Press reliz

BMG-niň Baş sekretary birsydyrgyn bolmadyk global dikelişiň we geljekde çökgünlikleriň öňüni almak üçin iş üpjünçiligi we durmuş taýdan goraglylygy ýaly meselelerde tiz çäreleriň görülmegine çagyrýar

27 sentýabr 2021

  • Birsydyrgyn bolamdyk dikeliş ynamyň we raýdaşlygyň pese düşmegine sebäp bolar we şeýlelik bilengeljekde ýüze çykyp biljek çökgünliklere, şol sanda howanyň üýtgemegine garşy dünýäniň durnuklylygyny gowşadar.
  • Sentýabr aýynyň 28-ne Baş sekretar dünýäniň ýolbaşçylaryny hereketlerini tizlendirmek üçin çagyrar.
  • Iş üpjünçiligi we durmuş taýdan goraglylygy babatynda täze global tizlendiriji 400 million iş orunlaryny döretmek we häzirki wagtda goragsyz galan 4 milliard adama durmuş taýdan goraglylyk hyzmatlarynyýaýbaňlaşdyrmak üçin ýola goýuldy.

"Işe baý bolan ösüşe, durmuş taýdan goraglylyga we uglerod zyňyndylarynyň ýok bolan geljegine, esasanam pes girdejili ýurtlarda, adalatly geçiş üçin maýa goýmak ösen we ösýän ýurtlaryň arasynda COVID-19 pandemiýasy zerarly deňsizligiň ýokarlanmagynyň öňüni alyp biler",- diýip BMG-niň Baş sekretary António Guterriş şu gün çap edilen synynda aýtdy.

Zähmet bazaryndaky sarsgynlara garşy dessin çäreleri görmek we adalatly geçişi goldamak üçin 982 milliard ABŞ dollary, şeýle hem pes we orta girdejili ýurtlary durmuş taýdan goraglylyk hyzmatlary bilen üpjün etmeküçin her ýylda 1,2 trillion ABŞ dollary möçberinde maliýe höweslendiriş çäreleri zerurdyr. Hiç bir ösen ykdysadyýet durmuş taýdan goraglylyk hyzmatlaryna, şeýle hem adamlara agyr durmuş şertlerini ýeňip geçmek üçin gerekli bolan goldawy berýän ýokary hilli jemgyýetçilik hyzmatlaryna maýa goýmazdan ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanyp bilmedi.

2020-nji ýylda mart we dekabr aýlary aralygynda milliarderleriň baýlygy 3,9 trillion dollardan gowrak artan hem bolsa, pandemiýanyň iş dünýäsine edýän täsiri, beýleki ýagdaýlar bilen birlikde, aşa garyplaryň sanyny 119 bilen 224 million aralygynda artdyrdy – bu bolsa 21 ýylyň içinde garyp adamlaryň sanynyň ilkinji gezekýokarlanmagydyr.

  • 2020-nji ýylda doly iş gününde işleýän 255 million işgärleriň bir ýylda işlän sagadyna deň bolan jemi iş sagadynyň 8,8 %-mi ýitgi çekildi.
  • Bu bolsa hökümetiň goldawyndan öň 3,3 trillion ABŞ dollary möçberinde zähmet girdejisiniň ýitgisine laýykdyr.
  • Çökgünlikden öňki döwür bilen deňeşdirilende, pandemiýa sebäpli 2021-nji ýylda, iş orunlary 75 million az bolar, 2022-nji ýylda bolsa iş orunlar 23 million az bolar diýlip çaklanylýar.

Baş sekretaryň syny işe baý, durnukly we durmuş taýdan öz içine alyjy dikeldiş üçin gyssagly ýagdaýda maýa goýmaga çagyrýar. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin dünýäni täzeden ýola goýmak we global işçi güýjüniň 40 %-ine barabar bolan 1,2 milliard iş orunlaryny howp astynda saljak ýagdalar, ýagny, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň zaýalanmagy bilen baglanyşykly barha artýan töwekgelçilikleriň çözgüdini tapmak üçin zerur bolan maýa goýumlaryny ýokarlandyrmak üçin döwlet we hususy pudaklar maliýe serişdelerinden peýdalanmalydyrlar.

Adamlaryň bähbidine gönükdürilen pandemiýadan soň dikeldiş adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem tiz üýtgeýän iş dünýäsiniň kynçylyklaryny ýeňip geçmekde we 2050-nji ýyla çenli uglerod zyňyndylarynyň ýok bolan dünýäsine geçmekde ýardam etmek üçin iş üpjünçilik we durmuş taýdan goraglylyk syýasatynyň bilelikde hereket etmegi zerurdyr.

Iş orunlaryny döretmek üçin çäreleri tizleşdirmek

Işe baý bolan dikeldişi, şeýle hem durnukly we öz içine alyjy ykdysadyýete tarap adalatly geçişi gazanmak üçin BMG-niň Baş sekretary azyndan 400 million iş orunlaryny döretmek we 4 milliard zenan, erkek we çagalar üçin durmuş taýdan goraglylygy giňeltmek maksady bilen iş orunlaryny döretjek we durmuş taýdan goraglylygy berkitjek global hereketleri tizleşdirmäge çagyrýar.

Bu maksada ýetmek üçin “Garyplygy aradan aýyrmak we durnukly dikeldiş üçin iş orunlaryny döretmek we durmuş taýdan goraglylygy üpjün etmek üçin maýa goýmak” atly syny birnäçe çäreleri görmegi maslahat berýär:

  • Iş orunlaryny döretmek üçin, esasanam ideg we ýaşyl pudaklarda, bütindünýä durmuş taýdan goraglylyk pudagynda we adalatly geçiş üçin toplumlaýyn milli we öz içine alyjy dikeldiş strategiýalaryny işläp düzmek we bu strategiýalaryň makro-ykdysady we salgyt syýasatlaryna laýyk gelýändigine we ygtybarly maglumatlar bilen berkidilendigine göz ýetirmek.
  • Milli býudjetlerde jemi içerki önümiň göterimi hökmünde durmuş taýdan goraglylyk ulgamyna maýa goýumlaryny artdyrmak.
  • Resmi bolmadyk ykdysadyýet pudagynda işleýän işgärler üçin durmuş taýdan goraglylyk ulgamynygiňeltmek, şeýle hem kärhanalaryň we iş üpjünçiliginiň yzygiderli ösmegi üçin, şol sanda ideg ykdysadyýetinde, syýasy çäreleri işläp düzmek.
  • Işgärlere iş orunlaryny saklamak ýa-da çalyşmak, ýaşyl we sanly geçişlere uýgunlaşmak üçin hünär derejesini ýokarlandyrmak we täze hünär başarnyklaryny gazanmak üçin işjeň zähmet bazar syýasatyny döretmek.
  • Iş bilen üpjün etmek, durmuş taýdan goraglylygy berkitmek we adalatly geçiş, şol sanda Karz almak hakynda kanundan peýdalanmak üçin mätäç ýurtlaryň milli dikeldiş strategiýalaryny goldamak maksady bilen maýa goýumlaryny artdyrmak üçin oňat maliýeleşdiriş çärelerini işläp düzmek.
  • Telekeçiligi ösdürmek, başarnyklar boşlugynyň öwezini dolmak üçin hususan-da zenanlaryň eýeçiligindäki kärhanalary ösdürmek üçin strategiki pudaklaryna maýa goýumlaryny ýokarlandyrmak maksady bilen hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak.
  • Uglerod zyňyndylarynyň ýok bolan ykdysadyýetine geçiş döwürde ilatyň ejiz gatlaklarynyň yzda galmazlygyny üpjün etmek üçin strategiýalary Howa babatynda Pariž şertnamasyna laýyklykda işläp düzmek.

üpjünçiligi we garyplygy aradan aýyrmak üçin durmuş taýdan goraglylyk boýunça ýokary derejeli çäre

BMG-niň Baş sekretary 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 28-ne Günorta Ýewropa wagtyndan sagat 09.00-dan12.00 çenli (15.00-18.00 Günorta Ýewropa wagty) BMG-niň binasynda wirtual görnüşde ýokary derejeli ýygnakda gatnaşyjylary syny bilen tanyşdyrar. Duşuşyk Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde geçirilýär.

Ýurtlaryň ýolbaşçylary, şeýle hem iri halkara guramalarynyň, köptaraplaýyn banklaryň we maliýe guramalarynyň, raýat jemgyýetiniň, hususy pudagyň we ylmy pudagyň ýolbaşçylary bilen bilelikde maliýeleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Iş üpjünçiligi we garyplygy aradan aýyrmak üçin durmuş taýdan goraglylyk boýunça ýokary derejeli ýygnagynyň açylyş dabarasynda BMG-niň Baş sekretary çykyş eder, soň bolsa Jamaýkanyň premýer-ministri jenap Endrýu Holnes “COVID-19 döwründe we ondan soňky döwürde ösüşi maliýeleşdirmek boýunça başlangyjyň” egindeş guramaçysy we Halkara zähmet guramasynyň baş müdiri jenap Gaý Raýder çykyş ederler. Ondan soň, Halkara maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, döwletleriň we hökümetleriň baştutanlary, şeýle hem halkara guramalary maliýeleşdirmek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Baş sekretaryň orunbasary Amina Mohammed jemleýji çykyşyny eder.

Duşuşyk, Halkara Zähmet Guramasynyň goldawy bilen “COVID-19 döwründe we ondan soňky döwürde ösüşi maliýeleşdirmek boýunça başlangyjyň” howandarlygynda gurnalýar.

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Birleşen Milletler Guramasy: Den Şepard, elektron poçta: shepard@un.org, tel: +1 646 675 3286

Halkara zähmet guramasy: Ember Bart, elektron poçta: barth@ilo.org, tel: +1 212 697 0150

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

ILO
Halkara zähmet guramasy
UN
Birleşen Milletler Guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz