Ýokary derejede geçirilen maslahata Türkmenistanyň Hökümetiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Merkezi Aziýanyň, Türkiýäniň we Eýranyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle hem Bütindünýä Banky, USAID, GIZ, he-de beýleki halkara we maliýe guramalarynyň hünärmenleri gatnaşdy.
Maslahatyň birinji gününde ministrler ýygnagy geçirildi, oňa Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Oba hojalyk ministrleri, Eýranyň Oba hojalygy ministriniň orunbasary, FAO-niň Baş direktorynyň orunbasary hem-de Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili, şeýle hem halkara guramalarynyň we köptaraplaýyn ösüş banklarynyň wekilleri gatnaşdylar we suwuň ýetmezçilik edýän döwründe howanyň üýtgemeginiň oba hojalygyna we azyk howpsuzlygyna edýän täsiri we sebitleýin hyzmatdaşlyk barada pikir alyşdylar.
"Azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin durnukly oba hojalygy, esasanam howanyň üýtgemegi şertlerinde biziň ýurdumyz üçin ileri tutulýar we Türkmenistan bu meselelere giňden üns berýär” diýip, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministri jenap Allanur Altyýew aýtdy.
"Oba hojalygyny netijeli we durnukly ösdürmek üçin şu günki ýaly çäreleri geçirmek möhümdir, sebäbi bu çäreler umumy we subut edilen çözgütleri tapmak üçin forum bolup hyzmat edýär" – diýip, FAO-nyň Baş direktorynyň orunbasary hem-de Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili Wladimir Rahmanin aýtdy.
Halkara maslahatyň ikinji gününde umumy mejlis ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary jenap Annageldi Ýazmyradow, FAO-niň Baş direktorynyň orunbasary hem-de Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wekili Wladimir Rahmanin, Eýran Yslam Respublikasynyň Wise-prezidenti we Daşky gurşaw bölüminiň müdiri, jenap Ali Salajege,UNEP-iň ekosistemalar bölüminiň müdiri hanym Sýuzan Gardner, Bütindünýä bankynyň ýerine ýetiriji direktory jenap Dominik Fawr we BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan açyldy. Ondan soň iki mowzuklaýyn sessiýalar geçirildi, onda çykyş edenler howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy we iýmitleniş barada öz pikirlerini teklip etdiler. Hususan-da, gatnaşyjylar uýgunlaşma we howanyň üýtgemeginiň täsirlerini azaltmak, bu ugurda maksatlaýyn taslamalara we maksatnamalara maýa goýumlaryny köpeltmegiň mümkinçilikleri we sebit boýunça ýurtlara öz durnukly azyk ulgamlaryny işläp düzmäge we durmuşa geçirmäge ýardam etmek üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar. Bar bolan halkara tejribesine esaslanyp, gatnaşyjylar sebitleýin we global derejede azyk meseleleriniň çözgüdini tapmak üçin görnükli çözgütleri, şol sanda Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi boýunça sebitleýin tehnologiýa merkezini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
"Türkmenistanda BMG Türkmenistanyň Hökümetine azyk pudagynda sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen işleri durmuşa geçirmäge goldaw bermegini dowam etdirer". – diýip, BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy.
Ýokary derejeli maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň arasynda birnäçe resminamalara gol çekildi.
Çäräniň ahyrynda, gatnaşyjylar şeýle çekişmeleriň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly azyk we howpsuzlyk pudagynda umumy maksatlara ýetmekde has güýçli we netijeli hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýändigi barada belläp geçdiler.
Giňişleýin maglumat üçin:
Çary Nurmuhammedow
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy
BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen
chary.nurmuhammedov@un.org