Press reliz

BMG we Türkmenistanyň Hökümeti bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köp ugurly töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek üçin täze bilelikdäki maksatnama gol çekdiler

21 sentýabr 2021

  • Birleşen Milletler Guramasy we Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsan howpsuzlygy gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän «Bütindünýä pandemiýa bilen baglanşykly köpdürli töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek» atly bilelikdäki maksatnama gol çekdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri we Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy ýiti ýokanç keselleriň pandemiýasyna garşy Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasyny amala aşyrmak üçin goşant goşjak bilelikdäki maksatnama gol çekdiler.

Taraplar ilatyň iň ejiz toparlaryna üns berip, global pandemiýanyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak üçin bilelikdäki maksatnamanyň möhümdigini bellediler. Bu maksatnama, “aşakdan ýokaryk” çemeleşmesini ulanmak bilenwe “hiç kimi yzda galdyrmazlyk” ýörelgesine eýerip, aýgytly pursatda meýilleşdirmek işlerindemöhüm çemeleşme hökmünde adam howpsuzlygy konsepsiýasyny öz içine alýar.

18 aýlyk maksatnama öňüni alyş, adamlaryň bähbidine gönükdirilen, anyk mazmunly ýörelgeler esasynda, şeýle hem köp ugurly çemeleşmäni ulanmak arkaly adam howpsuzlygynyň üpjün edilmegi babatyndaky çemeleşmäni göz öňüne tutup, Durmuş-ykdysady taýdan dessin çäreleri görmegiň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin ýerli derejede döwlet gulluklçylarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, maksatnama Lebap we Daşoguz welaýatlarynda ýaşlaryň durnuklylygynyýokarlandyrmaga we ýerli jemgyýetleriň özgertmelerine goşant goşmaga mümkinçilik berer.

"Biz bütindünýä pandemiýanyň köpdürli töwekgelçiliklerini we howplaryny azaltmak üçin alnyp barylýan işlere ýaşlary çekmek üçin Bilelikdäki täze maksatnama uly höwes bilen gol çekdik we ony durmuşa geçirmäge taýýar" - diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministri onuň Alyhezreti jenap Raşid Meredow aýtdy.

"Biz ýerli jemgyýetleriň we ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýaýbaňlaşdyrmak we bu jemgyýetleriň, esasanam howp astyndaky ýaşlaryň we gartaşan adamlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işlere olary çekmek üçin Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikdäki işimizi başlamaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys"-diýip, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko aýtdy. Şeýle hem ol "BMG-niň ýurt boýunça topary, umumy maksatlarymyza ýetmek üçin siziň goldawyňyza, tejribäňize, bilimiňize we tagallalaryňyza bil baglaýar" – diýip aýtdy.

Maksatnamanyň çäginde çäreler 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilip başlanar. Bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyna ÝUNFPA, Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy we Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi ýolbaşçyk eder.Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan utgaşdyrylan beýleki hyzmatdaşlar BMG-niň Çagalar gaznasy, Halkara migrasiýa guramasy, BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirligi we Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany, jemgyýetçilik guramalary we jemgyýetçilik bilen işleşýän Hökümete dahylsyz guramalardyr.

***

Ene Tuýliýewa,

Aragatnaşyk boýunça analitik

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy

tuyliyeva@unfpa.org

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy
UNFPA
BMG-niň Ilat gaznasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy
UNODC
BMG-niň Neşeler we jenaýatçylyk baradaky müdirligi

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz