Press reliz

“Ýer mekdebi” COVID-19 döwründe okuwçylary tebigat bilen baglanyşdyrmak üçin öz işine başlaýar

23 aprel 2020

  • TED-Ed, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we beýleki 30 sany hyzmatdaş mugallymlar, ene-atalar, okuwçylar we bilesigeliji dünýä raýatlary üçin elýeter bolan daşky gurşaw başdan geçirmeleri üçin mugt bilim platformasyny açýarlar

Naýrobi, 2020-nji ýylyň 22-nji apreli - COVID-19 pandemiýasyna jogap hökmünde görlüp-eşidilmedik birleşik häzirki wagtda öýde bolan dünýä okuwçylaryna, ene-atalara we mugallymlara kömek etmek üçin mugt, ýokary hilli bilim berýän “Ýer mekdebini” açmak üçin birleşdi. Birleşen milletler guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we TED-Ed tarapyndan başlanan Ýer mekdebi okuwçylary 30 günlük “başdan geçirmä” tebigat dünýäsine alyp barýar.

Ýer mekdebiniň mazmuny okuwçylara öz rollaryny göz öňünde tutup, daşky gurşawa düşünmäge kömek etmek üçin wideo, okamak üçin materiallary we çäreleri öz içine alyp, olar 10 dile terjime ediler. Bu UNEP-iň taryhynda iň uly onlaýn öwreniş başlangyjy bolup, ol TED-Ed web sahypasynda mugt elýeterdir.

BMG-niň Bilim, ylmy we medeni guramasyna (ÝUNESKO) laýyklykda, COVID-19 zerarly mekdepleriň ýapylmagy 1,5 milliarddan gowrak okuwça täsirini ýetirdi. Pandemiýa saglyk, ykdysady we bilim çökgünligine sebäp boldy; fiziki we durmuş çäklendirmeleri döwründe global ylym sowatlylygyna uly zerurlyk bar.

Şonuň üçin UNEP we TED-Ed “National Geographic”, “WWF” we ÝUNESKO ýaly 30 sany hyzmatdaş bilen bilelikde bary-ýogy iki hepdäniň içinde Ýer mekdebini açmak üçin birleşdiler. 5-18 ýaş aralygyndaky çagalar we ýetginjekler üçin gurlan bu mekdep Ýer güni bilen 5-nji iýunda Bütindünýä daşky gurşawy goramak gününiň arasynda dowam etjek 30 okuw gününi öz içine alýar, Bütindünýä daşky gurşawy goramak güni şu ýyl “Tebigat üçin Wagt” baýdagy astynda geçiriler.

TED-Ed haýwanlardan we howanyň üýtgemeginden başlap, suwasty fermalara çenli mugt, wideo esasly sapaklary döredýär. Ähli ýaşly adalar üçin niýetlenen dünýäniň dürli künjeginden 500 000 mugallym tarapyndan döredilen ähli dersler barada müňlerçe interaktiw sapaklaryň kitaphanasy bolan TED-iň bilim şahasy.

Her bir başdan geçirme hünärmenleriň topary tarapyndan üns bilen saýlandy we dürli ýaş toparlary üçin niýetlenilýär. Olaryň her biri geçirilen synagy we tebigatyň açyşlaryny öz içine alýar. Ýer mekdebinde gatnaşyjy okuwçylara planetamyzyň hossarlary bolmak hukugyny bermek maksady bilen, TED-Ed platformasynyň maglumatyndan başga-da, “National Geographic”, “PBS LearningMedia” we “BBC” ýaly köpçülikleýin habar beriş guramalarynyň wideolary görkeziler.

“COVID-19 zerarly häzirki wagtda milliardlarça çaga okuwa gatnap bilmeýär. Emma bilim bermegi durzup bolmaz. COVID-19 bu planetadaky ähli ýaşaýşyň näderejede birek-birege baglydygyny ýüze çykardy” – diýip, UNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen nygtady. “UNEP-iň TED-Ed we beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde Ýer mekdebini açýandygyna men begenýärin. Tebigat dünýäsini öwrenmek hemmeler üçin has gowy we dowamly geljegi gurmak ugrunda möhüm ähmiýete eýe bolar.”

Milli geografiki jemgyýetiň ýerine ýetiriji wise-prezidenti we baş bilim işgäri Wiki Filips: “Bu görlüp-eşidilmedik döwür ýaşlar üçin tebigat bilen baglanyşykda bolmagyň we ylma düşünmegiň näderejede möhümdigini görkezýär” – diýip nygtady. “Okuwçylaryň dünýäniň nirede ýerleşýändigine garamazdan, öýleriniň içinden, penjireden, ýa-da töwerekde golaý ýerde bolandygyna garamazdan, olarda gözleg ruhuny ösdürmek we Ýere duýgudaşlyk döretmek üçin UNEP we TED-Ed ýaly ynamdar guramalar bilen birleşmegimiz bizi begendirýär.”

“Öýleri bilen çäklenendigine garamazdan, bu taslama dünýädäki okuwçylaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň heniz hem ylym esasly okuw we başdan geçirmeler bilen bilelikde işleşip biljekdigini görkezýär. Ýer mekdebi dünýäniň dürli künjeginden gelen zehinli mugallymlar bilen ajaýyp hyzmatdaşlaryň arasyndaky hyzmatdaşlykdyr, şonuň üçin hem planetamyzyň geljekki daşky gurşaw dolandyryjylary bolan öýde bilim alýan okuwçylarynyň global bilesigelijiligini kanagatlandyrýan başlangyjyny görüp buýsanýarys we begenýäris. Bu platforma tebigat we daşky gurşaw boýunça iň ylham beriji sapaklaryň derwezesidir we her sapak okuwçylaryň gatnaşyp we paýlaşyp biljek amaly we gyzykly çäreleri bilen üpjün edilýär” – diýip, TED-iň ýaşlar we bilim başlangyjy TED- Ed platformasynyň esaslandyryjy müdiri Logan Smolli nygtady.

Sapaklary Ýer mekdebini döretmek üçin 100-den gowrak gatnaşyjy bilen işlän Katlin Aşer, ylymlaryň kandidaty, Jessi Oliwer we Julian Woss ýaly daşky gurşawy goramak boýunça hünärmenler topary taýýarlady. Bu başlangyç 4.7 Durnukly ösüş maksadyny we Hyzmat gowşurylyşynyň onýyllygyny goldamagy maksat edinýär we ÝUNESKO tarapyndan okuwçylaryň bilim almagyny dowam etdirmek üçin bilim pudagynda hökümetleri, tehnologiýa hyzmatdaşlaryny we ýolbaşçylaryny geçen aý ýygnan Bütindünýä bilim birleşigine goşant goşar. Bu birleşigiň çäklerinde, UNEP bu maglumaty internete girip bilmeýän çagalar üçin nädip uýgunlaşdyryp boljakdygyny we olar bilen nädip paýlaşyp boljakdygyny öwrener.

Bu başlangyjy goldamaga razy bolan hyzmatdaşlar: “BBC Ideas”, “Bazel”, Rotterdam we Stokgolm konwensiýalary, “Bil Naý alym” programmasy, Halkara tebigaty goramak jemgyýeti, “CEE”, Ýer güni ulgamy, Ýer meseleleri 2020, Daşky gurşaw onlaýn (ENO) tory, “GeSI”, Halkara olimpiýa komiteti , Tebigaty goramak boýunça halkara bileleşik (IUCN), Planeta howpsuzlygy instituty, Ýetginjekleriň üstünlikleri guramasy, Tebigaty öwreniş, “Littlescribe”, “Minecraft”, Milli geografiýa jemgyýeti, “Ocean Wise”, “Only One”, Şalyk geografiki jemgyýeti, “SciStarter”, “Sitra”, “TAT”, TED-Ed, Tebigaty goraýyş, BMG-niň biodürlülik boýunça konwensiýasy, BMG-niň Durnukly ösüş çözgütleri tory / “TRENDS”, BMG-niň Tehnologiýa innowasiýa laboratoriýasy, BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNEP, ÝUNESKO, BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy, BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasy, Pensilwaniýa uniwersiteti, Wult laboratoriýasy, Bütindünýä gyz gözlegçiler we gyz skautlary birleşigi (WAGGGS), Skautaryň hereketi boýunça bütindünýä guramasy (WOSM), “Wild Immersion” we Ýabany tebigatyň bütindünýä gaznasy (WWF).

 

REDAKTORLAR ÜÇIN BELLIKLER

Birleşen milletler guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

UNEP daşky gurşaw boýunça öňdebaryjy global çagyryşdyr. Ol ýolbaşçylygy üpjün edýär we milletlere we halklara geljek nesilleriň durmuşyna zyýan bermezden durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ylham bermek, habar bermek we mümkinçilik bermek arkaly daşky gurşawy goramakda hyzmatdaşlygy höweslendirýär.

TED-Ed barada

TED-Ed platformasy TED-iň ýaşlar we bilim başlangyjydyr. TED-Ed-iň maksady dünýädäki mugallymlaryň we okuwçylaryň pikirlerini ýaýratmak we bellemek bolup durýar. Özboluşly animasiýa wideolardan ybarat giňelýän kitaphanany öndürmekden, mugallymlara öz interaktiw sapaklaryny döretmek üçin halkara platforma üpjün etmekden, ýer ýüzündäki bilesigeliji okuwçylara TED platformasyny öz mekdeplerine getirmekden we sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan başlap, TED-Ed-iň 500000-den gowrak mugallymyň global ulgamynda innowasiýa liderligini bellemäge çenli ýerine ýetirýän ähli işlerimiz bilim almaklyga goşant goşýar. TED-Ed her hepde dünýäde millionlarça mugallymlara we okuwçylara hyzmat edýän baýrakly bilim platformasyna girizmäge degerli pikirden gelip çykdy.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdakylar bilen habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

Keishamaza Rukikaire, Habarlar we habar beriş serişdeleri gullugynyň başlygy, UNEP, +254717080753  Melody Serafino, TED Metbugaty

 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz