Türkmenistanda “Y-PEER” atly ýaşlar üçin özara bilim ulgamy dünýäde ikinji ýerde durýar
Türkmenistanda ýaşlar üçin özara bilim tory “Y-PEER” işjeňligi we ugurtapyjylygy sebäpli dünýäde ikinji ýerde durýan iň gowy milli ulgam hökmünde ykrar edildi
Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Aşgabat we Mary şäherlerindäki ýaşlar üçin merkezleri Türkmenistanyň “Y-PEER” ulgamy boýunça çäreleri geçirdi. Bu çäreleriň dowamynda “Y-PEER” ulgamynyň meýletinçileri bilimli we ukyply ýaşlaryň sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça özara bilim beriş sapaklary we çäreleri geçirdiler. 30 müňden gowrak ýaşlar, şol sanda hem ýetginjekler deň-duşlarynyň özara meýletinçilik okuwlarynyň üsti bilen ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerini kämilleşdirmäge we ýetginjekleriň reproduktiw saglygy, şeýle-de ýaramaz endikleriň, jynsy taýdan geçýän keselleriň, şol sanda AIW ýaly ýokanç keselleriň, islenilmeýän göwreliligiň we gender esasynda zalymlygyň öňüni almak baradaky meseleler boýunça bilimlerini kämilleşdirmäge mümkinçilik gazandylar.
Iň gowy milli “Y-PEER” ulgamlary “Y-PEER” ulgamy boýunça halkara utgaşdyryjylaryň ýolbaşçylyk edýän toparynyň baha bermeginiň üsti bilen ulgamyň guramaçylyk ösüşiniň, aragatnaşyk we habar beriş ulgamynyň, ugurtapyjylygyň şeýle hem deň-duşlaryň bilim işleriniň we çäreleriň hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň esasynda saýlandy. Türkmenistanyň “Y-PEER” ulgamynyň ykrar edilmegi Ýaşlar merkezinde “Y-PEER” ulgamynyň gazananlaryna we geljekde meýilleşdirilýän işlere bagyşlanan özara gatnaşykly prezentasiýalary görkezmegiň, sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça barlag okuwlarynyň, şygyrlary okamagyň we köpçülikleýin çäreleri geçirmegiň üsti bilen dabaraly ýagdaýda bellendi.
“Ýaşlar merkezleriniň maglumaty, şeýle-de Ýaşlar merkezleriniň meýletinçileriniň, olaryň ene-atalarynyň we mugallymlarynyň beren maglumatlary sagdyn durmuş, şol sanda Türkmenistanda ýaşlaryň we ýetginjekleriň reproduktiw saglygy barada maglumata bolan gyzyklanmany we zerurlygy görkezýär” diýip, Türkmenistanyň “Y-PEER” ulgamynyň utgaşdyryjysy Gunça Annageldiýewa belledi. “Dünýäniň “Y-PEER” ulgamlarynyň arasynda ikinji orny eýelemegimiz bizi begendirýär we biz ýaşlaryň arasynda ýetginjekleriň reproduktiw saglygy barada ýokary hilli bilim bermek däbimizi mundan beýläk hem dowam etdirmäge taýýar.”
Eziz barada okaň. Ol öz klasynyň we “Y-PEER”ulgamynyň täze öňdebaryjy meýletinçisi.
Maşgalaňyzyň ýetginjeklerini we dost-ýarlaryňyzy Ýaşlar üçin özara bilim ulgamynyň aşakdaky salgylarda ýerleşen merkezlerine çagyryň:
1. B. Garryýew köç., 67, Aşgabat, Türkmenistan.
2. Gurbansoltan eje köç., 83, Mary, Türkmenistan; telefony: +(993522) 7-12-32.
Iş wagty: Düşenbe-Anna, 09:00-18:00