Press reliz

Parahatçylyk we ynanyşmak boýunça meseleleri global derejede ara alyp maslahatlaşmak üçin ýaşlary çekmek

29 mart 2021

  • Şu gün Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň hökümeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2019-njy ýylda sentýabr aýynyň 12-ne, 2021-nji ýyly Halkara Parahatçylyk we ynayşmak ýyly diýip yglan eden kararyna laýyklykda guralan Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Forumyny geçirdi.

Wideo konferensiýa görnüşinde ýokary derejede gurnalan foruma BMG ulgamynyň wekilleri, hususan-da BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlar boýunça ýörite wekiliniň edarasy, BMG-niň Ilat Gaznasy, BMG-niň Çagalar Gaznasy, ÝUNESKO, BMGÖM, BMG-Habitat, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky Müdiriýeti, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi, şeýle hem Milli Ýaşlar Geňeşleri, sebitdäki ýaşlar guramalary we raýat jemgyýeti, ýaşlary resmi taýdan geçiriljek parahatçylyk babatyndaky gepleşiklere gatnaşmaklaryny höweslendirmek we halklaryň arasynda ynam şertlerini döretmegiň ähmiýetini ýaýbaňlaşdyrmak maksady bilen global gepleşikleri geçirmek üçin gatnaşdylar.

Foruma gatnaşyjylar BMG-niň agza döwletlerini, BMG-niň düzümleýin edaralaryny, sebitleýin we sebitara guramalary we beýleki guramalary parahatçylyk, çydamlylyk, medeniýetara we dinara gepleşikleriň, ösüşiň, adam mertebesine, pluralizme we dürlülige düşünmegiň we hormat goýmagyň medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen işlere ýaşlary çekmek üçin mehanizmleri döretmegi göz öňünde tutmaga çagyrdylar.

“Biz BMG-da her bir ýaş adamyň öz hukuklaryndan peýdalanyp bilýän dünýäsini görmegi maksat edinýäris. Bu her bir ýaş adamyň öz mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirip bilmegi üçin ygtyýarlylygy üpjün edýär. Bu bolsa, ýaşlaryň parahatçylyk we ynam üçin özgerişlere goşan oňyn goşantlaryny ykrar eder " -diýip, Türkmenistanda BMG-niň Hemişelik Utgaşdyryjysynyň w.ý.ý. hanym Kristin Weýgand aýtdy.

Forumyň birinji bölüminde sebitleýin we halkara ýaşlar guramalaryna, şeýle hem torlaryna wekilçilik edýän ýaş ýolbaşçylar sebitleýin derejede parahatçylygy öňe sürmek we ähli derejelerde ynam medeniýetini döretmekde ýaşlaryň gatnaşmagynyň ähmiýeti barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, olar foruma gatnaşyjylaryň Bilelikdäki ýüzlenmesine goşant goşdular.

Aşgabatdaky ýaşlar forumynyň netijeleri 2021-nji ýylda aprel aýynyň 7-ne we 8-ne geçiriljek Ykdysady we Durmuş Geňeşiň (ECOSOC) ýaşlar forumyna goşant goşar.

Chary Nurmuhammedov

Çary Nurmuhammedow

RCO
BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy BMG-niň utgaşdyryş işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

OHCHR
BMG-niň adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarynyň müdirligi
UN-Habitat
BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
UNRCCA
United Nations Regional Centre for Preventive Diplomacy for Central Asia

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz