BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygy Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň raýatlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
02 mart 2022
- Türkmenistanyň we Merkezi Aziýanyň beýleki döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna goşulmagynyň 30 ýyllygyny bellemek bilen BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygy bu ýurtlaryň raýatsyzlygy aradan aýyrmak ugrunda gazanan üstünliklerine ýokary baha berýär. 2021-nji ýylda 46,000-den gowrak raýatlygy bolmadyk adamlara Gazagystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda raýatlyk berildi.
“BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygy hökümetleriň, häkimiýetleriň, raýat jemgyýetiniň we Merkezi Aziýanyň halkynyň raýatsyzlyk boýunça meseleleriň çözgüdini tapmak ugrunda ägirt uly tagallalaryna ýokary baha berýär. Bu, bolsa hiç bir adamy ünsden düşürmän, Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmekde we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek ugrunda aýdyň öňegidişlikleri görkezýär. Raýatsyzlygyň öňüni almak we raýatlygy bolmadyk adamlary goramak parahatçylygy we howpsuzlygy ösdürmäge we saklamaga, şeýle hem mejbury göçüşleriň öňüni almaga ýardam edýär "-diýip, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygynyň Merkezi Aziýa boýunça wekili jenap Hans Fridrih Şodder aýtdy.
Türkmenistan raýatlygy bolmadyk adamlara kanuny taýdan status almaga we şeýlelik bilen esasy adam hukuklaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän, raýatsyzlygy kesgitlemek boýunça proseduralary işe girizdi. Bu proseduralary kabul etmek bilen Türkmenistan 2019-njy ýylda raýatsyzlyk baradaky ýokary derejeli çärede berlen wadalaryň birini ýerine ýetirdi.
2021-nji ýylda Merkezi Aziýa boýunça raýatlygy bolmadyk adamlaryň iň köp ýaşaýan ýurdy bolan Özbegistan respublikasy raýatlygy bolmadyk hasaba alnan adamlaryň 70,000-den 33,000-ne raýatlyk berip, raýatsyzlygy takmynan iki esse azaltdy. Bu, 2020-nji ýylda kabul edilen raýatsyzlyk baradaky täze kanunynyň düzgünleri we 2021-nji ýylda oňa girizilen goşmaça üýtgetmeleri arkaly mümkin boldy.
2021-nji ýylda, raýatsyzlygy aradan aýyrmak maksady bilen Täjigistan tarapyndan geçirilen çäreleriň netijesinde 4,000-den gowrak adam şahsyýeti kepillendirýän şahsyýetnamalary aldylar. Mundan başga-da, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 4,000 töweregi ýüze çykaryldy we olara hukuk taýdan goldaw beriler.
2020-nji ýylyň güýzünden bäri Gazagystan respublikasynda raýatsyzlygy ýüze çykarmak we bu meseläniň çözgüdini tapmak boýunça milli kampaniýa alnyp barylýar. 2021-nji ýylyň ahyryna, bu kampaniýanyň netijesinde raýatlygy bolmadyk adamlaryň 7,300-e golaýy ýüze çykaryldy, şolardan 4,100-den gowragyna Gazagystanyň raýatlygyny almaga ýardam edildi, 2,000-e golaýy bolsa raýasyzlygy sebäpli hasaba alyndy.
BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygy Gyrgyzystan respublikasynyň 2019-njy ýylda raýatsyzlyga degişlilikde ähli meseleleriň çözgüdini tapmkada gazanan üstünliklerini bellemek bilen onuň 2019-njy ýylda ýokary derejeli çärede kabul eden dört borçnamalaryny ýerine ýetirmek ugrundaky tagallalaryna goldaw bermegini dowam etdirýär.
BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarlygy Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň - Türkmenistanyň we dünýä ýüzi boýunça beýleki köp döwletleriň kabul edişi ýaly raýatsyzlyk boýunça iki konwensiýany kabul etmek baradaky pikirlerini hem goldaýar.
2014-nji ýylda, 2024-nji ýyla çenli bütin dünýäde raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça #IBelong kampaniýasynyň ýola goýulany bäri, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Özbegistanda raýatsyzlyk boýunça meseleleriň 163,000-den gowragy çözüldi. 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli Merkezi Aziýada raýatlygy bolmadyk adamlaryň 56,000-den gowragy ýüze çykaryldy, ýöne raýatlygy bolmadyk adamlaryň sany has ýokary bolmaly diýip hasap edilýär.
Ýelena Sim
Elektron poçta: sim@unhcr.org