Press reliz

Türkmenistandaky Halkara Migrasiýa guramasy we Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy bilelikdäki taslama gol çekdiler

16 awgust 2019

  • Halkara Migrasiýa guramasy/BMG-nyň Migrasiýa boýunça gullugy Beýik Britaniýanyň ilçisi Torda Ebbot-Wot bilen bilelikde adam söwdasyna we bosgunlaryň gowşaklygyna garşy göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek boýunça ýerli žurnalistleriň potensialyny güýçlendirmäge gönükdirilen taslamany bilelikde geçirmek babatda Özara düşünişmek baradaky ähtnama gol çekdiler.

Bu taslama adam söwdasyna garşy göreşmek we adam hukuklary ýaly meseleleri şöhlelendirmek boýunça žurnalistleriň, talyplaryň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda has netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga ýadam berer.

Taslama ýerli gazetleriň žurnalistleriniň, radio we telewideniýäniň wekilleriniň jemgyýetçilik guramalary we talyp ýaşlar bilen adam söwdasyna garşy göreşmek babatda işini birleşdirmäge; adam söwdasy we migrasiýa bilen baglanyşykly ýalan düşünjeleriň we stereotipleriň ýüze çykmagynyň öňüni almaga gönükdirilen dialogy ýola goýmaga ýardam berer.

Maksatnama adam söwdasy we gözegçilik edip bolmaýan migrasiýa meseleleri barada habarlylygy ýokarlandyrmak boýunça maglumat beriş kampaniýalaryny geçirmek bilen baglanyşykly halkara hukuk goraýyş işiniň nazary we amaly ýörelgelerine esaslanar. Ol adam söwdasy bilen baglanyşykly meseleleri şöhlelendirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň wezipesini we borçlaryny jikme-jik öwrenmäge we ony ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer, şeýle-de ähli gatnaşyjylaryň utgaşykly işiniň möhümdigini subut eder. 

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz