Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň talyplary onlaýn ýygnaga goşuldy.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa: “Ýaşlaryň adam kapitalyna we olaryň döredýän innowasiýa çözgütlerine maýa goýmak has ygtybarly, adalatly we asuda dünýäni gurmak ugrunda ýeke-täk umydymyzdyr” – diýip belledi.
Gatnaşanlar ösüş ugrunda gün tertibini nädip öňe sürüp boljakdygy, Birleşen milletler guramasynyň işiniň näme bilen baglanyşyklydygy barada pikir alşyp, BMG baradaky maglumatlar bilen bilimlerini baýlaşdyrdylar we 75 sany ýörite suratdan ybarat ýygyndysy bilen #TheWorldWeWant onlaýn sergisine tomaşa etdiler.
Onlaýn duşuşyk Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçisi Döwran Şamyýewiň has köp öwrenmek, hereket etmek we üýtgeşme girizmek barada aýdym-saz çykyşy bilen tamamlandy.
*BMG75 global hasabatynyň esasy netijeleri:
Hereket üçin ileri tutulýan ugurlar
• Jogap berenler sebit, ýaş we jemgyýetçilik toparlary boýunça geljek üçin ileri tutýan meselelerinde biragyzdan bir pikire geldiler.
• Häzirki COVID-19 çökgünliginde sorag-jogaba gatnaşanlaryň köpüsi üçin esasy hyzmatlary - saglygy goraýşy, arassa suwy, arassaçylygy we bilime elýeterliligi gowulandyrmak, soň bolsa halkara raýdaşlygy ýokarlandyrmak we has köp ejir çekenlere goldawy ýokarlandyrmak gönüden-göni ileri tutulýan ugurlar bolýar. Bu deňsizlige garşy göreşmegi we has öz içine alyjy ykdysadyýeti täzeden gurmagy öz içine alýar.
• Geljege seretseň, howa çökgünligi we daşky gurşawyň weýran bolmagy iň uly alada döredýär. Beýleki ileri tutulýan ugurlara adam hukuklaryna has uly hormatyň goýulmagyny üpjün etmek, gapma-garşylyklary çözmek, garyplyga garşy göreş we parahorlugy azaltmak degişli.
BMG-niň kabul edilmegi
• Sorag-jogaba gatnaşanlaryň 87%-den gowragy häzirki meseleleri çözmek üçin global hyzmatdaşlygyň möhümdigine we pandemiýanyň halkara hyzmatdaşlygyny has möhümleşdirendigine ynanýarlar.
• Döredilenden ýetmiş bäş ýyl soň, soraga gatnaşanlaryň 10-dan altysy BMG-niň dünýäni ýaşaýyş üçin has gowulaşdyrandygyny hasaplaýarlar. Geljege nazar aýlasak, 74% BMG-ni meseleleri çözmekde “möhüm orun tutýan edara” hökmünde görýär.
• Muňa garamazdan, jogap berenler BMG-niň 21-nji asyrda hereket edýän şahslaryň dürlüligini hasaba alýan we has aç-açan, jogapkärçilikli hem-de täsirli bolmagyny isleýärler.