Türkmen ýaşlaryny näme höweslendirýär?
Dürli tejribeli ýaşlar şu hepde Ýolbaşçylyk akademiýasynda we innowasiýalar barlaghanasynda özleriniň innowasiýa taslamalaryny görkezdiler.
Dürli tejribeli ýaşlar şu hepde Ýolbaşçylyk akademiýasynda we innowasiýalar barlaghanasynda öz tagallalaryny birleşdirip, saglygy goraýyş, daşky gurşaw, hemmeler üçin açyk jemgyýet, ýaşlaryň jemgyýetçilik işlerine gatnaşmagy we bilim ýaly meseleler boýunça jemgyýetçilik innowasiýa taslamalaryny görkezdiler. Bu çäre paýtagtda geçirilen Ýolbaşçylyk akademiýasy we innowasiýalar barlaghanasy boýunça taslama bolup, bu taslamany şu ýyl oba ýerlerinde ýaşaýan gyzlara gönükdirip, ähli bäş welaýatda geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýolbaşçylyk akademiýasy we innowasiýalar barlaghanasy boýunça taslama BMG-nyň Ilat gaznasy bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ýaşlar guramasy tarapyndan Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermegi bilen guraldy. Akademiýa jemgyýetçilik innowasiýa taslamalaryny işläp düzmegiň üsti bilen ýetginjekleriň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, ýetginjekleriň öz hukuklaryna düşünmegini üpjün etmek, dörediji pikirlenişi ösdürmek we raýat jogapkärçiligini berkitmek üçin amatly şertleri döredýän platforma hökmünde hyzmat edýär.
Çärä uniwersitetleriň talyplary, mekdep okuwçylary we Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň hem-de Türkmenistanyň ykdysadyýetçileriniň birleşiginiň ýaşlar merkezleriniň agzalary, Döwletliler köşgüniň okuwçylary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýaş hünärmenleri, şeýle-de kynçylyklara duçar bolýan ýaşlar gatnaşdy.
Akademiýanyň işiniň dört gününiň dowamynda öňdebaryjy ýaşlar baştutanlyk etmek boýunça güýçli depginli okuwy geçdiler, bu bolsa olara döredijilikli, analitik we päsgelçiliksiz pikirlenmek, toparda işlemek, öz garaýyşlaryny we pikirlerini arkaýyn we netijeli ýagdaýda beýan etmek başarnyklaryny ösdürmäge ýardam berdi. Akademiýanyň maksatnamasyna jedel bäsleşigi girizildi, onda gatnaşyjylar taýýarlanmak üçin az wagty ulanyp, Karl Popperiň ülňüsine laýyklykda hereket etdi. Akademiýanyň soňky gününde, gatnaşyjylar “Pikirler” baradaky okuwlara gatnaşyp, bu ýerde ýaşlar jemgyýetçilik innowasiýa harytlary we nusgalary barada sorag-jogap alyşdylar we olar barada täze pikirleri döretdiler.
Emin agzalarynyň arasynda Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçisi, BMG-nyň Ilat gaznasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň we Türkmenistanyň Ykdysadyýetçileriniň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri bolup, olar teklip edilen dört sany taslamany gözden geçirdiler.
Birinji orna mynasyp bolan jemgyýetçilik innowasion taslama türkmen ýaşlarynyň döredijilikli we baştutanlyk edijilik mümkinçiliklerini hem-de zehinlerini açyp biljek howpsuz we döredijilikli gurşawy döretmegiň zerurlygyny görkezdi. Topar türkmen ýaşlary üçin innowasiýalar merkezi bolup hyzmat etjek umumy gurşawy (“google” ofisine meňzeş gurşawy) teklip etdi, bu merkezde platformanyň kömegi bilen köpsanly çäreleri we maksatnamalary durmuşa geçirip bolýar. “Şu gün ara alnyp maslahatlaşylan meseleler Türkmenistanyň syýasy gün tertibi üçin örän wajyp” diýip, Sapargeldi Durdyýew aýtdy.
“Biz bu ýerde örän az wagtyň dowamynda işlesek-de, ýaşlarymyzda uly höwes, güýç-kuwwat we zehin gördük, bu hem bizi örän begendirýär. Innowasion pikirler – bu örän ajaýyp zat, ýöne bu pikirleri durmuşa geçirmek has wajypdyr. Ýolbaşçylyk akademiýasyny we innowasiýalar barlaghanasyny guramak we oňa goldaw bermek üçin birleşen hyzmatdaşlar Siziň pikirleriňizi we meýilleriňizi durmuşa geçirmekde ýardam berer.”
“Türkmenistanda ýaşaýan 10-29 ýaşlaryndaky adamlaryň sany iki milliondan gowrak, bu bolsa ýurduň ilatynyň 40%-ne golaýyny düzýär” diýip, BMG-nyň Ilat gaznasynyň wekiliniň kömekçisi Baýramgül Garabaýewa aýtdy.
Bu bolsa ýaşlaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň netijelerine laýyklykda ýaşajakdygyny aňladýar. Ýaşlaryň bilimine, saglygyny goraýşa we hukuklaryna maýa goýum goýmak bu maksatlaryň her birini gazanmakda örän möhümdir. BMG-nyň Ilat gaznasynyň goldawy bilen işlenilip düzülen Türkmenistanyň Ýaşlar syýasaty baradaky kanun ýaşlaryň işjeňligi boýunça giň mümkinçilikleri açýar.
Ýaşlaryň işjeňligini we jemgyýetçilik işlerine gatnaşygyny höweslendirmek BMG-nyň Ilat gaznasynyň işiniň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlyk ýaşlaryň, esasan hem gyzlaryň öz maşgalalaryna, jemgyýetlerine we ýurduna saldamly goşant goşmak üçin zerur bolan başarnyklaryny, bilimlerini ösdürmäge maksat edinýär.