BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk boýunça müdirligi Türkmenistanda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek ukybyny ýokarlandyrýar
10 sentýabr 2020
- 2020-nji ýylyň 7-9-njy sentýabr aralygynda Owganystan we goňşy ýurtlar üçin sebitleýin maksatnamasynyň 1-nji bölüminiň çäginde BMG-niň NJBM Maksatnama ofisi Türkmenistandaky hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri üçin “Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş usullary we bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna garşy göreş usullary” atly onlaýn formatda okuw kursy geçirildi.
Dünýädäki COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykda “Merkezi Aziýa, Owganystan we Pakistan üçin neşe serişdelerine garşy göreşmek boýunça kadrlary taýýarlamak babatda BMG-niň NJBM bilen Russiýanyň arasynda hyzmatdaşlyk” (dördünji tapgyr) atly taslamanyň çäginde her ýyl geçirilýän ykjam okuw kursunyň ýerine onlaýn kurs guraldy.
Bu okuw Russiýa Federasiýasynyň Içeri işler ministrliginiň Sibir hukuk institutynyň mugallymlary tarapyndan geçirildi.
Okuw kursunyň maksady Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat. Oňa Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň, şol sanda Içeri işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we Döwlet serhet gullugynyň 19 sany işgäri gatnaşdy.
Okuwyň netijesinde gatnaşyjylar neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy bilen baglanyşykly jenaýatlary derňemek, operatiw gözleg işleri we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşde maglumat tehnologiýasyny ulanmak boýunça bilimlerini giňeltdiler.
BMG-niň NJBM Russiýa Federasiýasynyň Hökümetine okuwy guramakda goldaw berendigi üçin minnetdarlyk bildirýär.