Press reliz

Tapmaçanyň ýetmeýän bölegi: “Şar Planina” milli seýilgähiniň açylmagy Ýewropanyň iň uly serhetüsti goragly çäklerini döretdi

01 iýul 2021

  • Milli seýilgäh Birleşen Milletler Guramasynyň ekosistemalary dikeltmek boýunça onýyllygynyň yglan edilmeginden soň dünýäde ilkinjileriň biridir.
  • Täze seýilgähde howp abanýan Balkan gum pişikleri üçin has köp ýer bar.

Demirgazyk Makedoniýada Şar Planina milli seýilgähiniň döredilmegi Ýewropanyň serhetüsti goralýan iň uly sebitleriniň biri üçin tapmaçanyň soňky böleginiň taýýardygyny aňladýar. 627,05 inedördül kilometrlik täze milli seýilgähiň tassyklanmagyndan soň, umumy meýdany 2400 inedördül kilometre barabar serhetüsti goralýan çäk döredildi.

Tokaýlaryň bikanun çapylmagy şu wagtda çenli dag gerşine täsir edip, suw joşmalarynyň ýygylygynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýardy; 2021-nji ýyldaky Bütindünýä daşky gurşaw gününden we BMG-niň ekosistemany dikeltmek boýunça onýyllygynyň başlanmagyndan soň gysga wagtyň içinde yglan edilen täze seýilgäh gymmatly ekosistemalary we ýaşaýyş ýerlerini berk ýagdaýda gorar.

“Şar Planina milli seýilgähini döretmek ýaly taryhy kararlar, Ýerdäki ähli ýaşaýşy saklaýan tebigatyň saglygyny ýokarlandyryp biler. Ekosistemany dikeltmek görnüşleriň ýitip gitmegini haýallatmak ýa-da üýtgetmek üçin hem möhümdir” – diýip, BMG-niň daşky gurşaw boýunça Ýewropa maksatnamasynyň müdiri Bruno Possi belledi . “Bu syýahatda Demirgazyk Makedoniýa bilen bilelikde bolmak ÝUNEP üçin uly hormatdyr. Çünki, tebigy baýlyklaryndan birini goramaga hut raýatlar öz wekilleriniň üsti bilen razy boldular.”

“Bu Şara. Bu biziň täze milli seýilgähimiz. Biz bu işi amala aşyrdyk. Biz gaty köp işledik. Oňa 27 ýyl gerek boldy. Hemmeleri gutlamagy isleýärin. Bu syýahatçylygyň we infrastrukturanyň ösmegine ýardam berer. Bu bize we bu ýerde ýaşaýan raýatlara bu ýere ýaşamaga we bu ýerde işlemäge mümkinçilik döreder. Biz oňa buýsanýarys. Dünýäniň bu barada bilmegini isleýäris” - diýip, Demirgazyk Makedoniýanyň Daşky gurşaw we çägi meýilleşdiriş ministri Naser Nuredini aýtdy.

Köp ýyllap dowam eden milli çekişmelerden soň, Demirgazyk Makedoniýanyň Daşky gurşaw we çägi meýilnamalaşdyryş ministrliginiň Tebigat bölümi giňişleýin maslahat beriş işini tamamlady. Jemgyýetiň dürli gatlaklary, şol sanda awçylar we daşky gurşaw guramalary, birek-biregiň zerurlyklaryny we garaýyşlaryny kanagatlandyrmak we gutarnykly ylalaşyga ýol açmak üçin tagallalaryny güýçlendirdiler. Düýn agşam 66 deputatyň aglaba köplügi Demirgazyk Makedoniýa Respublikasynyň Mejlisinde ses berip, Şar Planina milli seýilgähini yglan etmek ugrunda ses berdi we bu olaryň ýurdunyň taryhynda täze ýaşyl sahypa boldy.

“Bu ýerde zawodlar ýa-da şuňa meňzeş zatlar ýok - diňe daglar bar. Şar Planina milli seýilgähe öwrülse, has gowy geljege umyt edýäris. Biziň üçin, syýahatçylar üçin we hemmeler üçin” – diýip, ses berişiň öň ýanynda Weşala şäherinden goýundan Reşit Reşiti belledi.

Demirgazyk Makedoniýa Ýewropanyň biodürlüliginiň iň ýokary bolan nokady. Ýurduň ösümlik görnüşleriniň üçden iki bölegi[i], şol sanda köp sanly endemiki görnüşler, Şar Planinada ösýär. Diňe şu ýerde derman ösümlikleriniň 70-den gowrak görnüşi ýygnalyp ulanylýar. Baha berlişe görä, ýurtda elli töweregi howp abanýan Balkan gum pişikleri galypdyr, emma häzirki wagtda olar has ygtybarly geljegi bolup biljek haýwanlaryň arasynda.

“Şara Demirgazyk Makedoniýanyň ähli biodürlüliginiň möhüm bölegidir. Bu ýerde biz möjekler, aýylar, gum pişikleri we tilkiler ýaly haýwanlara duşup bileris” - diýip, Şar Planinada işleýän hünärmen dag gidi Metodi Çilimanow aýtdy. “Tebigatyň kömegi bilen, Şar Planinada çaý we çigildem, şeýle hem bu ýerde ösýän ajaýyp şafran bar” – diýip, Metodi elindäki gül çekilen tatuirowkasyny açyp görkezdi.

Şar Planina milli seýilgähi daşky gurşawy goramagyň dürli derejeleri bolan dört zolaga  bölünen. Buzluk köllerinden we torf ýerlerinden ybarat bolan we meýdanyň 25%-ini öz içine alýan iň berk goralýan zolakda diňe ylmy gözleglere, adaty öri meýdanlaryna we bellikli ýollarda gezelenç etmäge rugsat berler. Bu ýerde aw etmek, motorly ulaglary ulanmak, düşelge gurmak we täze jaý gurmak gadagan ediler. Şol bir wagtda, seýilgähiň meýdanynyň ýarysyny öz içine alýan we iň möhüm tokaý ekosistemalaryndan ybarat bolan işjeň dolandyryş zolagynda tebigaty gorap saklamaga ýaramaz täsir etmeýän hojalyk çärelerine rugsat berler. Mysal üçin, gelýänler üçin agaç we daş desgalar we täze öri meýdanlarynyň gurulmagyna rugsat berler, milli seýilgähiň dolandyryş edarasy tarapyndan ulanylýan motorly ulaglara hem rugsat berler. Beýleki “durnukly ulanylyş zolagy” Şar Planinanyň 22 göterimini öz içine alýar we infrastrukturadan hem-de şäherçelerden ybarat bolýar. Zolakda lyža göterijileri ýa-da gidroelektrik stansiýalary ýaly täze esasy infrastrukturanyň gurulmagy gadagan ediler, emma belli bir ýerlerde düşelgeleri ýerleşdirmek we myhmanlaryň maglumat merkezlerini gurmak hem mümkin bolar. Mundan başga-da, Popowa Şapka dag lyža kurortynyň töwereginde “bufer zolagy” bolar, onda kurortyň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmak üçin çäreler görülmeli. Seýilgähiň zolaklarynda nämä rugsat beriljekdigi barada has giňişleýin maglumat ýakyn aýlarda kesgitlener.

Seýilgähiň meýdany 26000-den gowrak ilaty bolan 30 sany obany öz içine alýar. 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçirilen soralyşykda Şar Planinada ýaşaýanlaryň 82% -niň resmi habary goldaýandygy görkezildi. Seýilgähiň ekologiki we etno-syýahatçylyk we maldarçylyk ýaly ugurlarda täze mümkinçilikleri açmagyna garaşylýar. Şol bir wagtda, peýnir, bal we çaý ýaly adaty iýmitler, şeýle hem aýdym-saz halk döredijiligi daglarda üpjün edilip bilner.

Božowets obasyndan at ösdürip ýetişdirýän Dursim Ruşani: “Şar Planinany milli seýilgäh diýip yglan edenimizden soň, bu azatlygy gorap saklamaly we Şar Planinasynyň ähli gymmatlyklaryny we gözelliklerini gorap bilmäge ukyply bolmalydyrys” – diýip belledi.

2016-njy ýylda Global daşky gurşaw gaznasynyň (GEF) goldawy bilen girizilen ÝUNEP-iň taslamasy Şar Planina milli seýilgähiniň döredilmegine goşant goşdy. Taslamanyň çäginde möhüm meseleler boýunça ylalaşyk tapmagyň çylşyrymly prosesiniň bir bölegi hökmünde seýilgähiň gyzyklanýan taraplarynyň arasynda birnäçe ýygnak gurnaldy. Mundan başga-da, sebite daşky gurşawa abanýan howplary we milli seýilgähiň döredip biljek mümkinçiliklerini kesgitlemek üçin baha beriş barlaglary we durmuş-ykdysady gözlegler geçirildi. Geljekki tokaýçylar indi seýilgähi dolandyrmak üçin tälim alýarlar we ýerleriň zaýalanmagyna ýakyndan gözegçilik ediler.

Biologiki dürlülik baradaky konwensiýa Taraplar konferensiýasynyň on bäşinji ýygnagyny oktýabr aýynda Hytaýyň Kunmin şäherinde geçiriler. Bu ähmiýetli ýygnak ýurtlaryň ýer zaýalanmagyny duruzmak we yzyna gaýtarmak üçin global hereketi başlatmagy maksat edinýär. Milli goraljak ýerleriň paýy üçin täze maksatlary öz içine alýan biodürlüligiň täze çarçuwasy dörediler.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň aprel aýynda çykaran karary Agza döwletleri serhetüsti goralýan ýerleri köpeltmek bilen birlikde ýaşaýyş ýerleriniň aragatnaşygyny saklamaga we gowulandyrmaga çagyrdy. Demirgazyk Makedoniýa dünýäde serhetden daşary ýabany tebigaty birleşdirjek täze milli seýilgähi iň soňky bolup hödürledi.

Goşmaça çeşmeler

Mediýa makalalaryna goşuljak suratlary we ýaýlyma taýýar wideolary we sitatalary ýükläň.

REDAKTORLARLAR ÜÇIN BELLIKLER

BMG-niň ekosistemalary dikeltmek boýunça onýyllygy barada

2021–2030 ýý. üçin Ekosistemalary dikeltmek üçin onýyllyk dünýädäki ekosistemalary adamlaryň we tebigatyň peýdasyna goramak we dikeltmek üçin çagyryşdyr. Ol ekosistemalaryň zaýalanmagyny duruzmagy we global maksatlara ýetmek üçin olary dikeltmegi maksat edinýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy Birleşen Milletler Guramasynyň onýyllygyny yglan etdi we oňa Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasy we Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy ýolbaşçylyk edýär. BMG onýyllygy dikeldişi çaltlaşdyrmak we dünýäni durnukly geljege gönükdirmek üçin güýçli, giň esasly global hereketi kemala getirýär. Bu dikeldiş üçin syýasy itergisiniň döredilmegini, şeýle-de müňlerçe ýerli başlangyçlary öz içine alar.

Has giňişleýin maglumat ýa-da söhbetdeşlik soramak üçin aşakdaky adamlar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Alehandro Laguna, ÝUNEP-iň Ýewropanyň ofisiniň maglumat boýunça hünärmeni, +41 766910848, laguna(@)un.org

Mark Grassi, ÝUNEP-iň Ýewropanyň ofisiniň maglumat kömekçisi, +41 788750086 mark.grassi(@)un.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz