Strategiki meýilleşdirme – jemgyýetçilik guramasynyň durnukly ösüşiniň kepili
31 oktýabr 2019
- Türkmenistanyň çäklendirilen mümkinçilikli adamlary goldaw merkezi dürli görnüşli gök-önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhana gurmaga Ýaponiýanyň ilçihanasyndan 65 müň ABŞ dollary möçberinde dolulygyna muzdsuz grant pul kömegini aldy. Bu iş jemgyýetçilik guramasyna goşmaça girdeji getirip, guramanyň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik döreder.
“Bu şunuň ýaly ilkinji taslama. Bize ynam bildirilip, şeýle ýyladyşhananyň gurluşygyna pul kömegi bölünip berlenine biz örän şat. Bu ýyladyşhana bize gurama hökmünde ösmäge hem-de biziň jemgyýetçilik guramamyzyň agzalaryny iş bilen üpjün etmäge ýardam berer.” – diýip, Türkmenistanyň çäklendirilen mümkinçilikli adamlary goldaw merkeziniň başlygy Spartak Ramazanow belläp geçýär.
2016-2018-nji ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň çäklendirilen mümkinçilikli adamlary goldaw merkeziniň agzalary BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň “Maksatnamalary we iş meýilnamalaryny işläp düzmäge gatnaşmak üçin jemgyýetçilik guramalarynyň mümkinçiliklerini artdyrmak” atly taslamasyna gatnaşdylar. Bu taslama guramany dolandyrmakda, strategiki meýilleşdirmekde, jemgyýetçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde we grant arzalaryny doldurmakda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendi.
BMGÖM-nyň taslamasynyň jemlenmegi bilen Türkmenistanyň çäklendirilen mümkinçilikli adamlary goldaw merkezi alnan bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak bilen, Ýaponiýanyň ilçihanasyna grant almak üçin özbaşdak taslamasyny hödürledi we çäklendirilen mümkinçilikli adamlar üçin iş ýerlerini döretjek hem-de merkeziň mümkinçilikleri giňeltjek we berkitjek bu taslama üçin maliýeleşdirmäni aldy.
“Şeýle çäreleriň geçirilmegi çäklendirilen mümkinçilikli adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär we otuzynjy ýyla çenli dunukly ösüşiň gün tertibiniň esasy ýörelgesini hiç kimi yzda goýmazdan durmuşa geçirmäge öz goşandyny goşýar” – diýip, BMG-nyň hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belläp geçdi.
Häzirki wagtda merkeziň ýyladyşhanasynda 4 adam hemişelik görnüşde işleýär. Merkez pomidor we bulgar burçy ýaly dürli görnüşli gök-önümleri ösdürip ýetişdirmek boýunça maslahat beriji kömeklerini hem alýar. Ýyladyşhanada alnan hasyly ýerli bazarda satmak meýilleşdirilýär. Merkez öz önümçiligini giňeldip, balyk hojalygy bilen meşgullanmagy hem meýilleşdirýär.
Bu taslama Merkeziň hojalygyna 3 gektar ýeri bölüp beren Ahal welaýatynyň häkimliginiň goldamagynda mümkin boldy.