8-nji mart, Pandemiýa döwründe öz maksatlaryna ýetýän 8 sany gyzyň ruhlandyryjy durmuş hekaýalary
08 mart 2022
Halkara zenanlar gününde, ÝUNISEF Türkmenistanda gyzlaryň dürli ugurlarda gazanan ajaýyp üstünliklerini we olaryň pandemiýanyň öňüni almakdaky orununy belleýär.
Dünýäniň global pandemiýanyň üçünji ýylyna gadam basmagy bilen, gyzlaryň dürli derejelerde gender, ýagny jyns meselesi babatynda adalatsyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolmaklarynyň dowam edýändigi sebäpli, olaryň hak-hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek zerurlygy täze ähmiýete eýe bolýar. Halkara zenanlar güni ÝUNISEF, Türkmenistanyň hemme ýerinde gyzlar bilen söhbetdeş bolup, olaryň durmuş hekaýalaryny, üstünlige tarap ýollaryny we global pandemiýanyň olaryň durmuşyna nähili täsir edendigi barada paýlaşmagyny haýyş etdi.
“Halkara zenanlar gününde, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasy, global pandemiýa şertlerinde gender deňligi barada pikir alyşýar. Türkmenistandaky her bir gyzyň we zenanyň öz hukuklaryndan doly peýdalanmagyny üpjün etmek we biziň hemmämiz üçin has asuda we abadan geljegi gurmak üçin olaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek ugrunda hyzmatdaşlar bilen işleýäris” - diýip ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýazi belläp geçdi.
Şu gün 8 sany gyz: Durnukly Ösüş Maksatlarynyň (DÖM) ýaş ilçisi, grafiki dizaýneri, şepagat uýasy, ussat we ökde basketbol oýunçysy, mugallym, fotosuratçy, daşky gurşaw bilen işjeň gyzyklanýan hünärmen we žurnalist, bu möhüm senäni bellemek we gender stereotiplerini ýok etmeklige gönükdirilen özgerişleriň mysaly bolmaga, şeýle hem pandemiýanyň ýaramaz netijeleriniň täsirinden dikelmäge goşant goşmak we dünýädäki her bir gzyň hak-hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça öz üstlerine borçnama almak üçin birleşýärler. Geliň, olar bilen has ýakyndan tanyş bolalyň:
ÝUNISEF gyzlara elýeter bilim, saglygy goraýyş ulgamy we durmuş taýdan goraglylyk babatyndaky mümkinçilikleri berýän, şeýle hem esasy maksatlaryna ýetmekde olaryň gazanan üstünliklerini dünýä ýaýmak maksady bilen pandemiýadan soňky has adalatly we deňhukukly dünýäni döretmäge kömek etjek, gyzlary global pandemiýasyndan dikeltmek boýunça işlerini dowam etdirer. Munuň özi bolsa, her bir çaga üçin has röwşen, has asuda we abadan geljegi döretmek üçin örän ähmiýetli ädimlerdir.