Press reliz

Dünýäniň üç ýurdunyň birinde açyk howanyň arassa bolmagynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan kanunlar ýok

02 sentýabr 2021

  • Dünýä ýurtlarynyň üçden birinde açyk howanyň arassa bolmagynyň düzgünlerini kadalaşdyrýan kanunlar ýok. Şeýle kanunlaryň bolan ýerinde düzgünler dürli-dürli bolýar we adatça Bütindünýä Saglyk Guramasynyň görkezmelerine laýyk gelmeýär. Mundan başga-da, howanyň hilini gowulandyrmak üçin şeýle düzgünleri girizmäge kuwwaty bolan ýurtlaryň azyndan 31% -i häzir hem bu düzgünleri kabul etmedi. Bular BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy (ÝUNEP) tarapyndan howanyň hilini gowulandyrmak boýunça kanunlara we kadalara ilkinji gezek baha bermeginiň esasy netijeleridir.

 

Howanyň hilini kadalaşdyrmak: Gök asman üçin halkara arassa howa gününiň öňsyrasynda çykarylan howanyň hapalanmagy baradaky kanunçylyga ilkinji gezek dünýä derejesinde baha berýän hasabat 194 ýurtda we Ýewropa Bileleşiginde howanyň hili babatynda milli kanunçylygyny öwrenýär. Kanuny we institusional çäkleriň dürli ölçeglerini öwrenip, hasabat howanyň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmek ugrunda olaryň netijeliligine baha berýär. Hasabat, milli kanunçylykda göz öňünde tutulmaly - howanyň hilini dolandyrmagyň ygtybarly nusgasyny döretmek üçin esasy elementleri teklip etmek bilen tamamlanýar we howanyň hilini ýokarlandyrmak üçin düzgünleri girizmek boýunça global şertnamanyň göz öňüne tutulmagyna itergi berýär.

BSGG howanyň hapalanmagyny daşky gurşawyň adam saglygyna ýaramaz täsir edýän iň uly töwekgelçilik hökmünde kesgitledi, dünýä ilatynyň 92% -i howanyň hapalanma derejesiniň howpsuz çäklerden geçýän ýerlerinde ýaşaýar we pes girdejili ýurtlarda aýal-gyzlara, çagalara we gartaşan adamlara deň derejede täsir edýär. Ýakynda geçirilen gözlegler, COVID-19 pandemiýasynyň adamlaryň saglygyna ýetiren täsirleri bilen howanyň hapalanmagynyň arasyndaky baglanyşygy görkezýär.

BSGG howanyň hilini ýokarlandyrmak üçin görkezmeleri hödürledi, ýöne hasabatda görkezilişi ýaly olardan peýdalanmak üçin global derejede bileleşik we umumy hukuk binýady ýok. Ýurtlaryň azyndan 34% -inde howanyň hili häzir hem kanuny taýdan goralmaýar. Hatda, kanuny taýdan goralýan ýerlerde-de düzgünleri deňeşdirmek kyn: dünýä ýurtlarynyň 49% -i howanyň hapalanmagyny diňe daşky howp hökmünde kesgitleýär, howanyň hilini gowulandyrmak boýunça düzgünler geografiki taýdan tapawutlanýar we ýurtlaryň ýarysyndan gowragy bu düzgünlere laýyk gelmeýär.

Mundan başga-da, düzgünleri girizmek üçin institusional jogapkärçilik dünýä ýüzi boýunça gowşak - ýurtlaryň diňe 33% -i kanuny taýdan kesgitlenen düzgünleri durmuşa geçirmek üçin borçnamalaryny ýerine ýetirýärler. Gözegçilik etmek düzgünleriň berjaý edilýändigini ýa-da edilmeýändigini bilmek üçin möhümdir, ýöne azyndan 37% ýurtda kanuny taýdan talap edilmeýär. Netijede, howanyň hapalanmagynyň çäksiz bolmagyna garamazdan, ýurtlaryň diňe 31% -iniň serhetüsti howa hapalanmagynyň çözgüdini tapmak üçin kanuny mehanizmleri bar.

"Her ýyl howanyň hapalanmagy sebäpli ýedi million adamyň wagtyndan öň aradan çykmagynyň öňüni almak üçin hiç hili itergi ýok, bu adamlaryň sany 2050-nji ýyla çenli 50% -den gowrak bolar "- diýip, ÝUNEP-iň ýerine ýetiriji direktory Inger Andersen aýtdy. "Biziň dem alýan howamyz jemgyýetiň esasy peýdalanýan maddy nygmatydyr, şeýlelik bilen hökümetler howanyň arassa we howpsuz bolmagy üçin has köp çäreleri görmelidir."

Daşky gurşawyň sagdyn bolmagy, şol sanda howanyň arassa bolmagy 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçimrek şeýle hem saglyk, elýeterli we arassa energiýa, durnukly şäherler, jogapkärçilikli önümçilik we ýeriň üstündäki ýaşaýyş (DÖM 3, 7, 11, 12, we 15) ýaly ugurlarda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin deslapky şertdir. BMG-niň daşky gurşaw babatynda 5-nji ýygnagy (UNEA-5) ilkinji mejlisinde howanyň hapalanmagynyň ähli görnüşlerini azaltmak üçin agza döwletlerini ähli pudaklarda hereket etmäge çagyrdy.

Bu gözleg işi, “howanyň hilini gowulandyrmak ugrunda iň täsirli milli maksatlara ýetmek üçin hem güýçli institusional meýilnamalar, durmuşa geçirmek üçin kuwwat we oňat utgaşdyrylan kanunlar ýaly goldaw bermelidir"- diýip, hasabatyň egindeş awtory professor Elois Skotford aýtdy.

Hasabat köp ýurtlary içerde we daşarda howanyň hapalanmagyna garşy kanunlarda ägirt uly düzgünleri kesgitleýän, howanyň hiline gözegçilik etmegiň kanuny mehanizmlerini gowulandyrýan, aç-açanlygy ýokarlandyrýan, ýerine ýetiriş ulgamlaryny, hem-de milli we serhetüsti howa hapalanmasyna garşy syýasaty we kadalaşdyryjy utgaşdyryş ulgamyny kämilleşdirýän – howanyň hilini gowulandyrýan putga kanunlary kabul etmäge çagyrýar.

Bu bahalandyrmadan soň, Montewideo Daşky Gurşaw babatynda Hukuklary Maksatnamasy boýunça howanyň hapalanmagynyň çözgüdini tapmak ugrunda ýurtlara berýän goldawyny giňeltmek üçin ÝUNEP tarapyndan amaly görkezmeler işlenip düzülýär. Ýurtlara howanyň hapalanmagyna garşy kanuny esaslary ösdürmek we durmuşa geçirmek boýunça tehniki goldaw, şeýle-de gyzyklanýan taraplar, kazylar, prokurorlar we beýleki ýerine ýetiriji işgärler üçin mümkinçiliklerini artdyrmak üçin çäreler meýilleşdirilýär.

Redaktorlara bellikler

Gök asman üçin Halkara arassa howa güni barada

Adamyň saglygyny goramak üçin howanyň hilini ýokarlandyrmak, şol sanda howanyň hapalanmagyny azaltmak üçin tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekip; howanyň hilini ýokarlandyrmak - howanyň üýtgemegine päsgelçilik döretjekdigini, we howanyň üýtgemegine päsgelçilik döretmek boýunça tagallalar howanyň hilini gowulaşdyryp biljekdigini boýun almak bilen; Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 7-nji sentýabry gök asmanlar üçin Halkara arassa howa güni diýip bellemek kararyna geldi.

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy barada

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy daşky gurşaw boýunça öňdebaryjy guramadyr. Ol ýolbaşçylygy üpjün edýär we ýurtlara hem-de halklara geljekki nesilleriň durmuşyna zyýan bermezden durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ylham bermek, habar bermek we mümkinçilik bermek arkaly daşky gurşawa ideg etmekde hyzmatdaşlygy höweslendirýär.

Has giňişleýin maglumat üçin habarlaşmagyňyzy haýyş edýäris:

BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasynyň habarlar we metbugat bölüminiň başlygy Keişa Rukikair

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNEP
BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz