Halkara Migrasiýa Guramasy "Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň adam söwdasyna garşy göreşmek we Merkezi Aziýada ejiz migrantlaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça kampaniýalary geçirmekde orny" atly okuwyny geçirdi.
24 noýabr 2020
Halkara Migrasiýa Guramasy "Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň adam söwdasyna garşy göreşmek we Merkezi Aziýada ejiz migrantlaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça täsirli maglumat we bilim kampaniýalaryny geçirmekde orny" atly onlaýn okuwyny geçirdi.
Çärä Türkmenistanyň ähli sebitlerinden metbugat wekilleri, ýerli dolandyryş edaralarynyň metbugat hyzmatlarynyň hünärmenleri, redaktorlar, ýerli metbugat we sanly habar platformalarynyň žurnalistleri, Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Bu çärede häzirki wagtda dünýäniň köp döwletleriniň ýüzbe-ýüz bolýan migrasiýa boýunça meseleleri barada aýdylyp geçildi. Hususan-da, zähmet migrasiýasynyň ösmegine we käbir sosial toparlar üçin töwekgelçiligiň ýokarlanmagyna sebäp bolan sosial gowşaklylyk we jenaýatçylyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gatnaşyjylar migrasiýa we adam söwdasy bilen baglanyşykly häzirki wagtdaky meseleleri we muňa garşy göreşmegiň usullaryny belläp geçdiler. Bu okuwyň dowamynda bellenilip geçilen adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça täsirli mehanizmleriň biri, esasanam ýaşlaryň arasynda, ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleri geçirmekdir.
Maglumatlary sanlaşdyrmagyň batly depginde ösýän şertlerinde, habar beriş serişdeleri howpsuz we ynsanperwer migrasiýa dolandyryş ýörelgelerini wagyz etmek, adam söwdasynyň öňüni almak we töwekgelçilikleri azaltmak, ilatyň kanun barada habardarlygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde möhüm orna eýe bolýar. Bu, ynsanperwer migrasiýa ýörelgeleri barada has giňişleýin habar bermegiň zerurlygy bilen birlikde, 2018-nji ýylyň dekabr aýynda Marokkoda Türkmenistan we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen Migrasiýa baradaky Global Ylalaşykda hem beýan edilýär.
Türkmenistan Migrasiýa baradaky Global Ylalaşygy goldaýar we Halkara Migrasiýa Guramasynyň adam söwdasyna garşy göreşmek we pidalara ýardam bermek boýunça maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna goldaw berýär. Ýurdumyz metbugat ulgamynda işjeň orny tutýan "2020-2022-nji ýyllar aralygynda adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Türkmenistanyň milli hereket meýilnamasy" atly meýilnamany kabul etdi we ony durmuşa geçirýär.
Gatnaşyjylar adam söwdasy we migrasiýa meseleleriniň iň möhüm ugurlaryny we metbugatda beýan etmegiň dürli usullary barada maslahatlaşdylar. Şeýle hem, bu okuw žurnalistleriň, raýat jemgyýetiniň wekilleriniň adam söwdasy we adam hukuklary meseleleri boýunça has ýakyn hyzmatdaşlyk etmegine ýol açandygy nygtaldy.
Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşyň:
Diana Çaryýewa, Maksatnamanyň kömekçisi
Telefon: +99312488407
Web: www.iom.int,