Press reliz

Ýaşlar guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy

04 iýul 2019

  • 3-nji iýulda, BMG-nyň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça müdirliginiň maksatnamalaýyn edarasy Türkmenistanda döwlet sektorynyň, ýaşlar guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça iki günlük okuw-türgenleşiklerini tamamlady

Ol okuw-türgenleşigi adam söwdasynyň düýp sebäpleri, netijeleri we alamatlary barada jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde üstünlikli metbugat kampaniýalaryny geçirmäge bagyşlandy. Ombudsmeniň, Mejlisiň, Baş prokuraturanyň, Zenanlar guramasynyň edaralaryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligini, Bilim ministrligini, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligini öz içine almak bilen raýat jemgyýetçiliginiň guramalarynyň we döwlet edaralarynyň 15-den gowrak wekilleri adam söwdasyna garşy göreşmek maksatlary bilen jemgyýetiň dürli gatlaklary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barmak boýunça öz bilimlerini we başarnyklaryny artdyrdylar, şeýle hem ilatyň arasynda bu mesele boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini gowulandyrmak hem-de jemgyýetçiligiň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde netijeli gurallary ele aldylar.

Okuw-türgenleşiginiň dowamynda BMG-nyň Neşe serişdeleri we jenaýat boýunça müdirliginiň halkara bilermenleri hanym Rimma Sultanowa we hanym Alýona Muhowikowa adam söwdasyna garşy göreşmegiň bütindünýä gününe bagyşlanyp geçirilmeli jemgyýetçilik çäreleriniň on tapgyrly meýilnamasy bilen, şeýle hem Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy tejrineleri, hususan-da Gyrgyzystandaky “Adam söwdasyna garşy 100 gün” atly kampaniýasy bilen tanyşdyrdylar. Hanym Sultanowanyň belläp geçmegine görä, okatmak we habarlylygyny ýokarlandyrmak bu hadysanyň öňüni almakda möhüm orun eýeleýär, hem-de adam söwdasynyň bolup geçen ýagdaýlary hukuk goraýyş edaralary we giň jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilmeli, hem-de ol ýagdaýlar barada degişli hökümet başlangyçlary, goldaw ulgamlary we telefon kömekleri arkaly habar berilmeli.

Okuw-türgenleşigine gatnaşyjylar habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça ulgamlaýyn kampaniýalary geçirmek boýunça beýleki döwletleriň tejribesini bilmek mümkinçiligi üçin minnetdarlyklaryny bildirdiler, şeýle hem esasan hem adam söwdasynyň meseleleri boýunça jemgyýetçilik çärelerini geçirmekde öz üstünlikleri we meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Ýene bir zady bellemek gerek, okuw-türgenleşigine gatnaşyjylar Adam söwdasyna garşy göreşmegiň bütindünýä gününi bellemek boýunça birnäçe pikirlerini orta atdylar we ylalaşdylar, şeýle hem hökümetiň tassyklamagyna hödürlenjek Türkmenistanda adam söwdasyna garşy göreşmegiň Bütindünýä gününi bellemegiň taslama meýilnamasyny taýýarladylar.

Okuw-türgenleşigi USAID-yň Türkmenistandaky edarasy bilen hyzmatdaşlykda guraldy.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz