BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy Aşgabatda 2019-njy ýylda Adam ösüşi hakyndaky Hasabatyny çykarýar
30 ýanwar 2020
- Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Girdeji çäklerinden daşary, ortaça görkezijileriň çäklerinden daşary, şu günüň çäklerinden daşary: 21-nji asyrda adam ösüşiniň deňsizligi” atly 2019-njy ýylyň Adam ösüşi hakyndaky global hasabatyň (HDR) temasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin 100-den gowrak hyzmatdaşlaryny, hususy sektoryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, raýat jemgyýetiniň we ylmy toparlaryň wekillerini ýygnady.
Bu görkezilişik Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde gurnaldy.
Görkezilişik BMG-nyň ÖM-nyň uly ykdysadyýetçisi Ben Slaýyň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysaýet ministriniň orunbasary jenap Muhammetgeldi Serdarowyň, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary jenap Çary Agamyradowyň hem-de Türkmenistanyň oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri jenap Allanur Altyýewiň gatnaşmagynda deňsizlik we ösüş meseleleri boýunça milli maslahat görnüşinde geçirildi.
“Bu ýyl gürrüň deňsizligiň ähli görnüşleri barada gidýär. Hasabatda görkezilişi ýaly, deňsizlik köpugurly konsepsiýa bolup, biz ortaça aýlyk hakynyň ýa-da ortaça ösüş tizliginiň ölçeginden daşlaşyp, onuň mazmunyna aralaşarys. Ösüş baradaky pikirlenmäniň üýtgemegi hemmeler üçin iň gowy çözgütleri we iň gowy syýasaty gözläp başlamak üçin zerurdyr” - diýip, jenap Ben Slaý belläp geçdi.
Maslahata gatnaşyjylara hasabatyň esasy netijeleri we habarlary, Türkmenistanyň hökümetiniň soňky 10 ýylyň dowamynda gazanylan ösüş hakyndaky teswirleri, şeýle hem durnukly ösüşe ýardam bermekde BMG-nyň ÖM-nyň orny görkezildi.
“DÖM-laryny kabul etmek we durmuşa geçirmek ýolunda Türkmenistan eýýäm uly üstünlikleri gazandy, emma çözülmäge degişli bolan hemişelik ösüş meseleleri bar. Türkmenistanyň hökümetiniň jogap beriş derejesini hem-de DÖM-lary boýunça we adam mümkinçiliklerini ösdürmek ugrunda BMG-nyň ÖM-sy bilen bilelikde işlemäge bolan taýýarlygyny görmek biz üçin ýakymly. Bu günki waka netijeli maslahatlary getirer hem-de BMG-nyň ÖM-sy bilen Türkmenistanyň hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňelder diýip umyt edýäris” – diýip, hanym Natiýa Naswlişwili, BMG-nyň ÖM-nyň hemişelik wekili belläp geçdi.
***
BMG-nyň ÖM Türkmenistanda her ýyl 10 million ABŞ dollaryna barabar maksatnamany durmuşa geçirýär. 70-e golaý işgärlerimiz bolup, biz 20 töweregi taslamalary durmuşa geçirýäris.