Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasy şanly onýyllygyny belleýär
12 sentýabr 2018
- Ylmy maslahatda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly onýyllygy bellendi.
Hökümet edaralarynyň ýokary derejeli wekilleri, şeýle-de halkara hyzmatdaşlar Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly onýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy maslahata gatnaşdy.
Gatnaşyjylar akademiýanyň bu döwürde geçiren işiniň netijeleri hem-de onuň ýurduň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmekde we berkitmekde tutýan orny barada çykyş etdi. Hormatly myhmanlaryň arasynda Gazagystanyň we Belarus Respublikasynyň Döwlet gullugy akademiýalarynyň rektorlary, BMG-niň, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, ÝHHG-niň wekilleri we beýlekiler bolupdy.
Halkara tejribäni öwrenmek, okuw prosesini kämilleşdirmek üçin innowasion başlangyçlar bilen tanyşdyrmak, täze okuwlary girizmek, tehniki mümkinçilikleriň, halkara tejribesiniň hem-de beýleki ýurtlaryň iň gowy tejribesini öwrenmek mümkinçiliginiň üsti bilen häzirki zaman mugallymçylyk usullarynyň ulanylýandygy, Akademiýanyň halkara hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýändigi barada bellendi. Bu hyzmatdaşlykda BMG-niň gulluklary, esasan hem BMG-niň Ösüş maksatnamasy we BMG-niň Ilat gaznasy bilen gatnaşyklar möhüm orny eýeleýär, çünki bu gulluklar bilen hyzmatdaşlyk akademiýanyň döredilmeginiň ilkinji ýyllaryndan bäri dowam edip gelýär.
“Akademiýada esasy ministrliklerde we bölümlerde işleýän döwlet gullukçylarynyň, şeýle-de döwletiň durmuş-ykdysady maksatnamalaryny we ösüş strategiýalaryny durmuşa geçirmekde jogapkär bolan ýerli häkimiýet işgärleriniň hünär bilimlerini we amaly başarnyklaryny berkitmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar” diýip, BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji hanym Şahin Nilofer belledi.
“BMG-niň Ösüş maksatnamasy öz hukuklarynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gullugy akademiýasyna dolandyryş ulgamy kämilleşdirmekde we, onuň esasynda, 16-njy maksadyň wezipelerine ýetmekde ýardam bermegini dowam eder. Bu maksat 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň esasy maksady bolup durýar, çünki döwlet dolandyryşyň netijeli ulgamynyň, ähli adamlaryň ýokary hilli hyzmatlara bolan hukugynyň hem-de adalatly döwlet institutlarynyň üsti bilen durnukly ösüşi üpjün edip bolýar” diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň maksatnamalar boýunça baş utgaşdyryjysy hanym Ýekaterina Paniklowa aýtdy.