Press reliz

Öňdebaryjy gulluklar dünýäde öýken sowuklamasyna garşy göreşmek boýunça çäre görülmese, on ýylyň içinde 9 million çaganyň ýogaljakdygy barada habar berýär

02 fewral 2020

  • Doly iýmezlik, howanyň hapalanmagy we waksinalaryň hem-de antibiotikleriň elýeter bolmazlygy – öňüni alyp bolýan öýken sowuklamasy zerarly ölüme getirýän faktorlaryň käbiri. Bu kesel geçen ýyl her 39 sekuntda bir çaganyň aradan çykmagyna sebäp boldy

BARSELONA — Barselonada çagalaryň öýken sowuklamasy boýunça dünýäde ilkinji gezek geçirilen bütindünýä forumynyň (29-31-nji ýanwar) öňüsyrasynda geçirilen täze derňewiň netijelerine laýyklykda, öýken sowuklamasyna garşy göreş boýunça tagallalary işjeňleşdirmek öýken sowuklamasy we beýleki agyr keseller zerarly dokuz million çaganyň ölüminiň öňüni alyp biler.

Jon Hopkins uniwersiteti tarapyndan işlenilip düzülen nusga laýyklykda, öýken sowuklamasyny bejermek we onuň öňüni almak boýunça hyzmatlary giňeltmek bäş ýaşa çenli 3,2 million çaganyň ýaşaýşyny halas edip biler. Şol bir wagtda, ol “tolkun täsirini” döredip, onuň netijesinde beýleki agyr keseller zerarly 5,7 million çaganyň ölüminiň öňüni alyp bolar. Bu bolsa toplumlaýyn lukmançylyk hyzmatlaryna bolan zerurlygy belleýär.

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Hökümeti pnewmokokk waksinasyny immunizasiýa meýilnamasyna girizdi, bu waksina kiçi ýaşly çagalarda öýken sowuklamasynyň öňüni alyp biler. Iki aýlyk, dört aýlyk we on iki-on bäş aýlyk çagalara UNICEF-iň üsti bilen satyn alynýan waksina edilýär.

Öýken sowuklamasyna bakteriýalar, wiruslar we kömelejikler sebäp bolýar, bu kesel bilen kesellän çagalaryň öýkeni iriň we suwuklyk bilen dolup, olaryň dem alşy kynlaşýar. Öýken sowuklamasy çagalaryň ölüminiň esasy sebäpleriniň biri bolup, geçen ýyl bu kesel zerarly 800 müň çaga ýogaldy, ýagny her 39 sekunt bir çaga ýogalypdy. Öýken sowuklamasynyň käbir görnüşlerini waksinalaryň kömegi bilen öňüni alyp bolsa-da, we wagtynda anyklanan ýagdaýda arzan antibiotikler bilen bejerip bolsa-da, onlarça million çaga heniz hem waksina edilmedi, öýken sowuklamasynyň alamatlary bar bolan üçden bir çaga esasy lukmançylyk kömegi berilmeýär. 

Öýken sowuklamasy zerarly çaga ölümleriniň iň ýokary görkezijileri dünýäniň iň garyp ýurtlarynda bolup, iň garyp we çetleşdirilen çagalar bu keselden iň köp ejir çekýär. Çaklamalara görä, bu ýagdaý şu durşuna saklansa, 2020-2030-njy ýyllar aralygynda bäş ýaşa çenli 6,3 milliondan gowrak çaga ýogalyp biler. Indiki onýyllygyň dowamynda ölümleriň iň ýokary derejesi Nigeriýada (1,4 million), Hindistanda (880 müň), Kongo Demikratik Respublikasynda (350 müň) we Efiopiýada (280 müň) bellenilip bilner.

  Iýmiti gowulandyrmaga, antibiotikler bilen üpjün etmäge we waksinalary ýaýratmaga gönükdirilen saglygy goraýyş çäreleri, şeýle-de çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijilerini ýokarlandyrmak çagalaryň öýken sowuklamasyndan ölüm howpuny peseldýän esasy çäreler bolup, olar diareýa (2,1 million), sepsis (1,3 milliona) we gyzamyk (280 müň) ýaly keseller zerarly millionlarça çagalaryň ölüminiň öňüni alyp biler.

“Çagalary halas edeliň” atly halkara birleşiginiň ýerine ýetiriji müdiri Kewin Wotkins şeýle aýtdy:

“Halas edip bolan çagalaryň sany has ýokary, çünki nusga işläp düzülende lukmançylyk kislorodynyň elýeterliligi ýaly faktorlar we howanyň hapalanmagynyň derejesini peseltmek boýunça çäreler hasaba alynmandy, olar bolsa öýken sowuklamasynyň esasy faktorlary bolup durýar.” 

“Bu ýetip boljak netijeler. Ahlak nukdaýnazaryndan, waksinalaryň, antibiotikleriň we adaty kislorod bejergisiniň elýeter bolmazlygy zerarly millionlarça çaganyň ýogalmagyna ýol berip, hereket etmezlik kabul ederliksiz bolardy.”

UNICEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Genrietta For şeýle aýtdy:  

“Eger biz çagalaryň ýaşaýşyny halas etjek bolsak, öýken sowuklamasyna garşy göreşmeli. Häzirki wagtda koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýyň görkezişi ýaly, keseli wagtynda ýüze çykarmak we onuň öňüni almak zerur. Bu bolsa keseliň dogry anyklanylmagyny we dogry dermanlaryň bellenilmegini aňladýar. Ondan başga-da, bu iýmezlik, waksinalaryň we antibiotikleriň elýeter bolmazlygy öýken sowuklamasy zerarly ölümleriň esasy sebäplerini aradan aýyrmagy, şeýle-de howanyň hapalanmagy ýaly has wajyp meseleleriň çözülmegini aňladýar.”

Saglygyň görkezijilerini ölçemek we olara baha bermek boýunça institut tarapyndan geçirilen barlagyň netijelerine laýyklykda, atmosfera howasynyň hapalanmagy bütin dünýäde bäş ýaşa çenli çagalaryň arasynda öýken sowuklamasy zerarly ölümleriň 17,5 göterimine ýa-da bäşden bir bölegine sebäp bolýar. Öýüň içinde nahar taýýarlamak üçin ýangyjy ulanmagyň netijesinde howanyň hapalanmagy ýene 195 müň (29,4 göterim) ölüm sebäp bolýar.

Dünýäniň ilatynyň 91 göterimi görkezijileri BSG-niň görkezijilerine laýyk gelmeýän howadan dem alýar. Howanyň hapalanmagynyň gerimi öýken sowuklamasyna garşy göreşmegiň çäreleriniň giňelmeginiň netijeliligini peseldip biler.

Öýken sowuklamasy zerarly ölümleriň beýleki sebäplerine ýeterlik iýmezlik we waksinalaryň hem-de antibiotikleriň elýeter bolmazlygy degişli. Jon Hopkinsiň uniwersiteti tarapyndan işlenilip düzülen nusga laýyklykda, indiki onýyllygyň dowamynda 8,9 million öňüni alyp boljak ölümlerden ýeterli iýmezlik derejesini peseltmek boýunça tagallalaryň üsti bilen 3,9 million ölümiň öňüni alyp bolardy.

GAWI-niň (Waksinalar boýunça birleşiginiň) baş ýerine ýetiriji direktory doktor Set Berkli şeýle aýtdy:

“Pnewmokokk öýken sowuklamasy aňsat ýagdaýda öňüni alyp bolýan we, adatça, bejerip bolýan kesel bolup, hiç bir ene-ata bu kesel zerarly çagasyny ýitirmeli däl. Soňky on ýylyň içinde biz pnewmokokk keseline garşy waksina edilýän çagalaryň sanyny köpeltmek babatda öňegidişliklere ýetdik. Şeýle ölüm howly keselden indiki nesli goramak ugrunda tagallalary etmek biziň üçin iňňän wajyp bolup durýar. Hemaýatkärleri çekmek boýunça iýun aýyndaky GAWI maslahaty bu işde bize kömekleşmek üçin halkara jemgyýetine mümkinçilik berer.”

Barselonanyň Bütindünýä saglygy goraýyş institutynyň (ISGlobal) ylmy professory we Çagalaryň öýken sowuklama keseli boýunça bütindünýä forumynyň başlygy Kike Bassat şeýle aýtdy: 

“Dünýäde çagalaryň ölümine iň köp sebäp bolýan kesel boýunça barlag geçirmegiň çäklendirilen bütindünýä maliýeleşdirmesi babatda, ony indi inkär edip bolmaýar. Ylmy barlaglar we innowasiýalar syýasatyň üýtgemegine getirmeli we öýken sowuklamasy zerarly ölüm derejesiniň geljekde peselmegi üçin ýol goýmaly.”

Her dem gerek” atly birleşigiň utgaşdyryjysy Leýt Grinsleýd şeýle aýtdy:

 “Bu derňewiň netijelerine laýyklykda, çagalary öýken sowuklamasyndan goramak boýunça bilelikdäki hereketler çagalaryň ýaşamagy ugrunda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça milli tagallalary hakykatdan hem işjeňleşdirip biler. Hökümetler we ösüş boýunça halkara guramalar iň ejiz çagalary az iýmitlenmek we howanyň hapalanmagynyň täsiri ýaly meselelerden goramak babatda tiz çäreleri kabul etmeli, şeýle-de bu çagalaryň öýken sowuklamasyna garşy waksinalar we olar kesellän ýagdaýda tiz anyklaýyş hyzmatlary, çagalara laýyk bolan antibiotikler we kislorod bilen üpjün etmeli. Şeýle çäreleriň bolmazlygy dokuz million çaganyň ýaşaýşyna howp döredip biler.”

29-31-nji ýanwarda dokuz sany öňdebaryjy saglygy goraýyş we çaga guramalary – “ISGlobal”, “Çagalary halas ediň”, UNICEF, “Her dem gerek”, “la Caixa” gaznasy, Bill we Melinda Geýts gaznasy, BMG-niň Halkara ösüş guramasy we GAWI Waksinalar boýunça birleşigi Barselonada çagalaryň öýken sowuklamasy boýunça ilkinji halkara forumy bolan Çagalaryň öýken sowuklamasy boýunça bütindünýä forumyna gatnaşdy. 

Forumda Hindistanyň Syworotka boýunça institutyndan has amatly konýugirlenen pnewmokokk waksinasy, şeýle-de öýken sowuklamasy keseline iň köp derejede duçar bolýan ýurtlaryň Hökümetleriniň öýken sowuklamasy zerarly ölümleriň derejesiniň peselmegi boýunça milli strategiýalary işläp düzmek babatda syýasy borçlary  görkeziler.

SOŇY

Mazmuny we tematik barlaglar şu ýerde. Suratlary, goşmaça materiallary şu ýerde okap bilersiňiz. Öýken sowuklamasy barada goşmaça serişdeleri üçin, şu ýere basyň.

Goşmaça maglumat almak ýa-da press sekretarlar we hünärmenler bilen habarlaşmak üçin aşakdakylar bilen habarlaşyň:

Şarlott Rouz, “Çagalary halas ediň” (London)

+44 (0)20 7012 6841 / +44 (0)7831 650409 (iş däl wagty)

media@savethechildren.org.uk / r.villar@savethechildren.org.uk

Sabrina Sidhu, UNISEF (Nýu Ýork)

+1 9174761537

ssidhu@unicef.org

Redaktorlar üçin bellikler:

  • Nusgany işläp düzmegiň netijeleri barada has köp maglumat almak üçin “Öýken sowuklamasyna garşy göreş bu onyllykda on milliona golaý çaganyň ölüminiň öňüni alyp biler” atly doly synyny görüň. Synda pes we orta girdejili 30 sany ýurt boýunça maglumat saklanýar.

     
  • “Halas edilen ýaşaýyşlar” atly Jon Hokins uniwersitetiniň guraly enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça çäreler sebäpli halas edilen ýaşaýyşlaryň sanyna baha bermek üçin niýetlenen. Onuň kömegi bilen adaty göni çaklamanyň deregine 2030-njy ýylda öýken sowuklamasy zerarly çaga ölüminiň näderejede boljakdygyny görmäge ýol berýär. Bu iş ýeterlik iýmezlik, waksinasiýanyň derejesi we lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutmak ýaly ilat üçin howp faktorlary hasaba almagyň esasynda amala aşyrylýar. Şeýle derňewi geçirmek üçin iki sany çaklama taýýarlandy: (1) “adaty ýagdaý” üçin çaklamalar. Onuň esasynda öýken sowuklamasy keseliniň ösmeginiň esasy howplary öňki ýörelgelere laýyklykda 2030-njy ýyla çenli ösmegini dowam eder; (2) “öz içine almak” ssenariýasy. Oňa görä, waksinasiýa we antibiotikleriň elýeterliligi ýaly öýken sowuklamasy zerarly çagalaryň ölüm derejesiniň peselmegine täsir edýän 19 sany saglygy goraýyş we iýmit faktory 2030-njy ýyla çenli 100 göterime ýeter.

     
  • Öýken sowuklamasy babatda forumda bellenjek başlangyçlara şular degişli:
    • 2020-nji ýylda GAWI gaznasynyň dolmagynyň, waksinalaryň elýeter bolmagyny we olaryň edilmegini deň derejede üpjün etmegiň üsti bilen waksinalaryň elýeter bolmagyny üpjün etmegi tizleşdirmek babatda milli hökümetleriň borçlary.
    • Hindistanyň Syworotka boýunça institutyndan täze we has amatly konýugirlenen pnewmokokk waksinasy.
    • Nigeriýanyň Saglygy goraýyş ministri tarapyndan tabşyrylan we maksada ýetmäge gönükdirilen Nigeriýada öýken sowuklamasyna garşy göreşmegiň strategiýasy. Onuň maksady 2030-njy ýylda 1000 sany dogluşdan öýken sowuklamasy zerarly diňe 3 sany ölüm derejesine ýetmekden ybarat.
    • PATH, Şweýsariýanyň Tropikler we jemgyýet saglygy instituty, ALIMA, Saglygy goraýyş we lukmançylyk barlaglary instituty (INSERM), şeýle-de Solthis we “Adalar planetasy” federasiýasy  bilen hyzmatdaşlykda dokuz sany ýurtda pulsoksimmetriýanyň we degişli anyklaýyş enjamlarynyň elýeter bolmagyny üpjün etmek üçin 43 million ABŞ dollary serişdelerini ÝUNITEÝD-e maýa goýmak.
    • UNISEF we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan görkezilen ÝUNISEF-iň täze katalogy, ol pulsoksimmetriýa  we kislorod önümini öz içine alýar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz