Press reliz

130-dan gowrak döwlet bilim ulgamlaryny özgertmek we abadan durmuşda ýaşamak üçin dünýäniň ýüzündäki çagalara umyt bermek baradaky çagyryşa jogap berýär

19 sentýabr 2022

  • BMG-niň Baş sekretary, BMG sammitinde öňe gitmek üçin hereketlere çagyrýar

Nýu-Ýork, 19-njy sentýabr - COVID-19 pandemiýasy bilim ulgamlarynda ýüze çykan kemçilikleri dünýä derejesinde paş etdi we şu gün BMG-niň Bilimi özgertmek sammitinde 130-dan gowrak döwlet bilim ulgamlaryny özgertmek we kemçilikleri ýok etmek üçin çäreleri tizleşdirmek barada umumy karara geldiler.

Sammit, 2020-nji ýyldan bäri takmynan 147 million okuwçylaryň okamak üçin meýilleşdirilen wagtynyň ýarysyndan gowragynynyň geçmegine sebäp bolan bilim ulgamynyň pese düşmegine bagyşlanýar. 2021-nji ýylda 244 million çagalar we ýaşlar mekdebe gitmedi. Pandemiýa dünýädäki çagalaryň 90% -den gowragynyň ylym almak mümkinçiligine zyýanyny ýetirdi – bu bolsa taryhda bolup geçen iň uly bidüzgünçilikdir. Şol bir wagtyň özünde, dünýäniň ýüzündäki ýurtlaryň ýarysy bilim ulgamyna bolan býudjetini azaltdylar, bu bolsa çökgünligiň has-da çuňlaşmagyna sebäp boldy.

Häzirki wagtda, dünýäde 10 ýaşly çagalaryň 64,3% -i ýönekeý bir hekaýany okap we düşünip bilmeýändigi çak edilýär. Bu bolsa, birnäçe ýyldan 3 adamdan 1-siniň bu hekaýa düşünip bilmejekdigini, şeýle hem geljekde hünär taýdan taýýarlygy bolmadyk 840 million ýaşlaryň ýetginjeklik döwründe mekdebi terk etjekdigini aňladýar. Şol bir wagtyň özünde, ýurtlaryň ýarysyndan hem az böleginiň çagalara goýberen sapaklarynyň öwezini dolmaga ýardam edýän strategiýalary bar. Munuň başa barmadyk ýagdaýynda, bu okuwçylar öz zähmet durmuşynyň 10 trillion dollar girdejisini ýitirerler.

"Uly mümkinçilikleri bermegiň ýerine bilim ulgamy bölünişigiň ýüze çykmagyna sebäp bolýar" – diýip, BMG-niň Baş sekretary Antóniu Guterriş aýtdy. "Barly adamlaryň çagalary iň gowy iş orunlarda işlemäge mümkinçilik berýän iň oňat çeşmelerden peýdalanýarlar, iň oňat mekdeplerde we uniwersitetlerde okaýarlar, garyp adamlaryň çagalary bolsa, esasanam gyzlar, durmuşyny özgerdip biljek ukyplary gazanmak üçin uly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar."

130 döwlet bilim ulgamyny ileri tutmagy maksat edinýär

Bu borçnamalar, ýolbaşçylaryň, mugallymlaryň, talyplaryň, raýat jemgyýeti guramalarynyň wekilleriniň we beýleki hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda, iň möhüm meseleler boýunça köpçülikleýin teklipleri ýygnamak üçin geçirilen 115 milli maslahatdan soňra kabul edildi.

Ýurtlaryň takmynan ýarysy bilim ulgamyndaky ýitgileriniň öwezini dolmak üçin ileri tutýan çärelerini kesgitlediler, ýurtlaryň üçden bir bölegi bolsa, talyplaryň we mugallymlaryň psihiki-sosial abadançylygyny goldamagy maksat edinýärler. Üç ýurduň ikisi ykdysady taýdan pes girdejili jemgyýetler üçin göni we gytaklaýyn çykdajylary ödemek üçin çäreleri kesgitlediler we ýurtlaryň 75% -i öz borçnamalarynda okuw maksatnamalaryny meýilleşdirenlerinde, gender faktorlaryny göz öňünde tutjakdygyny bellediler.

Bu sözlerde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda bilim ulgamynyň ähmiýeti we onuň howanyň üýtgemegi, global derejedäki gapma-garşylyklar we garyplyk bilen arabaglanyşygy bellenilip geçildi. Çäreler, COVID-19 pandemiýasynyň netijesinde ýüze çykan bilim ulgamyndaky boşluklaryň öwezini dolmaga, şeýle hem DÖM-ny durmuşa geçirmek üçin edilýän işleri gaýtadan amala aşyryp başlamaga gönükdirildi, şol bir wagtyň özünde häzirki döwrüň okuwçylaryny, batly depginde üýtgeýän dünýäde ýaşamaga taýýarlamak üçin bilim ulgamynda innowasiýalary girizmegiň zerurlygy bellenilip geçildi.

Esasy başlangyçlar kesgitlendi, şeýle hem bilim ulgamyna maýa goýumlaryň ýokarlanmagy göz öňünde tutuldy

Baş sekretar we BMG-niň Global bilim boýunça ýörite wekili Gordon Braun Şwesiýanyň, Beýik Britaniýanyň we Niderlandyň hökümetleri, şeýle hem Aziýanyň we Afrikanyň ösüş boýunça banklary bilen bilelikde, ilkinji maliýe mehanizmi – Bilimi maliýeleşdirmek boýunça ilkinji Halkara gaznasyny döretmek barada karara geldiler. Bilimi maliýeleşdirmek boýunça ilkinji Halkara gaznasy ilki bilen okuw meýilnamalaryny maliýeleşdirmek üçin 2 milliard ABŞ dollara durýan goşmaça serişdeler bilen üpjün eder, ol 2023-nji ýylda tölenilip başlar. 2030-njy ýyla çenli gazna bilim ulgamyndaky taslamalara we başarnyklary artdyrmak üçin goşmaça 10 milliard dollar maliýe goldawyny berer.

ÝUNESKO we ÝUNISEF, öz içine alyjy, sanlylaşdyrylan okuwy ýola goýmak üçin platforma we mazmun döretmek, hem-de olary ornaşdyrmak üçin “Sanlylaşdyrylan okuwa tarap ugurlar” atly global köp ugurly başlangyjy işe girizdiler.

Mundan başga-da, çökgünlik ýüze çykan ýagdaýynda, bilim ulgamynda görülmeli çäreler barada borçnama, şeýle hem geljekde ýüze çykyp biljek çökgünlikleriň netijeli öňüni almak, olara garşy taýýarlyk we çäre görmek, hem-de olardan soň dikelmek üçin agza döwletleriň we hyzmatdaşlaryň borçnamasy mälim edildi.

Başga-da, bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bilim ulgamynda we onuň ýardamy bilen gender deňligini öňe sürmek, Baş sekretaryň howanyň üýtgemegini - “biziň ýaşamagymyz üçin alyp barýan söweşimiz” diýen çagyryşyna jogap hökmünde döredilen daşky gurşaw meseleleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak üçin bilim ulgamyna ýöriteleşdirilen maksatnamany ornaşdyrmak babatynda hyzmatdaşlyk arkaly bilim ulgamynda ýüze çykan çökgünligi ýeňip geçmek üçin geçirmeli çäreler yglan edildi.

Ýaşlaryň jarnamasy dünýäniň liderlerini dessin çäreleri görmäge çagyrýar

3 gün dowam eden sammitiň açylyş gününde, ýaşlar, özgertmelere degişlilikde syýasatçylara edýän köpçülikleýin teklipleriniň, şeýle hem bilim ulgamynda öz amala aşyryp biljek işleri barada borçnamalarynyň beýan edilen Ýaşlar Jarnamasyny Baş sekretar bilen paýlaşdylar.

Ýaşlar jarnamasy - ýarym milliona golaý ýaşlaryň gatnaşyp, öz goşantlaryny goşan, bir aýlap dowam eden maslahatlaryň jemidir. Jarnamada "dünýäni gowulandyrmak we täzeden dikeltmek üçin, ilki bilen bilim ulgamyny özgertmek zerur" diýip, aýdylýar. Jarnama, karar kabul edýän şahsyýetleriň bilim ulgamynda syýasaty işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öz hyzmatdaşlary hökmünde diňe bir peýdalanyjylary çekmek bilen çäklenmän, eýsem ýaşlaryň hem bu işlere gatnaşmagyny üpjün etmegi talap edýär. Şeýle hem, jarnama ýaşlaryň ýolbaşçy bolmagyna we gendere degişlilikde garaýyşlary üýtgedýän bilim ulgamyna maýa goýmagy talap edýär.

Jarnamanyň tanyşdyryş dabarasynda çykyş etmek bilen Baş sekretar howanyň üýtgemeginiň, gapma-garşylyklaryň ýa-da garyplygyň öňüni almak üçin ýoluň - bilimdigini aýdyp geçdi.

Sammitiň dowamynda Baş sekretar ähli çagalaryň mugt bilim almak hukugyny giňeltmek üçin ýolbaşçylara açyk çagyryş etdi. Bu çagyryş Awaaz tarapyndan guraldy we BMG-niň parahatçylygy saklamak boýunça ilçisi we parahatçylygy saklamak boýunça Nobel baýragynyň eýesi Malala Ýusufzaý, ÝUNISEF-iň hoşniýetli ilçisi we howanyň üýtgemegi boýunça aktiwisti Wanessa Nakate, hem-de adam hukuklarynyň tarapdarlary tarapyndan goldanyldy.

Baş sekretar, Gelejegiň sammitiniň öňsyrasynda bilim ulgamyndaky maksatlary kesgitleýär

Baş sekretaryň sammitde daşdan görüjilik barada eden çykyşy XXI-nji asyrda bilimi özgertmegiň ugurlaryny kesgitleýär. Ol 2024-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynda geçiriljek Gelejegiň sammitine taýýarlyk görmek üçin gepleşiklerde ulanylar.

Bu beýanda, sammitdan soňra global mobilizasiýanyň tagallalarynyň dowam edilmegi we özgerişlikleriň “alawyny ýakýan” agza döwletleriň we hyzmatdaşlaryň gatnaşmagy talap edilýär. "Biz, iň möhüm bolan ýerlerde, synplarda, şeýle hem mugallymlaryň we okuwçylaryň durmuşynda göze görnüp duran hereketlere ünsi jemläp, bilelikde hereket etmelidiris.”

Bilim ulgamyny geljekde meýilleşdirmek we 2030 ýyla çenli durmuşa geçirilmeli DÖM-niň bilim ugrundaky maskatlaryna ýetmek üçin amala aşyrylmaly işler Durnukly Ösüşiň 4-nji maksady boýunça ýokary derejeli Ýolbaşçy komiteti tarapyndan gözegçilik ediler.

Komitet ösüşe gözegçilik etmegi, bilim we tejribe paýlaşmagy, ýaşlary çekmegi, hem-de pudagara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldamagy dowam etdirer.

###

Bilimi özgertmek sammiti boýunça esasy salgylar:

Habarlaşmak üçin (söhbetdeşlik isleg boýunça elýeterlidir)

  • Abdel-Rahman Gandur, Bilimi özgertmek sammitiniň sekretariatynyň jemgyýetçilik we aragatnaşyk işleri bölüminiň ýolbaşçysy, ar.ghandour@unesco.org
  • Lantsi Ksýao, metbugat işleriniň utgaşdyryjysy, Bilimi özgertmek sammitiniň sekretariaty, l.xhao@unesco.org
  • Fransin Harrigan, BMG-niň Global aragatnaşyk bölüminiň Durnukly ösüş bölüminiň ýolbaşçysy, harriganf@un.org

Sosial media

Twitter: @TransformingEdu

LinkedIn: Education2030UN - Bilimi özgertmek

Heşteg: #TransformingEducation

BMG-nyň bu başlangyçlar bilen meşgullanýan agentlikleri

UNESCO
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen guramasy
UNICEF
BMG-niň Çagalar gaznasy

Bu başlangyçlar arkaly biziň goldaýan maksatlarymyz