Merkezi Aziýada adam söwdasynyň öňüni almak ugrunda hereketleri höweslendirmek üçin habarlylygy ýokarlandyrmagyň möhümligi
Merkezi Aziýada Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we Jenayatçylyk baradaky maksatnamasynyň menejeri Koen Markering bilen sorag-jogap.
Sorag: Häzirki wagtda Merkezi Aziýada adam söwdasy meselesi nähili ýagdaýda?
Jogap: Hukuklarymyzyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň Neşeler we Jenayatçylyk baradaky müdirliginiň Türkmenistandaky wekilhanasy (BMG-nyň NJBM) Adam söwdasy boýunça bütindünýä hasabatyny taýýarlaýar. Biz ony her iki ýyldan düzýäris. Soňky hasabat 2016-njy ýylda çykaryldy. Oňa laýyklykda, adam söwdasy bütindünýä meselesi bolup, bütin dünýäde adam söwdasy boýunça bäş ýüze golaý dürli ýagdaýlar ýüze çykaryldy. Günbatar Ýewropada 137-den gowrak döwletden pidalar ýüze çykaryldy.
Pidalaryň 50%-den gowragy zenanlar we gyzlar bolup, olaryň aglaba bölegi jynsy taýdan zorlamalara sezewar edildi. Pidalaryň üçden bir bölegi çagalar we ýetginjekler.
Bu ýagdaýyň gynandyryjy bolandygy sebäpli, ýaşlar bilen öňüni alyş işleri geçirmeli we olaryň bu barada habarlylygyny ýokarlandyrmaly. Bu hem Merkezi Aziýa döwetleri üçin has möhüm, çünki bu ýerde köp ýaşlar bar. Özbegistanda BMG-nyň NJBM ýaňy-ýakynda hökümete degişli bolmadyk öňdebaryjy gurama bolan “Istiqbolli Avlod” bilen ýaşlar üçin meýletinçiligi öňe sürmäge we durmuş meseleleri, şol sanda adam söwdasynyň öňüni almak boýunça ýaşlaryň öňe çykmagyna gönükdirilen tomusky lageri guramak ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Gyrgyzystanda biz şu ýylyň tomsunda Yssyk kölde ýaşlar üçin iri forumy geçirmek babatda Ýaşlar, bedenterbiýe we sport boýunça döwlet gullugy bilen işledik. Häzirki wagtda biz Gyrgyzystanda jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça “Adam söwdasyna garşy 100 gün” atly umumymilli kampaniýasyny işe girizmegiň üstünde işleýäris. Şu ýyl bu kampaniýa gatnaşýan ýaşlaryň sany örän köp. Kampaniýanyň çäginde ýaşlar döwletiň içinde aýlanyp, adamlar bilen adam söwdasynyň pidalary bolmak howpy barada gürrüň eder.
Merkezi Aziýada adam söwdasy bilen baglanyşykly ýagdaý güýçli migrasiýa akymy boýunça däpler zerarly çylşyrymlaşýar. Iş we gowy durmuşy gözläp, adamlar öz jemgyýetinden gidýär we uly şäherlere göçýär ýa-da öz döwletinden gidýär we daşary ýurda göçýär. Öz maşgalalaryndan daşda, girdejisiniň bolsa pes bolandygy sebäpli, olar zorluk bilen baglanyşykly meselelerde gowşak bolýar we adam söwdasynyň pidalaryna öwrülip bilýär.
BMG-yň Adam söwdasy boýunça bütindünýä hasabatyna görä, Merkezi Aziýada pidalaryň arasyna erkekleriň sany has köp bolup, mejbury zähmet bolsa zorluklaryň iň köp ýaýran görnüşi.
S: BMG-nyň NJBM Merkezi Aziýa döwletleriniň adam söwdasy bilen göreşmekde goldaw bermek ugrunda nähili goldaw berýär?
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisi adam söwdasynyň we migrantlaryň bikanun gelşiniň öňüni almak we oňa jeza görmek boýunça BMG-niň Transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyna garşy konwensiýasyny we oňa degişli protokollary tassyklady. BMG-nyň NJBM sebitdäki ýurtlara bu halkara ülňüleri durmuşa geçirmäge ýardam berýär.
Bu dürli meseleler babatda hökümetleri we raýat jemgyýetini birleşdirýän we gatnaşyjylaryň sany köp bolan, umumy we inklýuziw çemeleşmäni talap edýär. Ilki bilen, pidalary goramak hem-de adam söwdasy bilen meşgullanýanlara jeza bermek üçin kanunçylyk bolmaly. Ýaňy-ýakynda biz Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşi boýunça derňewi çap etdik. Gyrgyzystanda biz täze jenaýat kanunçylygynyň, şol sanda adam söwdasy bilen baglanyşykly düzgünleriň kabul edilmegini we ulanylmagyny göz öňünde tutýan kazyýet özgerişlerini işjeň ýagdaýda wagyz edýäris.
Ikinjiden, BMG-nyň NJBM adam söwdasyna garşy göreş boýunça hereketleriň strategik taýdan meýilleşdirilmegine goldaw berýär. Merkezi Aziýanyň köp ýurtlarynda, mysal üçin, Gyrgyzystanda, Täjigistanda we Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hereketleriň milli meýilnamalarynyň çäginde biz pudagara we milli hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň üstünde işleýäris. 2017-nji ýylda Gyrgyzystanda adam söwdasy bilen baglanyşykly mesele babatda täze Hökümet maksatnamasynyň kabul edilmeginden soň, şu ýyl biz her welaýatda adam söwdasyna garşy utgaşdyryjy komitetleriň döredilmegine goldaw berdik. Biz bu komitetleriň döredilmeginiň milli derejedäki gyzyklanmalaryň adamlaryň gowşak bolan ýerli derejedäki takyk hereketlere öwrülmäge ýardam berjekdigine umyt edýäris.
S: Adam söwdasy gizlin jenaýat bolup, köplenç, ol barada polisiýa habar edilmeýär. Merkezi Aziýada bu jenaýatyň jezasyz galmagynyň öňüni almak üçin näme edip bolar?
J: Özbegistanda kazyýetlerde her ýyl adam söwdasy bilen baglanyşykly 300-400-den gowrak işlere seredilýär. Sebitiň beýleki ýurtlarynda jenaýatçylyk ýagdaýlarynyň sany ondan uly derejede az.
Adam söwdasy bilen baglanyşykly işleri derňemek aňsat däl. Bu işde üstünlik köp ýagdaýlara, esasan hem pidalaryň özlerine bagly. Köplenç, pidalar özlerini howpsuz duýmaýar we polisiýa gitmegi islemeýär.
Adam söwdasynyň pidalary şikesden soňky stressden, depressiýadan we gaýgydan ejir çekip bilýär. Olaryň dikelmegi üçin ýollaýyş we goldaw beriş mehanizmleri zerurdyr. Bu mehanizmler bolmasa, olar jenaýatçylyk barada polisiýa habar berip we kazyýetde özüni gorap bilmez.
Ondan başga-da, polisiýanyň adam söwdasynyň öňüni almaga, ony ýüze çykarmaga we oňa garşy hereketleri alyp barmaga bolan ukybyny güýçlendirmek möhüm. Biz Merkezi Aziýadaky maksatnamalarymyzyň çäginde hut şu işleri alyp barýarys.
Gyrgyzystanda we Türkmenistanda BMG-nyň NJBM hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň, prokurorlaryň we kazylaryň adam söwdasy bilen baglanyşykly işleri derňemek, kazyýet taýdan yzarlamak we gözden geçirmek boýunça başarnyklaryny ösdürmek babatda okuw gollanmalaryny taýýarlady. Özbegistanda ýaňy-ýakynda “Pidalar, betpäller däl” atly okuw filmi görkezilip, onda kazyýet işleriniň adam söwdasynyň pidalarynyň hukuklaryna, mertebesine, fiziki we psihologiki ýagdaýyna zeper ýetmezligini üpjün etmekde prokurorlaryň we kazylaryň orny barada bellenýär.
S: Gelip çykyşy boýunça ýurt we gidilýän ýurt adam söwdasy bilen baglanyşykly işler boýunça nädip hyzmatdaşlyk edýär?
Adam söwdasy transmilli jenaýat bolup, ol köplenç birden köp döwleti we dürli hukuk ulgamlaryny öz içine alýar. Gelip çykyşy boýunça ýurtlar, geçirilýän ýurtlar we gidilýän ýurtlar pidalary goramak we olara goldaw bermek hem-de adam söwdasy bilen meşgullanýanlaryň jezalandyrylmagy ugrunda bile işlemeli.
Gyrgyzystanda BMG-nyň NJBM ýaňy-ýakynda bu ugurda esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin prokurorlary we halkara hyzmatdaşlyk boýunça jogapkär edaralaryň beýleki wekillerini çagyrdy. Bu gepleşik platformasy Gyrgyzystanyň edaralaryna özleriniň Gazagystandaky, Täjigistandaky, Özbegistandaky, Russiýa Federasiýadaky, Türkiýedäki işdeşleri bilen adam söwdasy zolaklary derňelen we olara jeza berlen wagty bilelikdäki hukuk goldawyny üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik berdi. Biz bilelikdäki hukuk goldawy boýunça talaplar babatda has takyk okuwlary üpjün etjekdigimizi we geljekde gidilýän ýurtlar bilen kämilleşdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirjekdigimizi ynanýarys.
Adam söwdasy uly girdejili jenaýat işi. Migrantlaryň bikanun geçirilmegi hem onda pes däl. Şu ýyl BMG-nyň NJBM ilkinji gezek Migrantlaryň bikanun geçirilmegi boýunça bütindünýä derňewini neşirden çykardy. Bu derňewe laýyklykda, migrantlaryň bikanun geçirilmegi bilen baglanyşykly ýagdaýlar bütin dünýäniň ähli sebitlerinde bolup geçýär we şeýle jenaýatçylar 7 milliard amerikan dollaryna deň peýdany alýar.
Bu mesele boýunça Merkezi Aziýada ylmy-barlag geçirmek zerur. Sebit şu güne çenli Ýewropa ýurtlarynda bikanun migrasiýa, Günorta, Günorta-Günbatar we Gündogar Aziýa geçiş zolagy hökmünde hyzmat edýär.
Merkezi Aziýanyň çäginde bikanun migrasiýa statusy, esasan, milli serhetleriň arasynda bikanun hereketlerden däl-de, uzak wagtyň dowamynda ýurtda bolmagyň, hemişelik ýaşaýjy hökmünde hasaba durup bilmezligiň ýa-da bikanun zähmetiň netijesinde ýüze çykýar. Şeýle-de bolsa, syýahat etmek üçin işjeň resminamalary bolmadyk adamlaryň ýa-da syýahat etmek üçin wiza talap edilýän Özbegistan we Türkmenistan ýaly ýurtlaryň raýatlarynyň sebitiň çäginde ýygy-ýygydan syýahat etmegi mümkin. Bu migrantlaryň aglaba bölegi Gazagystana we, esasan hem, Russiýa Federasiýasyna gidýär.
S: Bu ugurda Siziň gazanan esasy üstünlikleriňiz haýsy?
J: Adam söwdasy bilen baglanyşykly işleri derňemek we olara jeza görmek ugrunda başarnyklary ösdürmek boýunça polisiýa işgärleri we jenaýat işleri bilen iş salyşýanlar bilen okuw geçirmek işimiziň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Biz hünär kämilleşdiriş işlerini Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Türkmenistanda alyp barýarys. Geljekde biz şeýle başlangyjy Täjigistanda hem ýola goýmagy meýilleşdirýäris.
Şu ýylyň tomsunda biz Gyrgyzystanyň ähli sebitlerinden derňew geçirijileriň toparyny ýygnadyk. Olar ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy. Elbetde, bir okuw ulgamyň işleýşini üýtgedip bilmez. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda polisiýanyň adam söwdasy bilen baglanyşykly birnäçe täze derňew işlerini alyp barýandygy barada birnäçe alamatlarymyz bar. Içeri işler ministrliginiň Jenaýat işleriniň derňewleriniň gullugy adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan çäreleri güýçlendirmäge bolan taýýarlygy görkezdi.
Biziň goldawymyz bilen, Gyrgyzystanyň Hökümeti şu ýyl gender aýratynlyklaryna esaslanan zorluk we adam söwdasy boýunça maglumaty ýygnamagyň täze ulgamyny girizdi. Ol ýagdaýa has gowy gözegçilik edilmegine we adam söwdasynyň öňüni almak hem-de oňa gözegçilik etmek ugrunda çäreleriň işlenilip düzülmegine ýardam berer. Hasabat taýýarlamagyň täze formatlarynda köpsanly möhüm innowasiýalar bar. Mysal üçin, hökümet edaralary adam söwdasynyň pidalarynyň sezewar edilen iş görnüşleri boýunça maglumaty ýygnamaga başlar.
“Adam söwdasyna garşy 100 gün” atly kampaniýasy 10-njy sentýabrynda Gyrgyzystanda başlanmaly. Şeýle umumymilli kampaniýalar ýerli derejede ýaşaýan adamlary özüne çekýär we Merkezi Aziýa döwletleriniň ählisinde zerur bolup durýar. Habarlylygyň derejesini ýokarlandyrmak boýunça çärelerde ýaş wagty durmuşa çykarmak we gelni ogurlamak ýaly tejribeleri aradan aýyrmagyň zerurlygynyň üstünde durlup geçiler.
Men hyzmatdaşlygy, bilelikdäki işi güýçlendirmekde, bile işlemekde we Merkezi Aziýanyň ähli döwletlerinde adam söwdasynyň öňüni almakda netijeli çözgütleri gözlemekde ähli adamlary bu başlangyja goşulmaga çagyrýaryn.
Sorag-jogap Wasilina Bražko tarapyndan taýýarlanyldy, BMG-nyň NJBMK/ROCA Habar beriş we jemgyýetçilik gatnaşyklary boýunça işgär