zatlary üýtgetmäge, ýagny öýlerimizi, jemgyýetimizi, ýurtlarymyzy we dünýämizi kämilleşdirmäge, ýa-da, hatda zaýalamaga ýeterlik güýjümiz bar. Biziň her birimiz Bütindünýä Jarnamasynyň ajaýyp arzuwyny janlandyrmak üçin degişli işi ýerine ýetirmeli.
Çünki, bu biziň ata-babalarymyzyň geçen ýolundan biziň geçmezligimiz üçin, olaryň bize beren peşgeşidi.
SOŇY
Adam hukuklarynyň bütindünýä Jarnamasy Ikinji Jahan urşundan üç ýyl soň BMG-niň Baş assambleýasy tarapyndan Pariž şäheriniň Pale e Şalýo diýlen ýerde kabul edildi. Işläp düzüji komiteti onuň üstünde 18 aýyň dowamynda işledi. Bu komitete bütin dünýäden maslahat berijiler giripdi. Resminamany esasy düzüjileriň biri Rene Kesseniň aýtmagyna görä, “täsirli maslahatlaryň 100-nji bölüminden soň 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda 30 sany maddadan ybarat Jarnama kabul edildi.”