Okuwyň temasy: “2030-njy ýyla çenli bütin dünýäde deňligi gazanmak: Durnukly ösüş maksatlarynyň gender deňligine degişli wezipeleri we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek işine hökümete degişli bolmadyk guramalaryň gatnaşmagy.” Hökümete degişli bolmadyk ýerli guramalaryň, “Y-Peer” ýaşlar üçin özara bilim ulgamynyň we beýleki halkara guramalaryň 32 sany wekili Durnukly ösüş maksatlaryny öwrendi we öz işlerine degişli bolan maksatlary ýüze çykardy. Olaryň gatnaşygynyň gender deňligine hem-de aýallaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegine (GEWE) nähili derejede täsir edip biljekdigine esasy üns berildi.
Gatnaşyjylar BMG-niň Baş Sekretarynyň Halkara Zenanlar güni mynasybetli iberen habary bilen tanyşdyryldy. Bu habarda “zenanlaryň hukuklarynyň adam hukuklary bolup durýandygy, şeýle-de zenanlaryň we gyzlaryň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň olaryň hukuklaryny goramagyň we özleriniň potensialyny doly derejede durmuşa geçirip bilmeginiň ýeke-täk usuly bolup durýandygy” bellendi.