Türkmenistan Ilat we ösüş komissiýasynyň 54-nji mejlisinde aýallaryň we gyzlaryň bähbidine ösüşi depgini batlandyrmak babatynda borjuny güýçlendirýär
23 aprel 2021
- COVID-19 bilen gender deňsizliginiň, azyk önümleriniň ýetmezçilginiň, şeýle hem saglygy goraýyş hyzmatlaryna we reprodutkiw hukuklaryna bolan päsgelçilikleriň arasyndaky baglanyşyk şu hepde Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň Ilat we ösüş komissiýasynyň (CPD54) 54-nji mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşi tarapyndan döredilen Ilat we ösüş komissiýanyň esasy wezipesi, Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň hereketler Meýilnamasynyň milli, sebitleýin we halkara derejesinde ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek we gözden geçirmekdir.
Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatda Türkmenistan gender deňligini, reproduktiw saglygy we hukuklary, demografiki bölünişigi öňe sürmäge ygrarlylygyny, şeýle hem ilat baradaky maglumatlary subutnamalar esasynda karar bermek üçin ulanjakdygyny ykrar etdi.
"Men Müsüriň Kair şäherinde geçirilen Ilat we ösüş boýunça ilkinji halkara maslahatynda Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek mertebesine eýe boldum" – diýip, Birleşen Milletler Guramasyna Türkmenistanyň hemişelik wekili onuň Alyhezreti hanym Aksoltan Ataýewa diýdi. “Türkmenistanyň hökümeti, Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatynyň 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Naýrobi şäherinde geçirilen sammite uly şatlyk bilen gatnaşdy we dürli derejede - maliýe, syýasy, kanuny, gurluş taýdan birnäçe borçnamalary yglan etdi.”
Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Hereketler meýilnamasynyň global ylalaşygy jyns we reproduktiw saglygy we hukuklar, aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, hem-de gender deňligi halklaryň we raýatlaryň abadançylygy üçin möhümdir; onuň durmuşa geçirilmegi 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň esasydyr.
“Ilat we ösüş boýunça halkara maslahatyň Naýrobi sammiti, hemmeler üçin hukuklaryň we saýlamak ýollaryň ähmiýetini gaýtadan ykrar etdi, reproduktiw saglygyna we hukuklaryna täzeden itergi berdi, çünki olar durnukly ösüşi gazanmak ugrunda möhüm oruna eýedir we Türkmenistanyň hökümeti adamlaryň - aýallaryň we erkekleriň, ýaşlaryň, şol sanda ilatyň ejiz gatlaklarynyň durmuşyny üýtgetmek üçin bu wadalaryny tiz wagtda durmuşa geçirmek üçin zerur bolan tagallalary etmäge dowam etdirýär," - diýip, hanym Ataýewa aýtdy.
Hemişelik wekil, 2021-2025-nji ýyllar üçin Gender deňligini gazanmak boýunça Milli Hereketler meýilnamasynyň ýakynda kabul edilendigini, 2021-2025-nji ýyllar aralygynda Ýaşlar syýasaty boýunça täze Döwlet maksatnamasynyň tassyklanandygyny, şeýle hem 2022-nji ýyldaky ilat ýazuwyna taýýarlyk işleriniň geçirilýändigini we maşgaladak yzorluk barada geçirilen ilkinji gözleg işleriniň tamamlanandygyny aýtdy. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň 2025-nji ýyla çenli 80% -e çenli ejiz aýallaryň göwreliligiň öňüni alyş serişdelerine mugt elýeterliligini üpjün etmek üçin alyp barýan maliýe borçnamalaryna ünsi çekdi.
CPD54 boýunça çeşmeler: https://www.un.org/development/desa/pd/events/commission-population-and…