Türkmenistan “Pekin+25” atly Umumy milli syny başlaýar
12 aprel 2019
- Pekin Jarnamasyny (1995-nji ýyl) we hereketleriň platformasyny durmuşa geçirmegiň çäginde gender deňligi we ähli zenanlaryň hem-de gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde ýetilen sepgitler we bu bilen baglanyşykly meseleler Türkmenistanyň adam hukuklary we ynsanperwer kanuny boýunça halkara borçlaryny durmuşa geçirmegi boýunça gullugara komissiýasynyň Iş toparynyň BMG-niň gulluklary bilen BMG-niň binasynda 2019-njy ýylyň aprel aýynyň 10-na geçirilen duşuşyklarynyň esasy temasyna öwrüldi.
Dünýä jemgyýetçiligi Zenanlar boýunça 4-nji bütindünýä mejlisiniň hem-de Pekin Jarnamasynyň we hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň ýigrimi bäş ýylyny we Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň kabul edilmeginiň bäş ýylyny belleýär. Şeýlelikde, ähli ýerlerde ähli zenanlaryň we gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde uly öňegidişliklere ýetmegiň wagty geldi.
Pekin Jarnamasynyň we hereketleriň platformasynyň kabul edilmeginiň şanly ýigrimi bäş ýyly mynasybetli, ähli döwletleri Pekin Jarnamasyny we hereketleriň platformasyny durmuşa geçirmegi babatda ýetilen sepgitler we ýüze çykan meseleler barada umumy milli syny geçirmäge çagyrdylar. Çagyryşy kabul edip, Türkmenistan hökümetiň, döwlet guramalaryň we Birleşen milletler guramasynyň edaralarynyň ähli pudaklaryny işe çekmek bilen, umumy milli syny işläp taýýarlamak boýunça işlere işjeň ýagdaýda başlady.
Milli derejede geçirilen umumy synda talaplary durmuşa geçirmekde gazanylan öňegidişliklere baha berler we meseleler ýüze çykarylar. Onda ýetilen sepgitlar barada maglumat jemlener, kemçilikler we meseleler ýüze çykarylar we şol kemçilikleri hem-de meseleleri düzetmegiň strategiýalary kesgitlener. Ondan başga-da, syn hereketleriň täzelenmegine ýardam berer we ileri tutulan hereketler, olary ýerine ýetirmegiň möhletleri, olara gatnaşyjylar we olary durmuşa geçirmek üçin zerur bolan gurallar ýüze çykarylar. Bu syn 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň işi sazlaşmagyň we bilelikdäki işleri ýerine ýetirmegiň, şeýle-de gender alamatlaryny hasaba almak bilen, ony durmuşa geçirmegiň gowy guraly bolup hyzmat edýändigini bellemek gerek.
Bütindünýä senenamasyna laýyklykda, Hökümetler umumy milli synlary Birleşen milletler guramasyna 2019-njy ýylyň maý aýynda iberer, şondan soň bolsa milli we sebitleýin derejelerde sebitleýin synlar we maslahatlar, maslahat beriji duşuşyklar, şeýle-de 2020-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek Zenanlaryň statusy baradaky komitetiň 64-nji maslahaty we 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek “Pekin+25” maslahatynyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli duşuşygy ýaly bütindünýä çärelerinde tanyşdyryş çykyşlary geçiriler.
“Dünýä jemgyýetçiligi zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmekde umumy milli synyň möhümligine doly düşünýär we, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Pekin şäheriniň hereketleriniň platformasynyň çägindäki maksatlaryna ýetmekde gazanan öňegidişliklerine uly gyzyklanma bildirýär” diýip, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Demokratiýa we halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Şemşat Atajanowa belledi.