Press reliz

Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen milletler guramasynyň “Spotlight” başlangyjynyň çäginde Merkezi Aziýanyň jemgyýetçilik guramalaryna 15 sany kiçi grant bölünip berildi

05 maý 2021

  • Şu gün Merkezi Aziýa we Owganystan üçin “Spotlight” başlangyjynyň sebit maksatnamasynyň VI sütüniniň çäginde kiçi grantlary bölüp bermek çäresi geçirildi. Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan ýaly ýurtlardan grant alýan guramalaryň 15 sany wekili öz işlerini we ýakyn wagtda geçiriljek çärelerini tanyşdyrdy. Grantyň umumy býudjeti 409000 ABŞ dollaryndan gowrak.

Bu grantlar COVID-19-yň çäklerinde jyns esasly zorlugyň, şol sanda maşgaladaky zorlugyň we iş ýerinde jynsy zorlugynyň öňüni almak we ýok etmek maksady bilen, raýat jemgyýeti guramalarynyň institusional mümkinçiliklerini ösdürmek we güýçlendirmek ugrunda çäreleriň çäkli sanyny maliýeleşdirmek üçin niýetlenendir.

BMG-niň Gazagystanda Hemişelik utgaşdyryjysy Miçaela Friberg-Storeý ýygnananlara ýüzlenip, şeýle belledi: “Aýallaryň hukuklary boýunça we ownuk jemgyýetçilik guramalary ýaly raýat jemgyýeti guramalary ösüş babatda möhüm orny eýeleýär, sebäbi olar diňe bir pudaklaryň arasynda jemgyýetler bilen institusional hyzmatlaryň arasyndaky salgylanyş ulgamlaryny we baglanyşyklaryny işläp düzmek bilen çäklenmän, zorlugyň we diskriminasiýanyň ähli görnüşlerine sezewar bolan adamlara hem giňişleýin hyzmatlary edýär”.

COVID-19 çökgünligi diri galanlar üçin adalata bolan ygtyýaryny çäklendirýär, sebäbi döwlet edaralary işini azaldýar. Diri galanlar üçin saglyk hyzmatlary babatda päsgelçilik döreýär, çünki aşa köp derejede ýüklenen saglyk ulgamlary ünsüni başga ýere gönükdirýär. Hereket çäklendirmeleri raýat jemgyýeti guramalarynyň diri galanlary goldamak ukybyny bozýar, iňňän möhüm halas ediji hyzmatlary az derejede edýär.

“Raýat jemgyýeti pandemiýa döwründe aýal-gyzlar babatda edilýän zorluga garşy global çäreleriň öňünde durmagyny dowam etdirýär. Hiç bir zenany ýa-da gyzy yzda galdyrmazlyk üçin, bu guramalaryň degişli derejede maliýeleşdirilmegi hökmanydyr. Aýal-gyzlaryň hukuklaryny goraýjy guramalar “Spotlight” başlangyjynyň üns merkezindedir. Bu ägirt uly maksada ýetmek üçin, hemme taraplaýyn çemeleşme we esasy hyzmatdaşlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk zerurdyr. Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň hökümetleriniň we raýat jemgyýetleriniň doly gatnaşygy bolmazdan, “Spotlight” başlangyjy üstünlik gazanyp bilmez” –diýip, Gazagystanyň ÝB wekilýetiniň hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Ýohannes Stenbaek Madsen nygtady.

“Spotlight” başlangyjy jyns deňligi we zorlugy aradan aýyrmak ugrunda möhüm, bilelikdäki we hemmetaraplaýyn maýa goýumlarynyň zenanlaryň we gyzlaryň durmuşynda üýtgeşiklik döredip biljekdigini görkezýär. Başlangyjyň global gaznalarynyň 50%-niň raýat jemgyýeti guramalary üçin bölünip berlendigi barada bellemek zerur.

“Saýlanan 15 sany grant alyjylar COVID-19 kontekstinde maşgaladaky zorluga garşy göreşmek üçin guramaçylyk ulgamlaryny, gurallaryny we amallaryny tanyşdyryp we kämilleşdirip biler. Olaryň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn hyzmatlary bermek, görkezmeleri, gollanmalary we beýleki bilim önümlerini işläp düzmek, beýlekiler bilen bir hatarda netijeli hyzmat bermek we dikeltmek; indiki teklipler bilen jyns esasly zorluga degişlilikde derňew, gözleg we kanuny synlar geçirmek arkaly güýçlendiriler” – diýip, Gazagystanda BMG-niň Zenanlar birleşiginiň wekili Mariýa Dotsenko belledi.

Grantlar Gazagystanyň 5 sany guramasyna berildi: Kaýsar jemgyýetçilik gaznasy, Doktor S.N. Jemgyýetçilik gaznasy, “NeMolchi.kz” jemgyýetçilik gaznasy atly Zorluga garşy jemgyýetçilik hereketi, Ösüş we ilata durmuş goldawy merkezi “Moý dom” (“Meniň jaýym”) jemgyýetçilik birleşigi, Žartas Gazagystan jemgyýetçilik gaznasy;

Gyrgyzystanyň 3 sany guramasyna berildi: Dikeldiş merkezi “Kaniet” jemgyýetçilik gaznasy, “Oňyn gepleşik” jemgyýetçilik gaznasy, “Tendeş” jemgyýetçilik guramasy;

Täjigistanyň 3 sany guramasyna berildi: “Mumtoz” jemgyýetçilik guramasy, “Lojvar” jemgyýetçilik guramasy, “Hukuk dünýäsi” jemgyýetçilik guramasy

Özbegistanyň 4 sany guramasyna berildi: NIHOL Başlangyjynyň Ösüş we goldaw merkezi, Raýatlaryň başlangyçlaryna goldaw beriş merkeziniň Fergana sebit bölümi, Horezm welaýatynyň Istikbol Zenanlar merkezi, “Kalb Nury” merkezi.  

 

Maglumat:

“Spotlight” başlangyjy (SI) 2030-njy ýyla çenli Ýewropa Bileleşigi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda aýal-gyzlara garşy edilýän zorlugyň ähli görnüşlerini ýok etmek ugrunda global, köp ýyllyk hyzmatdaşlykdyr. Merkezi Aziýada we Owganystanda “Spotlight” başlangyjy kanunçylyk we syýasat babatda ýetmezçilikleri çözýär, edaralary güýçlendirýär, jyns taýdan deňhukukly garaýyşlary öňe sürýär we diri galanlar üçin ýokary hilli hyzmatlary üpjün edýär. Gatnaşyklar aýal-gyzlara we zenanlaryň hereketlerine garşy zorluk barada maglumat ýygnamak ulgamlaryny güýçlendirýär. Başlangyç bar bolan tagallalary birleşdirýär we sebit edaralarynyň we dürli hyzmatdaşlaryň işini doldurýar. Has giňişleýin maglumat şu salgyda www.spotlightinitiative.org

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

EU
European Union
UN Women
BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz