Press reliz

Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky dipmlomatik wekilleri bilen duşuşyk

29 aprel 2021

  • Migrasiýa boýunça Halkara Guramasy/BMG-niň Migrasiýa Agentligi Adam söwdasyna garşy hereketleriň milli meýilnamasyň ýetirilşi boýunça milli iş topary (link), jemgyýetçilik guramalary (link), şeýle-de Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary (link) bilen geçirlen 3 aýry duşuşykdan ybarat bolan webinarlaryň tapgyryny tamamlady.

Webinarlaryň ählisi Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň maliýe goldawy bilen “Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleriniň täsirini azaltmak” atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde geçirildi. Soňky geçirlen webinara Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň has takygy Türkiýe, Ukraina, Belarus, Hindistan respublikasynda we Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan 2005-nji ýylda BMG-niň Transmilli guramaçylykly jenaýatçylyga garşy Konwensiýasy we onuň 3 goşmaça protokoluna, şol sanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça protokoluna goşuldy. Protokoly ýerine ýetirmek maksady bilen 2014-nji ýylda Türkmenistanda degişli ministrlikleri, döwlet edaralaryny we jemgyýetçilik guramalaryny öz içine alýan Milli iş topary döredildi. Häzirki wagtda Türkmenistan Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň ikinjisini amala aşyrýar. (PDF)

Webinaryň barşynda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň wekilleri MHG-nyň halkara hünärmeni Tatýana Fomina tarapyndan adam söwdasynyň häzirki zaman tendensiýalary, bu hadysa garşy göreşmekde ýüze çykýan kynçylyklar, şol sanda COVID-19 pandemiýasy, adam söwdasyna pida bolanlary kesgitlemegiň innowasion çemeleşmesi, elektron aragatnaşygyň usullaryny ulanmak arkaly adam söwdasynyň öňüni almak we pida bolanlary kesgitlemegiň mümkinçilikleri, adam söwdasyna garşy göreşmekde halkara hünärmenleriniň maslahatlary we guramanyň döwrebap tejribeleri bilen tanyşdyryldy. Hünärmen Fominanyň belleýşi ýaly: "Adam söwdasy, ilçihanalardan we konsullyklardan iň soňky tendensiýalardan habardar bolmagy talap edýän çylşyrymly we köp ölçegli hadysadyr".

Hünärmeniň çykyşlaryndan soň MHG-nyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Azat Atajanow pandemiýanyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndan baran migrantlara ýetiren täsiri barada MHG tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynda we Russiýa Federasiýasynda geçirlen barlag-gözleg işleri barada aýtdy. Mundan başga-da wekilhananyň başlygy migrasiýa ulgamyny dolandyrmakda we göçüş edýän adamlary üstaşyr geçip barýan we barýan ýurtlaryndaky ýagdaýlar we mümkinçilikler barada maglumatlar bilen üpjin etmek maksatly MHG tarapyndan döredilen “Migrantlary Hasaba almagyň programma üpjünçiligi” (MiRA) we “MigApp” programma üpjünçiligi bilen tanyşdyrdy. “Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan adam söwdasyna garşy göreşmekde möhüm tejribe gazandy. Bu bolsa Türkmenistanyň hökümeti bilen MHG arasyndaky hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýar. Bu hyzmatdaşlygyň Adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň çäklerinde, adam söwdasyna pida bolanlara kömek etmek üçin Milli ugrukdyryş mehanizminiň tiz wagtda we doly ýagdaýda işe girizilmegine sebäp boljakdygyna ynanýarys” diýip, Azat Atajanow sözüniň ahyrynda belledi.

Döwletgeldi Çaryýew

Döwletgeldi Çaryýew

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz