Press reliz

BMG-niň binasynda raýat goraglylygy boýunça döwlet syýasaty tanyşdyryldy

25 aprel 2019

  • Raýat goraglylygy boýunça baş müdirligiň we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň halas ediş toparynyň wekilleri 2019-2030-njy ýyllar üçin raýat goraglylygy boýunça döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini durmuşa geçirmek babatda milli strategiýasyny we bu boýunça hereketleriň meýilnamasyny görkezdi.

Duşuşykda BMG-niň adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we heläkçilikleriň howplaryny azaltmak boýunça (DRR) gulluklarynyň utgaşdyryjylary, şeýle-de milli hyzmatdaşlar heläkçilikleriň howplaryny azaltmak, adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we degişli hereketleri amala aşyrmak, howplara baha bermek we ş.m. ugrunda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin ýygnandy.

Çykyş edijiler Heläkçilikleriň howplaryny azaltmak boýunça Sendai maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň ýörite maksatnamada aýratyn orny eýeleýändigini we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin gün tertibini durmuşa geçirmäge goşant goşýandygyny belledi.

“Türkmenistanda BMG ýakyn geljekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk we degişli hereketleri ýerine ýetirmek boýunça Özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çeker we bu ugurda hyzmatdaşlygy täze derejä ýetirer” diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy hanym Ýelena Panowa belledi.

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNDP
BMG-niň Ösüş maksatnamasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi
BSGG
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Bu başlangyja degişli beýleki edaralar

World Bank
Bütindünýä banky

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz