Press reliz

Birleşen Milletler Guramasy Hazar sebitinde durnukly ulag çözgütlerini ulnamagy çagyrýar

12 awgust 2019

  • Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasy birinji Hazar Ykdysady Forumyň tematik bölüminde ulag hyzmatdaşlygy barada çykyş etdi.

Bu bölümiň gatnaşyjylary Hazarýaka döwletleriň şeýle hem duldegşir döwletleriň ulag ministirlerinden we ministirleriň orunbasarlaryndan, UNECE-niň ýerine ýetiriji sekretary Algaerowa we halkara ulag guramalarynyň ýolbaşçylaryndan ybaratdy. 

Ýokary derejedäki gatnaşyjylar ulag ulgamynda, infrastrukturada, logistikada, ýol howpsyzlygynda, digitalizasiýada ýetilen üstünlikler barada çykyş etdiler. Çykyş edijiler Hazar deňziniň ulag hyzmatdaşlygynyň ösmegi sosial ösüşe, durnuklylyga we ykdysady integrasiýa ähmiýetli täsir edýändigini hem nygtadylar.

Çykyş edijiler deňziň boýunda, awtoýollarda, demirýollarda we howaýollarda döwrebap infrastrukturany gurmak hem ýolagçylar we harytlar üçin amatly şertleri döretmek döwletleriň arasynda dinamik ykdysady, söwda, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürer we olaryň maýa goýumyny artdyrar.

Bütin dünýäde ulagyň goýberýän uglerodynyň ýokarlanmagyny ýatladyp Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişeki utgaşdyryjy hanym Ýelena Panowa durnukly ösüş maksatlara ýetmekligi tizleşdirmekde goşant goşjak howa üýtgemeginiň öňüni almak usullary üçin durnukly ulag çözgütlerini ulanmagy çagyrdy.

" 2030-njy ýylyň Gün tertibine laýyklykda durnukly ulag ulgamy elýeterli, ynamly, durnukly we döwrebap energiýa hyzmatlary şeýle hem maýyşgak infrastruktura bilen bilelikde ähli döwletler üçin berk ykdysady esas bolup hyzmat eder. Durnukly ulag arkaly biz dünýäde millionlarça adamlaryň durmuşyny gowlandyryp Durnukly Ösüş Maksatlary we howa babatynda Pariž Ylalaşygy ugrunda beýik özgerişiklere ýetip bileris," diýip ol belledi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNECE
BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz