Baş sekretaryň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde Ukraina barada eden çykyşy
Ukrainadaky söweş halkara derejedäki tertip-düzgüne we global parahatçylyga täsir edýän iň uly garşylyklaryň biridir.
Ukrainadaky söweş halkara derejedäki tertip-düzgüne we global parahatçylyga täsir edýän iň uly garşylyklaryň biridir.
Hanym Başlyk, Siziň Alyhezretleriňiz,
Ukrainadaky söweş onuň tebigaty, dartgynlylygy we netijeleri sebäpli Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda esaslanýan halkara derejedäki tertip-düzgüne we global parahatçylyga täsir edýän iň uly garşylyklaryň biridir.
Biz Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletiniň - Ukrainanyň üstüne Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzasy bolan beýleki agza döwleti - Russiýa Federasiýasy tarapyndan - Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyny bozup, öňünde birnäçe maksatlary goýup, şeýle hem iki döwletiň arasynda halkara dejede ykrar edilen serhetleriň çäklerini üýtgetmegi maksat edinip, başlan giň gerimli täsiri bolan çozuşy bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
Uruş adamlaryň manysyz ýere ölmegine, şäherleriň weýrançylygyna we raýat infrastrukturasynyň weýran bolmagyna sebäp boldy.
Men Buçada öldürilen adamlaryň elhenç şekillerini hiç haçan ýadymdan çykarmaryn.
Men şol wagtyň özünde, günäkär şahsyýetleriň jogapkärçilik çekmekleri üçin derňew geçirmäge çagyrdym.
Şeýle-de, häzirki wagtda ýüze çykýan zorluklaryň we jynsy taýdan zorlugyň pidalarynyň berýän görkezmeleri meni gaty geň galdyrdy.
Adam hukuklary boýunça ýokary komissar ýüze çykyp biljek uruş jenaýatlary, halkara ynsanperwer kanunlarynyň düýpli bozulmalary we halkara adam hukuklarynyň bozulmalary barada aýdyp geçipdi.
Uruş sebäpli bir aýyň içinde on milliondan gowrak adam öýlerini terk etmäge mejbur boldular. Bu Ikinji jahan urşundan bäri ilatyň iň tiz we mejbury ýagdaýda göçmegi boldy.
Bu söweş Ukraina serhetinden daşgary azyk önümleriniň, energiýanyň we dökünleriň bahasynyň ep-esli ýokarlanmagyna sebäp boldy, sebäbi Russiýa we Ukraina bu bazarlary üpjün edýän esasy ýurtlardy.
Üpjünçilik zynjyrlarynyň bozulmalary we ulag çykdajylarynyň ýokarlanmagy sebäpli ösýän ýurtlar häzirki wagtda agyr ýagdaýa düşdüler.
Ösýän ýurtlaryň köpüsi Covid-19 pandemiýasynyň täsiri, ýeterlik likwidligiň we karz ýeňillikleriniň ýoklugy sebäpli karz çökgünliginiň bosagasyna düşdüler, bu bolsa biziň global ykdysady we maliýe ulgamymyzyň adalatsyzlygy barada subut edýär.
Ýokarda bellenilip geçilen sebäpleriň hemmesini hasaba almak bilen uruşy bestemek gün-günden has möhüm bolýar.
Şol sebäpli, men ynsanperwerligiň hatyrasyna, Gyssagly kömek boýunça utgaşdyryjy, Martin Griffitsden gyssagly ýagdaýda uruşy bes etmek üçin ylalaşygy ýola goýmak maksady bilen Russiýa we Ukraina gitmegini haýyş etdim.
Baş sekretaryň orunbasary Griffits size häzirki ynsanperwer ýagdaý we biziň hyzmatdaşlarymyz bilen onuň gatnaşyklaryň netijeleri barada maglumat berer.
Mundan başga-da, Baş sekretaryň orunbasary Dikarlo size syýasy ýagdaý barada hem maglumat berer.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary hökmünde, men Geňeşiň ünsüni bu urşuň dünýä ykdysadyýetine, esasanam ejiz adamlara we ösýän ýurtlara ýetiren uly täsirine çekmek borjumdyr.
Hanym Başlyk,
Biziň alyp baran seljeriş işlerimiziň görkezişi ýaly, azyk önümleriniň, energiýanyň we dökünüň bahalarynyň ýokarlanmagy umumy ilaty 1,2 milliard bolan 74 ösýän ýurduň abadançylygyny howp astyna salýar.
Eksport girdejisiniň takmynan 16 göterimi karz pullary bermek üçin gidýär. Ösüp barýan kiçi ada döwletlerinde bu görkeziji 34 göterim ýokarlanýar we göterimleriň ýokarlanmagy gymmat bahaly impordyň tölegleri sebäpli ýokarlanmagy dowam edýär.
Diňe soňky bir aýda bugdaýyň bahasy 22 göterim, mekgejöwen 21 göterim, arpa 31 göterim ýokarlandy.
1-nji aprelde “Brent” nebitiniň bahasy geçen ýylyň apreli bilen deňeşdirilende 60 göterim ýokarlandy. Muňa sebäp bolan diňe häzirki ýagdaý däl, eýsem başga-da birnäçe hadysalar.
Şol döwürde tebigy gazyň we dökünleriň bahasy iki esse ýokarlandy. Biz käbir ýurtlaryň çylşyrymly meseleleriniň çökgünlige öwrülýändiginiň we jemgyýetiň tolgunmalarynyň alamatlaryny görýäris.
Deňsizlik we üzňelik maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligi zerarly güýçlenýär.
Biz bu duýduryşa äsgermezlik edip bilmeris, biz hereket etmeli.
Hanym Başlyk,
geçen aý azyk, energiýa we maliýe ýaly ugurlarda krizise garşy göreşmek üçin, meniň döreden toparym BMG-niň agza döwletleriniň, halkara maliýe guramalarynyň we beýleki guramalarynyň garamagy üçin käbir başlangyç teklipleri işläp düzdi.
Azyk önümleri babatynda: ähli ýurtlary bazarlary açyk saklamaga, esassyz we zerur bolmadyk eksport çäklendirmelerine garşy durmaga we açlyk howpy abanýan ýurtlara rezerwleri elýeter etmäge çagyrýarys. Häzir proteksionizm üçin wagt däl.
Ynsanperwer kömegi doly derejde maliýeleşdirilmeli.
Bütin dünýäde çökgünlige sezewar bolan adamlar bu söweş zerarly ejir çekmeli däldir.
Energiýa babatynda: strategiki gorlary we goşmaça rezerwleri ulanmak bu energiýa krizisini gysga möhletde ýeňletmäge ýardam edip biler.
Ýöne, ýeke-täk orta we uzak möhletli çözgüt, bazaryň durnuksyzlygynyň täsir etmeýän, täzelenýän energiýanyň ornaşdyrylmagyny tizleşdirmekdir.
Bu bolsa kömüriň we beýleki ähli ýangyçlaryň ulanylmagyny bes etmäge mümkinçilik berer.
Energiýanyň täzelenýän çeşmeleri arzan.
Maliýe babatynda: halkara maliýe guramalary gyssagly iş tertibine geçmeli.
Hökümetler iň garyp we ejiz adamlary durmuş taýdan üpjün edip bilmekleri üçin likwidligi we býudjet mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin, G20 ýurtlar we halkara maliýe guramalar tarapyndan gyssagly çäreler görülmeli.
Global maliýe ulgamyny özgertmek boýunça meniň birnäçe gezek eden ýüzlenmäm bir wagt amala aşyrylmalydy.
Bu hereketleriň hemmesi çökgünlikleriň öňüni almak boýunça meýilnama, parahatçylygy gurmak we saklamak bilen berk baglanyşyklydyr.
Hanym Başlyk,
Ukrainadaky söweş häziriň özünde bes edilmeli.
Biz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk barada gepleşik geçirmeli.
Bu Geňeş raýdaşlygyň ýörelgelerine eýerip, parahatçylygy saklamak üçin geçirilýär.
Men Howpsuzlyk Geňeşiniň diňe bir Ukraina degişlilikde däl, eýsem bütin dünýäde parahatçylyga we howpsuzlyga abanýan beýleki howplara-da garşy işleri amala aşyrmaga päsgel berýän agzalalyklara çuňňur gynanýaryn.
Men uruşy bes etmek we Ukrainanyň ejir çekýän halkyna, ejiz adamlara we dünýäniň ösýän ýurtlaryna edýän täsirini azaltmak üçin Geňeşi elinden gelenini etmäge çagyrýaryn.
Sagboluň.