Press reliz

Hökümete degişli däl guramalaryň wekilleri bilen onlaýn okuw geçirildi

26 aprel 2021

  • 2021-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň çäklerinde Migrasiýa boýunça Halkara Guramasynyň (MHG) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan MHG bilen hyzmatdaşlyk edýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň wekilleriniň topary bilen onlaýn okuw geçirildi. Seminara Türkmenistanyň Magtymguly adyndanky Ýaşlar guramasynyň, Gyzylýarymaý milli jemgyýetiniň, “Ynam”, “Ýeňme” we “Maşgala” jemgyýetçilik birleşmeleriniň, şeýle-de “Ynanç-Wepa” we “Däp-dessur” hojalyk jemgyýetleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Webinar Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentliginiň maliýe goldawy bilen “Merkezi Aziýada we Russiýa Federasiýasynda COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady netijeleriniň täsirini azaltmak” atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde geçirildi. Onlaýn okuwyň esasy maksady ýygnaga gatnaşyjylary adam söwdasyna garşy göreşmekde, hususan-da adam söwdasynyň potensial pidalaryny kesgitlemekde, adam söwdasynyň gönümel we gytaklaýyn alamatlaryny tapawutlandyrmakda, adamyň gowşaklyklaryny ýüze çykarmak şeýle-de adam söwdasyna pida bolanlaryň kömege we goraga bolan elýeterliligini üpjün etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň orny we ähmiýeti bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi.

MHG-nyň halkara hünärmeni Tatýana Fomina ýygnaga gatnaşyjylary adam söwdasynyň häzirki zaman tendensiýalary, bu hadysa garşy göreşmekde bar bolan mümkinçilikler we päsgelçilikler, bu ugurda halkara hökümete degişli guramalaryň tejribeleri bilen tanyşdyryp, adam söwdasy barada halk köpçüligine wagyz-nesihat işlerini geçirmekligiň ähmiýeti barada aýtdy. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşmeleriniň agzalary bolsa, özleriniň ýaňy ýakynda geçiren iş tejribeleri barada aýtdylar we adam söwdasyna garşy göreşmekde halkara öňdebaryjy usullary özleşdirmegiň we ulanmaklygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz