Press reliz

Reproduktiw saglygy bilen baglanyşykly meseleler okuwçylara has gowy düşündiriler

14 mart 2017

  • BMG-niň Ilat gaznasy Türkmenistanyň orta mekdeplerinde ýaşlaryň reproduktiw saglygy we hukuklary boýunça okuwlary kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmegi dowam edýär. 

Mekdep okuwçylaryň reproduktiw saglygy baradaky bilimleriniň derejesine baha bermek üçin, okatmagyň hili bilen gös-göni baglanyşykly bolan görkezijiler toplumy boýunça ylalaşmak maksady bilen, paýtagtyň we ähli welaýatlaryň bilim boýunça hünärmenleri Aşgabatda duşuşdy. Bu görkezijiler Durnukly ösüş maksatlarynyň degişli ugurlary boýunça gazanylýan öňegidişliklere baha bermäge hem ýardam berer.   

Reproduktiw saglygy, gender deňligi we reproduktiw hukuklar baradaky meseleler Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 7-11-nji klaslarynda geçilýär. Bu meseleler barada bilim bermegiň derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar, çünki öňki ýyllarda BMG-niň Ilat gaznasy we Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilelikde reproduktiw saglygy boýunça bilim babatda alty sany milli ülňi işläp düzdi, bu dersi okadýan mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrdy, şeýle-de ulanylýan usulyýetleriň häzirki zaman we netijeli bolmagyny üpün etmek üçin mugallymlaryň ulanýan gollanmalaryny kämilleşdirdi.     

Iki gün dowam eden duşuşyklarda mugallymçylyk düzgünlerini we ülňülerini ulanmak, olara baha bermegiň dürli ýollary, mysal üçin okuwçylaryň bilim derejesini barlamagyň üsti bilen baha bermek, bu bilimleriň ýetginjekler tarapyndan özleşdirilmegi ýaly meselelere üns berildi. Elbetde, bu dersiň diňe bilim däl-de, netijeli we tankydy pikirlenmek, şeýle-de adamlaryň saglyk ýagdaýy babatda dogry netijä gelip bilmek ýaly durmuş başarnyklaryny hem berýändigi nazara alynsa, bu ýagdaýda dogry usulyýeti tapmak aňsat däl. Bilim boýunça hünärmenler topary okuwçylaryň dersi özleşdiren derejesini şöhlelendirip biljek görkezijiler toplumy barada ylalaşdy. Olar bu işi duşuşygyň barşynda ýörite işlenilip düzülen soraglaryň üsti bilen amala aşyrar.     

Soraglaryň üsti bilen okuwçylaryň reproduktiw saglygy we gender deňligi ulgamynda halkara we milli kanunçylygyny biliş derejesi, gender stereotipleri ýüze çykarmak ukyby, reproduktiw hukuklardan peýdalanmaga we sagdyn maşgala gurmaga ýardam berýän adaty we umumy gymmatyklary biliş derejesi barlanar. Ondan başga-da, soraglar ýaşlaryň özüni alyp barmagyň dürli nusgalaryny biliş derejesini, olaryň tankydy pikirlenmek ukybyny we meseleler bilen iş salyşmak başarnyklaryny barlamaga, şeýle-de sagdyn reproduktiw durmuşda ýaşamak boýunça bilimini barlamaga ýardam berýär. Bu bilim bolsa jynsy ýol bilen geçirilýän keselleriň, şol sanda AIW ýokanjynyň öňüni almagyň ýollaryny bilmegi aňladýar.    

Giriş sözünde, BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky jogapkär işgäriniň kömekçisi Baýramgül Garabaýewa Türkmenistanyň Bilim ministrligini Durnukly ösüş maksatlarynyň ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamak boýunça ugry kabul edendigi mynasybetli gutlady. Hünär taýdan gowy taýýarlanylan mugallymlar bilimiň hilini, esasan hem reproduktiw saglygy ugrunda bilimiň hilini üpjün etmekde esasy orny eýeleýär. “BMG-niň Ilat gaznasy Durnukly ösüş maksatlarynyň degişli ugurlaryny ösüş boýunça milli maksatnamalara goşmak we bu maksatnamalara gözegçilik etmek boýunça  Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen hyzmatdaşlyk etmegi  dowam eder” diýip, Baýramgül Garabaýewa belledi. “Ýetginjekleriň reproduktiw saglygy we ýaşlaryň hukuklary ýaly ulgamlarda ýokary hilli bilim bermek Bütindünýä maksatlara ýetmegiň esasyny düzýär. Biz reproduktiw saglygy, reproduktiw hukuklar we gender deňligi baradaky meseleleri netijeli çözmek üçin mugallymlaryň hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrundaky öňegidişlige baha bermekde Türkmenistanyň Bilim ministrligini goldamaga taýýar.”     

Kemal Goshliyev

UNFPA
Reproductive Health NPO

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz