Press reliz

Halkara Migrasiýa Guramasy Türkmenistanda ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň agzalary - ministrleriň orunbasarlary üçin tegelek stol gurady

21 December 2021

  • Halkara Migrasiýa Guramasy (HMG) – BMG-niň Migrasiýa işleri boýunça edarasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Döwlet Migrasiýa Gullugy bilen hyzmatdaşlykdaTürkmenistanda ýolagçylar barada Deslapky maglumat ulgamyny durmuşa geçirýän iş toparynyň agzalary - ministrleriň orunbasarlary, Döwlet Migrasiýa Gullugy - taslamanyň utgaşdyryjysy, “Türkmenhowaýollary” gullugy, Döwlet serhet gullugy we Içeri işler ministirligi üçin tegelek stol gurady.

Tegelek stoluň başynda gatnaşyjylar HMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy Zeýnal Hajyýewiň we Aşgabat şäherinde HMG-niň başlygy Azat Atajanowyň çykyşlaryny diňlediler.

Bu tegelek stol, Merkezi Aziýa ýurtlaryna milli Deslapky maglumat ulgamyny ornaşdyrmak üçin HMG-niň Ösüş gaznasy (IDF) tarapyndan maliýeleşdirilýän sebitleýin taslamanyň çäginde geçirildi.

“Taslama 2020-nji ýylda ýola goýuldy we Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlarynda durmuşa geçirildi. Bu taslamanyň durmuşa geçirilen döwründe, Türkmenistanyň kanunçylygyna jikme-jik syn berildi we ýurduň içinde Deslapky maglumat ulgamyny durmuşa geçirmekde esas döretmek üçin milli kanunçylyga üýtgetmeler girizmek üçin birnäçe teklipler işlenip düzüldi. Mundan başga-da, ýurtda awiakompaniýalaryň we beýleki hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda birnäçetehniki maslahat beriş çäreleri geçirildi, bu bolsa Deslapky maglumat ulgamyny ornaşdyrmakprosesini meýilleşdirmek we durmuşa geçirmek üçin milli mümkinçilikleri güýçlendirmäge ýardam etdi. Pudagara toparynyň hünärmenleriniň iki topary, deslapky maglumat ulgamynyňdurmuşa geçirişiniň halkara tejribesini öwrenmek üçin birnäçe Ýewropa ýurtlarynda boldular. Iň möhüm belläp geçmeli zadymyz, Türkmenistanda taslamanyň durmuşa geçirilmegi mahalynda Deslapky maglumat ulgamyny durmuşa geçirmek boýunça Milli iş toparynyň esasy bolan bilermenler toparynyň döredilmegidir"- diýip, Z. Hajyýew çykyşynda nygtady.

Bu tegelek stol, Deslapky maglumat ulgamynyň sebitleýin taslamasynyň çäginde ýerine ýetirilýän jemleýji çäredir. Tegelek stoluň başyna gatnaşan degişli ministrlikleriň wekilleri Türkmenistanda Deslapky maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça geljekde hyzmatdaşlyk barada gyzyklanmalary we teklipleri barada aýtdylar.

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynyň başlygynyň orunbasary jenap Sahy Imamberdiýew, Deslapky maglumat ulgamyny durmuşa geçirmek üçin ýol kartalaryny işläp düzmek tejribesini öwrenmek ýaly ugurlar boýunça TürkmenistandaDeslapky maglumat ulgamyny durmuşa geçirmekde HMG-sy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini aýtdy.

“Bu taslamanyň çäginde, Türkmenistanda Deslapky maglumat ulgamyny ornaşdyrmak üçinanyk meýilnamalary işläp düzmekde ýeterlik derejede milli mümkinçilikler döredildi. HMG Türkmenistanyň döwlet edaralary bilen mundan beýläkde bu ugurda bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge taýýar, şeýle hem Deslapky maglumat ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamanyň Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde maliýeleşdirmek üçin dalaşgär hökmünde bolup biljekdigine ynanýar.” - diýip, HMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň başlygy Azat Atajanow aýtdy.

Halkara Migrasiýa Guramasy Türkmenistanda ýolagçylar barada deslapky maglumat ulgamyny durmuşa geçirmek boýunça iş toparynyň agzalary - ministrleriň orunbasarlary üçin tegelek stol gurady

Diana Çaryýewa

Diana Çaryýewa

IOM
Jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri boýunça hünärmen

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

IOM
Halkara migrasiýa guramasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz